SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Bilýäňizmi, görüş jedwelini kim oýlap tapdy?

Görejiň ýitiligini lukmanlar ýörite jedweliň üsti bilen barlaýarlar. Muny bilýäris. Ýöne şol jedweli kimiň oýlap tapandygyndan habarymyz barmy? Eger ýok, şol maglumat biziň habarymyzda.

Bilşiňiz ýaly, jedwel dürli ululykdaky belgilerden ― harplardan we bir bölegi üzülýän halkalardan ybarat. Ylmy dilde olara Landolt halkalary diýilýär. Çagalar üçin taýýarlanan jedwellerde dürli suratlaryň ýerleşdiriläýmesi hem bar.

Biler bolsaňyz, ilkinji jedwel 1862-nji ýylda niderlandly oftalmolog G.Snellen tarapyndan oýlanyp tapyldy. Döredilenine tas 160 ýyl bolan hem bolsa, ol uzak wagtyň dowamynda ulanyldy.

Häzirki jedweliň awtory bolsa rus oftalmology Sergeý Seliwanowiç Golowindir. Ol jedweli 1923-nji ýylda işläp taýýarlady. Meşhur lukmana bu işde onuň şägirdi Dmitriý Aleksandrowiç Siwsew hem ýardam berdi.

Bilşiňiz ýaly, jedwelde kril elipbiýiniň 7 harpy bar: Ш, Б, М, Н, К, Ы, И. Jedwel ýönelige bu harplardan ybarat däl. Çünki bu harplary görejiň gowy bolmasa, beýlekisinden tapawutlandyrmak kyn.

Lukmançylykda görüş jedwelleri bilen synaglar 5 metr uzaklykdan geçirilýär. Her bir belgini anyklamak üçin 2-3 sekunt wagt berilýär.

 

Türkmenistanda ýokary derejeli parlamentara forumy geçiriler

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!