SÖHBETDEŞLIK

Berdi Çowdurbaýew – “Durmuşymdaky gymmatlyklar, sabrymyň miwesidir”

Aýdym-saz ynsanyň kalbynda o:t,

zenanlaryň gözlerinde ýaş döretmeli.

                                                                                                            Bethowen

 

Aýdym – sazlar duýgularymyzyň iň açyk dilidir. Köplenç saňa, diňe aýdym – sazlar düşüner. Çünki, bu jadyly gudrat ynsan ruhuny tämizleýär. Aýdymyň ýaňlanýan ýerinde bolsa, hiç hili erbetlik bolmaýar. 

Mähriban okyjylar biz bolsa aýdym-saza ömrüni bagyş eden adamlar bilen söhbetdeşligimizi dowam etmek maksady bilen, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalymyzyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin ýaşlaryň söýgüsini gazanan, zehinli aýdymçymyz Berdi  Çowdurbaýew bilen söhbetdeşlik taýýarlap, size ýetirmegi makul bildik.

 Berdi çakylygymyzy kabul edip, myhman bolanyňyz üçin döredijilik toparymyzyň adyndan sagbolsun aýdýaryn. Söhbedimize öňden gelýän, ýörgünli soragymyz bilen, ýagny sungat älemindäki ilkinji ädimleriňiz dogrusynda söhbedimize  başlasak.

 

Sagboluň! Sungata bolan höwes, zehin maňa ejemden geçipdir. Sebäbi  ejem durmuşa çykmazyndan öň, köp aýdymlary  ýerine ýetiripdir. Ol döwürler diňe radio bolany sebäpli, aýdymlary radioda-da ýaňlanýan ekeni. Ýöne mamam bilen babam ejemiň aýdym aýtmagyny asla goldamandyrlar. Kakam sport ussady bolany üçin ykbalymda ilkinji arzuwlan hünärim futbolçy bolmakdy. Şol wagtlar  aýdymçy bolmak pikiri kellämden hem geçmändi. Meniň özümden uly agalarymyň biri sazanda,  bir hem aýdymçy. Şonuň üçin hem agalarym maňa köp aýdym aýtdyrardylar. Aýdymlary köp diňledigiňçe, ol jadyly dünýäniň içinde ýaşadygyňça seniň hem aýdym aýtmagyňa uly itergi berýän ekeni. Ymykly aýdym aýtmaga bolsa  2004-nji ýylda 22 ýaşymda başladym.

Berdi halk köpçüligi sizi ilki “ABM” toparyňyz bilen tanap başlady. Bu topary döretmek kimiň pikiridi?

Toparymyz heniz döremedik wagtlary, konsertlerde aýdymçylaryň yzynda tans edýärdik. Tans edýän wagtlarymyz toparymyzyň ady hem başgaçady. Şondan soňra 18 ýaşymda öz dostlarym bilen ýörite aýdym toparyny döretdik. Watan goragyna gitmezimden ozal, toparymyz bilen diňe daşary ýurt aýdymlaryny ýerine ýetirýärdik. Watan goragynda wagtym gaty köp aýdymlary taýýarladym we iki ýyldan soňra bolsa,  dostlarym bilen adymyzyň baş harpyny baglanyşdyryp “ABM” toparyny ýola goýduk. Halka ýetiren aýdymlarymyzyň köpüsi bolsa, Watan goragynda ýazan aýdymlarymdy. Toparymyz bolup, “Asman ýyldyzy” ady bilen ilkinji aýdymymyzy şekile geçirip halka ýetirdik. Bu aýdym şowly çykmagy esasynda halk bizi tanap başlady. Ýöne gynansak-da, bize baş bolmandygy sebäpli, toparymyz iki ýyldan artyk işini dowam etmedi. Şeýlelik bilen men ýekelikde aýdymlary işläp başladym. Bir ýyldan soňra bolsa,  Mähri Pirgulyýewa bilen tanyşdym we birnäçe aýdymlary bilelikde ýazyp başladyk.

Berdi şu wagt gürrüňiňizi diňlesem asyl okuwçy wagtyňyz aýdyma onçakly höwesiňiz ýok ekeni. Höwes nämäniň esasynda döredi?

Hawa, okuwçy döwürlerim aýdym aýtmaga höwesim ýok bolsa-da,  aýdym diňlemekden şeýle uly lezzet alýardym. Hat-da hindi flimleriniň hem aýdymlaryny köp diňleýärdim. Çaga döwürlerim ýörite ses ýazýan enjam bardy. Onuň kömegi bilen halan aýdymymyň deňine goşulyp hiňlenerdim we ony ýazga geçirip diňlärdim. Şonda diňe özüm hem däl, maşgalama-da diňlederdim. Olar bolsa maňa süýji sözler bilen öwgi baryny aýdardylar. Söz gaty jadyly zat. Sözüň güýji adama ýiti täsir edýän ekeni. Şol öwgüler mende aýdym aýtmak höwesini oýardy. Aýdym aýtmagyma doganlarymyň hem bu jadyly sungat bilen meşgullanmagy iterdimika diýýärin. Ilkinji aýdymy bolsa topar bilen 2001-2002-nji ýyllarda ýazga geçirdik.

Öňler Berdi diýlende Mähri göz öňüne gelýärdi, Mähri diýlende-de Berdi. Mähri Pirgulyýewa bilen tanyşlygyňyz nähili boldy? Size bilelikde aýdym aýtmagy ilki kim teklip etdi?

Aýdym ýoluna gadam basan günümden, häzirki wagta çenli men aýdymlarymyň ählisini Nikolaý Ýakimow atly kompozitor bilen bilelikde işläp gelýärin.  Nikolaý aslynda “ABM” toparymyza kompozitorlyk edýärdi. Ýöne topardan aýrylanymdan soň hem Nikolaý meniň bilen işlemegini dowam etdi. Kompozitorym bilen täze albomymyň üstünde işläp ýören döwürlerim ses ýazgy edýän studiýamyza iş bilen Mähri Pirgulyýewa  geldi. Ol “Seňki däl” diýen aýdymy ýazga geçiripdi. Şonda Mähriniň aýdym aýtmaga höwesli, zehinlidigini gördüm. Bilelikde aýdymy ýerine ýetirmegimizi bolsa, kompozitorym Nikolaý teklip etdi.  Onuň teklibi esasynda  2007-nji ýylda Mähri bilen “Ömürizaýa” atly ilkinji aýdymymyzy halka ýetirdik. Bu aýdym şeýle bir şowly çykdy, gyzgyn garşy alyndy. Ine şol aýdymdan soňra, her ikinji aýdymy Mähri bilen ýerine ýetirip başladym. “Söýgüň güýji”, “Ýekejäm” ýaly bilelikde işläp, halka ýetiren aýdymlarymyz hem şowly çykdy diýip hasaplaýaryn.

Döredijiligiňizde haýsy aýdymyňyzy has gowy görýärsiňiz we size has meşhurlyk getiren aýdymyňyz haýsy aýdym?

Halka ýetiren aýdymlarymyň içinden “Dostluk” diýen aýdymymy has gowy görýärin. Bu aýdym halkyň söýgüsini gazandy diýsem hem ýalňyş bolmaz. Çünki, internet  köpçüliginde-de köp diňlenilýändigini hem  görse bolar. Hat-da köplenç men dost-ýarlarym bilen gabatlaşsam, şol aýdymyma hiňlenip başlaýarlar. Aýdymyň sözlerini Mergen Täçmyradow atly gullukdaşym ýazyp beripdi. Ilkinji gezek bu aýdymy toparymyz bilen bilelikde ýerine ýetirdik.  Ýöne kän bir meşhur bolmady. Soňra birnäçe wagtdan soň, bu aýdymy täze görnüşde işläp, ýekelikde 2007-nji ýylda  ýerine ýetirdim.  Şeýlelikde, bu aýdym meşhur  boldy.

Bir aýdymy taýýarlap halka ýetirýänçäňiz azyndan näçe wagt gerek bolýar?

Aslynda her aýdym üçin belli bir  kesgitli wagt ýok. Ilki bilen-ä bu zatlar ylhama bagly bolýar, galyberse-de ses ýazgy studiýamyz hem köp wagt alýar. Islendik bir aýdymy ýazga geçirjek bolsaň, şol aýdymyň duýgusyna laýyk duýgyny özüň hem başdan geçirmeli. Şonda aýdym ýürekden çykýar. Şu ýerde bir wakany ýatlap geçesim geldi. Meniň gowy görýän bir gyzym bardy. Bir gün gyzlar bilen gezelenje gitmekçidigini duýdurdy. Ýöne men islemedim, garşy çykdym. Meniň bilen razylaşdy we şol gün ir ýatjakdygyny aýtdy. Şonda näme üçindir ynjalygym bolman, belgisine jaň aýladym. Jaňyma ýatan adamyň äheňinde jogap berdi. Bu ýagdaý şol pursatda birnäçe gezek gaýtalandy. Sungat adamy duýgur bolýar ahyry. Içimde nähilidir bir ynamsyzlyk bardy. Şonda baýramçylygyna elde taýýarlanan, bir güjüjek berenim ýadyma düşdi. Onuň kellesine kakan pursadyňda, güjüklere mahsus ses çykarýardy. Men bolsa onuň hakykatdan hem öýdemi ýa däldigini bilmek maksady bilen şol güýjüjegi seslendirmegi haýyş etdim. Birnäçe wagtdan meniň haýyşymy bitirdi. Ýöne, ýene ynjalygym bolman arassa howada gezelenje çykdym. Tötänden gyzlar bilen bilelikde, öňümden çykdy. Elinde-de sowgat beren güjüjegim bar ekeni. Asyl gezelenje güjüjegi ýany bilen alyp gitse nätjek. Durmuşda men aldanmagy agyr kabul edýärin. Häzir bu wakany gülki bilen ýatlasam hem, şol pursat gaty ruhum peseldi. Ertesi güni bolsa, “Har eden” atly aýdymymy ýazga geçirmelidim. Adatça, aýdym aýdanymda ýalňyşyp säginýän bolsam, bu wakanyň täsiri bilen aýdymy säginmän, aýdymyň öz duýgusy bilen ýerine ýetirdim. Diýjek bolýanym hem, her aýdymyň duýgusyny bermek üçin, şol duýgyny hakykatdan hem özüň ýaşasaň aýdym başgaça bolýan ekeni.

Ilkinji gezek sahna çykanyňyzda nähili duýgulary başdan geçirdiňiz?

Men çaga wagtymdan bäri utanjaň adam. Hat-da, mekdep döwürlerim sapak aýtmaga hem diýseň utanýardym. Ýöne men ilkinji sahnalara ”ABM” toparymyz bilen  bilelikde çykdym. Utanjaňlyk, çekinjeňlik ýaly häsiýetler mende şonda biraz azaldy. Sebäbi tomaşaçynyň gözi diňe maňa garşy gönükmeýärdi. Toparymyzdan çykyp, ýekelikde aýdym aýdyp bilerin diýip pikiri etmedim. Hat-da başararyn diýen düşünje-de ýokdy.  Bilýäňizmi, söz keramat eken. Kompozitorymyň ”sen başararsyň” diýen sözi meni sahna ýekelikde aýdym aýtmagyma getirdi. Sahna bolsa hemişe seni tolgunmak duýgusy bilen garşy alýar. Ýöne ilkinji gezek  sahna çykanymdaky duýgy hakda aýtsam, köpçülikden utanýardym, gorkýardym.

Şol gorky siziň  ýalňyşmagyňyza getirip gördümi?

Bir gezek sahna çykan pursadymda ýerde duran ses güýçlendiriji enjama büdrän wagtym, hat-da ýykylan wagtym hem  boldy.

Nähili  baş alyp çykdyňyz şol pursatlardan?

Bu ýola  ilki tans sungaty bilen gelenim üçin, tans  ýerine ýetirmegiň  tejribelerini özümde kämilleşdirmegim meni şol pursatdan gowy baş alyp çykmaga ýardam berdi. Halk hem şolar ýaly hereket sahnada bolmaly ýaly kabul etdi. Şol pursatda men, “Hiç wagt gorkmaly däldigini, şowly boljagyny we hemişe özüňe ynanmalydygyny” öwrendim. Sebäbi ynanýan her bir zadymyz bize tarap gelýän ekeni. Men çaga  wagtym iki ýaşlarymda, bir zatdan gorkup iki ýyl gürlemekden mahrum galdym. Dört  ýaşlarymda bolsa täzeden dil açyp başladym. Ýöne gürlänimde, häzirlere çenli biraz säginip gürleýärin. Täsin ýeri bolsa, bu häsiýet aýdym aýdanymda, sahna çykanymda ýitýär.

Sungat ýolunda ýatdan çykmajak, häli-häzirlerem ýadyňa biygtyýar düşýän bir wakany ýatlap geçmeli bolsa haýsy wakany ýatlardyňyz?

Bu aýdyp bermekçi wakam, meniň ýadymdan çykmaýar. Döredijilik toparymyz bilen bir aýdymy şekile geçirmek maksady bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gitdik. Deňziň biraz jümmüşinde, adamyň azrak ýerinde aýdymy şekile geçirmek üçin gämä  mündük. Barmaly ýerimize baryp, gäminiň iki sagatdan gelmegini haýyş etdik. Ýazgyny tamamladyk, emma gämi yzymyzdan gelmedi. Köp garaşdyk. Asyl, deňiz joşup, gämileri dolandyrmagy wagtlaýyn togtadypdyrlar ekeni. Wagt hem agşama bardy. Yzymyza ýöräp gaýtmaly bolduk. Şonda geçen ýolumyz, dört sagada barypdyr. Ýer çägesow bolany sebäpli, duýdansyz bir ýylanyň üstünden basypdyryn. Aýagymyň aşagynda bir zat hereket edýär. Seretsem ýylan ekeni.  Meniň hem iň gorkýan zadym ýylan ahyry. Şeýle bir gorkdum, hat-da gorkudan endamym gurady. Bir sagada golaý özüme gelip bilmedim. Bu waka meniň ömürboýy aňymda galdy.

Siziň garaýşyňa görä, aýdym-saz näme?

Aýdym-sazyň özi aňyrsyna çykyp bolmajak uly dünýä. Bu sungatyň içinde ynsany duýgularyň ählisi jemlenen.  Şonuň üçin hem bu sungata imrinmeýän adam ýok bolsa gerek.

Muşdaklaryňyza maşgala durmuşyňyz barada gürrüň berseňiz?

Men maşgalymyzda ýedi çaganyň altynjy perzendi. 2010-njy ýylda bolsa maşgala durmuşymy gurdum. Häzirki wagtda Selimmyrat, Alymmyrat atly ogullarym we Sara atly gyzym bar. Perzentlerimiň atlaryny özüm goýdum. Gelnim Aşgabat gaz müdirliginde zähmet çekýär.

Sungat ýolundan başga kärlerde zähmet çekesiňiz gelýärmi?

Häzirki wagtda meni sungatdan başga özüne çekýän kär ýok. Men ykbalymy aýdyma bagladym. Ýöne, mekdep okuwçysy döwürlerim futbolçy, soňra –da lukman bolmagy arzuw edipdim. Bu isleglerimiň ugrunda  hereket hem etdim. Hat-da 9-njy synpda bilim alýan wagtlarym, baş maksadym futbolçy bolmakdy. Ýöne oýun pursadynda ýykylyp, hemişelik futbol oýnamakdan mahrum boldum. Soňra mende lukman bolmak höwesi döredi. Okuwçy döwürlerim lukmanyň keşbine girip, üçegimizdäki guşlary sanjym edip, oýun edäýmäm hem bardy. Orta mekdebi tamamlap, lukmançylyk ugrundan ýokary okuwa-da synanyşdym, emma synanşyklarym şowsuz tamamlandy. “Her işde haýyr bar” diýilýär. Asyl, meniň ykbalym sungat ýoly ekeni.  Ýöne men kärimden hem, ykbalymdan hem razy. Sebäbi bir oglum sazanda, bir oglum futbolçy. Gyzym hem nesip bolsa lukman bolar. Arzuwlan hünärlerimi perzentlerimde görmegim, meniň üçin uly bagt.

Aýdymçy kärdeşleriňizden esasy kimler bilen ýakyndan işleşýärsiňiz?

Häzirki wagtda sungat ýolunda Röwşen Amanow bilen ýakyndan işleşýärin. Täze aýdymlary işläp, bilelikde ýerine ýetirip halka  ýetirýäris. Röwşen diňe bir kärdeşim bolman, meniň ýakyn dostum diýip hem aýdyp biljek.

Size ylham berýän zat näme?

Durmuşyň özi uly bir ylham. Sebäbi men ylhamy durmuşyň özünden, durmuşdaky pursatlardan alýaryn.

Siziň pikiriňizçe üstünlikli adamlaryň beýleki adamlardan tapawudy näme?

Meniň pikirimçe aýdymy sesiň aýdanok, ýüregiň aýdýar. Aýdymda üstünlik gazanýan adamlar aýdymy ýüregi bilen aýdýan adamlar diýip düşünýän.

Siziň pikiriňizçe adam üçin iň esasy baýlyk näme?

Elbetde, köp adam jan-saglyk diýip biler. Ýöne esasy baýlyk, maşgala we perzent ekeni. Men perzendiň gymmatlydygyna perzentsizlik duýgusyny, iki ýyl başymdan geçirenimde göz ýetirdim. Perzentsiz durmuş boş ekeni. Saglygyň ýerinde bolsun, elbetde. Ýöne, maşgala  doly däl bolsa sende ne işe ne-de ýaşaýşa söýgi galýan ekeni. Perzent adam üçin iň uly bagtdyr.  Şonuň üçin men durmuşymdan müňde bir razy.

Berdi, siz durmuşyň köp synagly ýollary bilen gabatlaşypsyňyz. Durmuş size näme öwretdi?

Sabr durmuşda ynsan üçin iň uly zat ekeni. Ata-babalarymyzyň ýörgünli söze hem bar “sabyr ajy, miwesi süýji”. Bu hakykat ekeni. Sabyrly bolmagy maňa durmuş öwretdi. Durmuşymdaky  ähli gymmatly zatlarym, meniň görkezen sabrymyň miwesi.

Durmuşyňyzda iň ýakyn adam kim?

Meni durmuşda iň ýakyn hasaplaýan adamym gelnim. Ol meniň ýürekdeşim hem ýakyn dostum. Çünki, gelniň bilen sen bir maksada gulluk edýäň. Hemişe we häzirki güne çenli  dogry maslahaty maňa gelnim berdi. Häzirki güne çenli aramyzda bir gezek hem göwnedegişlik bolmady.

Gelniňiz bilen nähili tanyşdyňyz?

Men Lebap welaýatyna iş sapary bilen konserte gitdim. Konsertime tomaşa etmäge gelen bir gyz meniň ünsümi özüne çekdi. Men tanyşlyk açmak isledim. Ýöne meniň teklibimden ýüz döndürdi. Ara birnäçe gezek wagt salyp ýene iki gezek konserte gitdim. Her gezek baranymda ünsümi çeken şol gyza tanyşlyk teklibimi berdim.  Ýöne tanyşlyk teklibini üç gezek hem şol bir gyza aýdanymy özüm bilmeýärdim. Ünsümi özüne çeken, üç gezek hem meniň teklibimden ýüz döndüren nätanyş gyz meniň indi perzentlerimiň enesi bolup, öýümiň törüni bezäp otyr.  Hakykatdan hem “tötänlikde tötänlik ýok” ekeni. Ol gyz meniň ykbalym bolup çykdy.

Ýaşlara maslahatyňyz?

Ýaşlara diňe yhlas etmegi maslahat berýän. Kimdir birine öýkünmeli däl-de diňe özüňiz  bolup ýaşamaly. Çünki, islendik ýerde diňe sen diýip tanasynlar.

Gelejekdäki maksatlaryňyz we arzuwlaryňyz?

Gelejekde esasy maksadymyň biri gyzymy lukmançylyk ýoluna ugrukdyrmak. Galyberse-de Türkmenistan watanymyzda parahatlygyň mukamy, aýdym-sazyň owazy hemişe ýaňlanyp dursun!

Sagboluň! Arzuwlaryňyz hasyl bolsun! Aýdym-saz äleminde-de uly üstünlikler hemra bolsun!

Sagboluň! Işiňiz ileri bolsun!

 

Aýdymçy barada şahsy maglumatlar:

Doglan senesi: 1982-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde doglan.

Okan orta mekdebi: Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebi tamamlan.

Maşgalada: 7 perzent.

Zähmet çekýän ýeri : Nebit-gaz medeni işewürlik merkeziniň aýdymçysy.

Söhbetdeşligi taýýarlan: Miwe Jumadurdyýewa, “Miras” teleýaýlymynyň redaktory.

Jumamuhammet Akgaýew :Tara öwrülen ömür

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda