ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Berdi Aşyrow: gülki — göwün ganaty

Kä wagt «Miras» teleýaýlymynda wäşi artistleriň degişme sahnalardaky çykyşlarynyň arhiw ýazgylary berilýär. Olaryň köpüsi gürrüňdeş bolan artistlerim bolansoň, aýdan degişmeleri, gürrüň beren gülküli pursatlary ýadyma düşüp öz-özüm ýylgyranymy duýman galýan. Türkmenistanyň at gazanan artisti kino hem sahna ussady, Berdi Aşyrow bilenem birnäçe gezek söhbetdeş bolmak miýesser etdi. (Jaýy jennet bolsun!) Zehinli artisti dünýeden gaýdansoňam maşgala ojagyna baryp ýatlama ýazypdym.

Berdi aga gülküli keşpleri döredensoň, durmuşda-da ýüzi ýylgyryp duran şadyýan adamdyr öýdýärdim. Mundan ýigrimi ýyl töweregi öň ilkinji gezek söhbetdeşlik taýýarlamak maksady bilen onuň iş ýerine barypdym. Teatryň girelgesinde garaşyp durdum welin, ol agsabrak ädimläp zaldan ýöräp gelýär eken. Ýüzi şeýlebir agras welin,  birbada pikirimi aýtmaga ýaýdandym. Çekinjeňlik bilen zordan salam berdim. «Gurgunçylykmy, jigim!» diýdi. Sesinden mähribanlyk duýamsoň, biraz rahatlandym. Çalasynlyk bilen:

— Berdi aga! «Edebiýat we sungat» gazeti üçin siziň bilen söhbetdeşlik taýýarlamaga geldim — diýdim. — Hä, şeýlemi, ýör onda — diýip iş otagyna äkitdi. — Sylap geleniňize Taňry ýalkasyn! Aslynda-ha, men bir dymmarak adam. Onsoňam özüm hakda gürrüň bermek agyr düşýär. «Ony eýtdim, muny beýtdim» diýip, öwnüp oturan ýaly. Köplenç, «söhbetdeşlige» diýip gelýärler. Sypaýyçylyk bilen ýüz öwürýän. Sebäbi, halka şol bir zady gaýtalap gürrüň bermäge ynsabym çatanok. Onsoňam birhili häsiýetim bar. Bir açylyp gürläp ugrasam-a, ähli degişmede, gürrüňem ýadyma düşýär. Käwagtam eger-eger, gürläp bilmän otyryn. Ýöne, ynha, ýaňy siz «Edebiýat we sungat» gazeti üçin diýdiňiz welin, «bolýar» diýäýdim. Nämesindendigini bilemok, şu gazet meniň üçin ykbalym bilen bagly ýaly bolup dur. Indem, ynha, näme sorasaň başardygymdan jogap bereýin. Öň telim aýdan gürrüňlerim-ä gaýtalajak däl — diýdi.

Onuň dymyp oturyşyny görüp içimden: «Be-e, keşp janlandyranda-ha göwünleri alaýaz edýär. Şu wagtky ýüzüni göreňde, jaýyň içinde gar ýagyp duran ýaly. Nädip gürledip borka?» diýip, alada etdim. Onuň kino sahnasynda döreden sanardan kän keşpleriniň bardygyny bilsemem bilgeşleýin: «Berdi aga! Siz kinoda-da oýnadyňyzmy?» — diýdim. Ol hezil edip güldi. Soňam: — Wah, gelin, işim-ä sen gördüň. Degişmän-ä saňa düzäýmeli  boldy» diýip, — «Jadyly hünjüde» Aýgülüň kakasynyň keşbini, «Jennet bagy» filminde garakçylaryň ýolbaşçysyny, «Meniň ýaşlygymda» akademigiň keşbini döretdim. «Zäherlenen söýgüde» hem praporşşik bolup oýnadym…— diýip, surata düşen kinolaryndaky janlandyran keşplerini sanap başlady. Şeýdibem, söhbetdeşligimiz öz-özünden gyzyp gitdi.

— Berdi aga! Sizi halka tanatmagyň-a zerurlygy ýok, ula-kiçä belli artist. Hasam gülküli keşpleriňiz bilen tanalýaňyz. Özümden döredemok. Mekdepde okaýan çagalaryň arasynda degişgen, garagolragy bolýar-da. Ulurak synpda okaýan bir oglan partadaş gyzyna degsinjiräp goýanokmyş. O gyzam:

— Ýoldaş mugallym, men şunuň bilen bir partada oturjak däl — diýip, mugallyma arz edýär. Mugallymam:

— Pylanyýew, geç tagta! Näme düzüw oturyp bileňokmy? — diýip käýinse, oglan tagtada duran ýerinden: — Ýoldaş mugallym! Meniň käýinmämem bolmaz, şarpyk çalmamam. Gaharym gelse ça-a-a-laja çümmükläýmäm bar — diýip, hol pylanyň ogly Emenek aganyň agzyna öýkünýär — diýşip, siziň «Görogly» sahna oýnundaky döreden Sapar köse aganyň keşbini ýatlaýarlar. Sahna çykanyňyzda, içki dünýäňizdäki ähli gülki daş keşbiňize çykýan ýaly — diýdim.

— Ýeke sen däl. Welaýatlarymyza çykyş etmäge gitsek, baran ýerimizde «Berdi Aşyrow» diýlenden, ýerimden turup entek gürlemänkäm «wakyr» bolup gülýärler. Onsoň käýarym öz ýanymdan: «Be, Ýagşy Akynyňky ýaly, özümden öňünçä görnüp duran burnumam-a ýok meniň — diýýän» diýip gülmän gürrüň berip otyr. Şeýlebir gülkünç edip gürrüň berýär welin, ýylgyrman durup bolanok. Ýanynda Ýagşy aganyň özem bardy. Bir-birine degşip aýdýan sözlerinden lezzet alyp oturyşlaryna haýran galdym. Berdi aga, arçyn saýlanjak bolup oýnan owadan keşbiňiz bar. Gülmez ýaly däl. Ýöne başga-da bir keşbiňiz ýadyma düşdi. «Akpamyk» kinosyndaky «Pökgüje garnymy doýrup bilmejek bolsaň, kyrk tylla berip, nämä satyn aldyň?» — diýip, döreden ogrynyň keşbi. Şo keşbiňizi şeýle bir ýigrendim — diýdim. — Diýmek, ýigrendirip bilen bolsam, keşp azda-kände ýerine düşendir. Keşp ýigrenji, ogry-kezzabyň keşbi-dä. Aslynda, islendik gülküli keşbiň, tragik tarapyny göz öňünde tutup oýnalanda, tomaşaçy gowy kabul edýär. Bu keşp halk ertekisi esasynda goýlan. Çagalar üçin ýaly. Ýöne ula-da täsirli. Türkmende «Ýalançy ýaýnamaz, ogry baýamaz» diýlen nakyl bar. Biziň maksadymyz keşbiň üsti bilen şeýle ýaramaz häsiýetlere ýigrenç döretmek. Ýaşlaryň terbiýeli bolmagyna täsir etmek.

— Söhbetdeşlige gaýtmazymyzdan öň iki-üç sany öý hojalykçy aýaldan: «Berdi Aşyrow» diýlende, haýsy keşbi ýadyňyza düşýär?» diýip soradym. Olaryň biri: «Ezizim, goý, eliňdäki kartoşkalary. Her biri kädi ýaly. Beýle agyr ýük göterme. Öňem reňkiň-petiň galmandyr. Gün-günden saralyp-solup barýaň» diýip, kärdeşiňiz Orazgül Apbasowa bilen oýnan degişme sahnaňyzy ýatlady. Garaz, her tomaşaçynyň aňynda bir keşbiňiz galypdyr — diýip sowal yzyna sowal tirkedim.

— Aý, ol sahnalar durmuşy, halka ýakyn-da. Onsoň olar ýatda galandyr. «Adamda näme göwün bar?» diýen gysgajyk sahna maşgalanyň gündelik durmuşyndan dörän eser. Şeýle göreňde, diňe bir gülküli sahna. Emma aňyrsynda maşgalanyň gaty uly meselesi ýatyr. Düşünişmek, bir-birege bolan geçirimlilik, agzybirligiň berkligi üçin zerur zat. Ine, şu zatlaram degişmäniň üsti bilen tomaşaça düşündirilýär. «Haýsy maşgala agzybir bolsa, şol maşgala döwletlidir. Haýsy oba agzybir bolsa, halky bagtyýardyr» diýen ýazgyny okapdym. Ine, görýäňmi, artistiňem, ýazyjy-şahyryňam, ähli döredijilik işgärleriniň maksady — ýagşyny ýaýyp, ýamany düzetmek. Başardygymdan halkymyza hyzmat edýäs. Il-günem, Döwletimizem sylaýar. Begenjimiň çägi ýok. Adam şatlanan pursatam, gamlanan pursatam bir-birege duýgudaşlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolamda, şahyr Atajan Annaberdiýew maňa bagyşlap goşgy ýazdy. Şu wagt goşgyny doly ýatdan aýdyp biljek däl. Ýöne şeýleräk manysy bar. Men baýrakly, gujagym gülli sahnada durun. Daş-töweregim el çarpyşmalar bilen garşylanýan. Hem tolgunyp, hem ýylgyryp, aglady-gülli bolup durun. Hemme kişiniň ýüzi şatlykdan doly. Şol wagtam aýalym telewizoryň öňünde tomaşa edip oturan. Şo pursaty «Aglap otyr Berdi Aşyryň aýaly» diýip, şahyr şeýle bir şygra salyp suratlandyrypdyr welin, ýüregim birhili bolup gitdi. Sebäbi, adam şatlanan pursatam aglaýan eken. Şu duýgudaşlyk hiç wagtam ýadymdan çykar öýdemok — diýip, Atajan aga hoşallygyny mälim edipdi.

Ine-de, bir gün bäş-on ýyllykda «Miras»  teleýaýlymynyň Türkmenistanyň halk artisti Ýelizaweta Garaýewa hakda taýýarlanýan ýatlama gepleşiginde çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatryna barypdym. Çykyş edip boldum welin, Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Abbasowada ýazga geldi. Ol haşlap, birneme ýarawsyzrak eken, emma şol öňki wäşiligi. Degişme sahnalarda gülküli keşpleri döredensoň, tomaşaçylar onuň bilen  mydama degşip, gülşesleri gelýär. Operator ýigit:

—Ýalpyl gelneje, sizi görenimden Emenek aga ýadyma düşdi — diýip Berdi Aşyrowy ýatlady. Orazgül eje az kem demini dürsäp: — Agzym guraýar, demim gysýär, ýogsa hezil edip degişjek. Wah, Emenejigim bilen bütin ömrüme är-aýalyň keşbini  janlandyrdym. Käte tomaşaçylar: — Orazgül eje, siz  hakykatdan hem Emenek aganyň aýalymy? — diýip sowal berýärler. Menem ýok, Emenegiň aýaly Ýalpyl gelneje, Berdi Aşyryň aýaly Gözel gelneje, Orazgül gelnejeňiziň bolsa başy boş 75 ýaşady. Nesip bolsa, gowy özüme düşünişjek biri duşsa toý tutmakçy diýýän — diýip jak-jak güldi. Soňra-da: — Hemmeler maňa Berdiniň hakyky aýalydyr öýdýärler. Ýöne özümem Emenek dünýeden ötdi welin, hakyky ýanýoldaşymy ýitiren ýaly boldum. Sahnada partnýoryň duşmagy hem uly bagt. Käte wagt tapsam öýlerine barýan welin, Gözel: «Orazgül öýmüze köpräk gelsene, sen gelseňem özümi Berdi bar ýaly duýýan» diýýär — diýip gürrüň berdi. Şonda   Orazgül ejeden Gözel gelnejäniň el telefon belgisini aldym. Jaňlaşyp, öý salgylaryny alybam ýola düşdüm. Ýolboýy Berdi aga bilen bagly ýatlamalar hakydamda aýlandy. Onuň bilen iş ýeri bolan Baş drama teatrda ýüzbe-ýüz oturyp söhbetdeşlik  taýýarlan pursatlarymy ýatladym. Bir gün artist Allaberdi Meläýew hakynda makala ýazmak üçin kärdeşi hem dosty bolansoň Berdi Aşyrowyň iş ýerine bardym. Şonda ol:

— Allaberdi Meläýew bilen tanyşlygymyz 1968-nji ýyldan bäri. Şol wagt Ýaş tomaşaçylar teatrynda işleýärdim. Ol bolsa teleýaýlymda işleýärdi. Ilkinji gezek meni gözläp, tapyp, teleýaýlymda çykyş etdirdi. Sungat, döredijilik meýdany — dostluk-doganlyk meýdany. Sungat bilen başlanan tanyşlygymyz, dostluga-doganlyga öwrüldi. Maşgalamyz bilen saçakly gatnaşyga çenli ýetdi. Çaksyz ýumşak, dostluga wepaly. Onuň ýaly başga biri Allaberdi bolup bilmez. Adamlar sary gawuny nähili öwýärler. Allaberdi sary gawun ýaly adam.  Adamkärçilik babatda nähili öwgüli söz bar bolsa, ählisini gysganman aýdyp biljek. Ýöne ýetmez tarapynam gizläp biljek däl. «Men ulagly, ol pyýada» diýip aýdamok. Içýakgyç, äwmezek, myýky häsiýeti bar. Bir ýere ýolagçy bolsam, ýarym sagat öňünden: «Sagat pylança barýan. Geýnip, taýýar bol-da, pylan ýerde garaş!» diýip, jaň edýän. Äwmezekdigine belet  bolamsoň, diýen wagtymdan bir sagat geçirip barsamam, Allaberdi ýokdur. Onsoň ýene esli garaşyp, çagalaryndan sorarsyň welin, «häzir kakam sakalyny aljak bolup dur» diýer.

Döredijilik babatda aýtsam, ol zehinli, öz işine ezber, ussat režissýor. Dramaturg, pýessada ýazardy. Öz düşünjäme görä, güýçli satirik. Käbir degişmelerine näçe günden soň düşünip galýan. Meniň şu ýaşyma çenli oýnan sahnalarymyň köpüsi Allaberdiniň döreden eserleri.

Allaberdiniň kellesinden çiş döräp Moskwada operasiýa etdirdi. «Oýun edibem kellesine kakaýmasynlar» diýip, näçe wagtlap kellesini gorap gezdim. Bilmedim, saglygyndandyr. Teleýaýlymdan gitdi, entek onuň etmeli işi gaty kän. Onda-da hut şu döwürde. Tüýs teleýaýlym üçin dörän adam.

Bir gün Marydan gelýäs. Ýolda Tejene sowuldyk. Ol ýerde Mälik Ataýew diýen tehnikumda bile okan dost oglanymyz bardy. Ulagymy gapylarynda sakladym-da:

— Mälik jan! Öýe gir-de, ulurak haltaň bolsa alyp gel! Maşynyň yzynda bir jyrryk ýatyr — diýdim. Olam: «Berdi akga! Azara galmaly däl ekeniň. Çagajyklaryňyza äkidiň. Şolar iýsin. Size iýmäge bärde-de zat gyt däl» diýýär. Menem ýene-de: «Ýok-how, diýlen bilen bolsana, bolmanam ählisini al» diýemog-a. Birazrak al-da, derrew ownugrak dograp, şar-şur et diýýän» diýdim welin, «Bolýar onda» diýip, ylgap öýe girdi. Eline boş halta alyp geldi. Maşynyň goşgoýgujyny açdy, zat ýok. Menem: «Hon-ha yzky oturgyjyň üstünde ýatyr-a» diýenimden, gülüp-gülüp hezil etdi. «Allaberdi akga oýanawer-ow, ýogsa, Berdi akga sizi şar-şur etjek» diýip oýardy.

Allaberdiniň ulaga mündügi uklamak häsiýetidir. Gönümel, öz görşi boýunça, «aga-ak, gara-gara» diýip bilýär. Döredijilikde ýetmezçiligiňi gypynç etmän, köpüň içinde aýdar. Ol gaharjaň däldir. Toý-tomgy et, ýarawsyzlygy bolsa-da, güýjüniň ýeten hyzmatyny aýamaz — diýip gürrüň beripdi. Pahyrlaň ikisem aýatda ýok, imanlary hemra bolsun!

Berdi aga bilen söhbetdeşlige baranymda hemişe iş ýerine barardym. Maşgala ojagyna welin, Berdi aga dünýeden gaýdansoň ilkinji gezek  barşymdy. Gapydan girenimden serenjam berip, öý goşlarynyň ýerbe-ýer goýluşy bada-bat ünsümi çekdi. Saglyk-amanlykdan soň mürähet edilen otaga geçdim. Otagyň diwaryndaky uly şkafyň tekjesinde Berdi aganyň suraty söýelgi  dur.  Suratyň bir gapdalynda onuň Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi bolandaky şahadatnamasy, üstünde altyn zynjyry bilen beýleki tarapynda «Türkmenistanyň at gazanan artisti»  diýen sylagynyň  şahadatnamasydyr medaly geýdirilip goýlupdyr. Şol pursat  halk üçin bitirilen hyzmatlaryň ömürlere ömür  goşmakdygyna gaýtadan göz ýetirdim. Berdi aganyň  teatrdyr  kinoda  döreden keşpleri, teleýaýlymlarda berilýän gysgajyk degişme sahnalardaky gülküli keşpleri göz öňümde janlandy. Keşplerdäki her bir aýdan sözleri aýdym ýaly gulagymda ýaňlandy. Gülkünç hereketleri göz öňüme gelip ýylgyrdym.

— Gözel gelneje meniň sowal bererime garaşyp durman gürrüňe başlady.

— Men Berdi bilen kursdaş hem kärdeş. Ikimiz bile Gara Seýitliýew adyndaky  medeni aň-bilim tehnikumda okadyk. Berdi 1942-nji ýylda, men 1950-nji ýylda doglan. Halaşyp durmuş gurduk. 1969-njy ýylda uluja oglumyz doguldy. Soň gyzymyz, ondan soňra ekiz çagamyz Mähri bilen Wepa boldy. Häzir çagalarymyzyň ählisi dürli ugurlardan ýokary bilim alyp, öýli-işikli boldular. Sekiz agtygymyz bar. Ownuk çagalarym bilen eklenç ýagdaýym sebäpli häli-şindi döredijilik saparlara gitmäge mümkinçiligim bolman öz ugrumdan işläp bilmedim. Gaýynlarym goldar diýer ýaly  hem Berdi-de ne ene-ata, ne-de dogan bardy. Kynçylykly durmuş bilen ýeke ösendi — diýip gürrüň berdi. — Berdi aga  şeýlekin göreniňde ýüzi agras adamdy. Emma  hemmeler ony ýatlanda, hökman gülki bilen ýatlaýarlar. Berdi aganyň  öýde  häsiýeti nähilidi?— diýip sowal berdim. — Gahary gelende tüweleý ýaly dabyr-dubur ederdi, ýöne  az salymdan  ýene öňküsi ýaly hiç kimden kine saklamazdy. Geçirimlidi. Berdiniň esasy bir gowy tarapy-da  nahara ökdedi. Palaw, çekdirme, hatda manty, böregem köplenç özi bişirerdi. Gowurdagy göwy görerdi. Mal soýulsa gowurdak gowurardy. Men bolsa  öýmüziň golaýyndaky  döwlet dükanyň satyjysy bolup işleýärdim. Günuzyn işde bolup, agşam öýe ýygnanardyk. O wagtlar kir  maşyn ýok bolansoň, men-ä gijäň bir wagtyna çenli elde kir ýuwýardym, ütük edýärdim. Berdem ertirki iýiljek  naharyň aladasy bilendi. Arkalaşmasak bolanokdy» diýip, Gözel gelneje gürrüň berip oturşyna başyny ýaýkap eslije dymdy.  Soňra  bolsa ýene-de gürrüňini dowam  etdi. Hormatly Prezidentimiz ähli öten-geçen sungat adamlaryny tirsegine galdyrdy. Olary teleradio ýaýlymlarda, gazet-žurnallarda ýatlamaga mümkinçilik döretdi. Mähriban Prezidentimiziň ömri uzak, işleri rowaç bolsun! Ynha, şu  suratdaky artistleriň ählisi öýümize gelen adamlar, sahna taýýarlyk görerdiler. Ýazyjy-şahyrlar, aýdymçydyr bagşy-sazandalar, artistler, režissýorlar, öýümiziň märekesi ýetikdi. Ylgap-ylgap çaý-suwlaryna serederdim. Ýöne şolaryň hemmesi häzir dünýeden öten. Poşalak aga (Gurbannazar Atakgaýew) Annamyrat Myradow, Ata Moşşyýew (Köşüli aga), Nurmyrat Annamyradow, Allaberdi Meläýew, Oraz  Hojaýew… Häzir Orazgül Abbasowalar hem-de Allaberdi Meläýewleriň maşgalasy bilen  saçakly gatnaşýarys. Berdiniň belli günleri bolsa kärdeşleri bilen Orazgül gelýärde: «Gözel jan, iki bolup hyzmat etdigem welin, Berdi ikimizem taşlap gidiberdi-dä» diýip degişýär welin, käbirleri «Gözel gelneje Emenek agany Ýalpyl gelnejeden  gabanaňokmy?» diýip soraýarlar. Olar artist ahyry diýýän.

Berdi Marydan  sapardan gelende altyndan ýukajyk nika ýüzük getirip:

— Gözel jan ýetimlik bilen şu çaka çenli saňa nika ýüzük dakmaga-da ýagdaýym bolmady, giç bolsa-da boş çykma — diýip barmagyma dakdy. Häzirem  bar. Soň bolsa bäsleşikde ýeňiji bolanda altyn zynjyry getirip boýnuma dakypdy. Göwnüňde bolany bilen ýagdaýyň bolmasa  bolanokda. Men oňa düşünýän ahyryn — diýip Gözel gelneje baş atyp öz sözüni makullady. Soňrada gülüp: — Ýöne  men ol  zynjyry boýnuma dakyp kän gidip bilemok. Näme iş bitirip aldyň?  — diýip her kim soraýar. Onsoň «Men Emenegiň aýaly, adamyma berildi» diýýän welinem, Berdi hakda sorag baryny  berýärler. Her kime düşündirjek  bolup,  agzym  ýadap gidýär. Iň bärkisi bazardan goş ýükläp taksili gelsemem, öýümiň deňine  gelseler, «Şu ýerde Emenek agalaram ýaşaýar gerek?» diýip soraýarlar. Hawa,  men Emenegiň  aýaly» diýsem, sorag berip başlaýarlar. Ol bir degişgen adamdy-da. Sahnada-da oýun oýnanokdy, öz bolşudy.

— Berdi aganyň  döredýän  keşplerine pikiriňizi aýdýardyňyzmy?— diýip soradym. — Hawa. Ol sahna taýýarlyk görende, garşydaşynyň aýtmaly sözlerini men aýdyp, bile taýýarlanýan wagtlarymyz köpdi. Haçanda tomaşaçylara ýetirenden soň hem keşp ýerine düşüp, düşmänini menden sorardy. Aňsat bellik aýdamokdym. Sebäbi ol keşbi ynandyryjy oýnap bilýardi.

Gözel gelneje bilen söhbetdeşligimiz uzak dowam etdi. Ahyrsoňy hoşlaşmazymdan öň yzyna hökman gaýtaryp getirjekdigimi söz berip Gözel gelnejeden Berdi aganyň 60 ýaş toýunyň wideoýazgysyny alyp gaýtdym. Ol ýazgy kän zatlar hakda oýlandyrdy. Onda artist Allaberdi Meläýew Berdi agany mähir bilen gujaklap, elindäki sowgatlaryny gowşurýar. «Ussa Hajy, Soltan  serhoş, Emenek!» Üçiňiziňem ýaşyňyz uzak  bolsun, ýene bir 60 ýaş berýän, şo ýaşy ýaşaňyzsoň galanyny  görübiris» diýip Berdi aganyň şowly çykan keşplerini ýatlady. Soňra-da: «Dost diýlende Berdi  ýadyma düşýär. Köp tirkeşdim. Köpler ony daşyndan tanaýar. Men ony içinden tanaýan. Ýene bir zat Berdi çöregini gury iýjek adam däl. Iň  bolmanda çöregini suwa batyryp iýýär». Wideoýazgylarda şygyr bilenem, aýdym bilenem gutlaglar, degişmeler kän. «Diýmek, Emenegiň — Berdi aganyň ömri bu şekillerde esasan hem adamlaryň, onuň döredijiliginiň muşdaklarynyň hakydasynda dowam edýär» diýen netijä geldim. Berdi agalaň öýünden gelemsoň, Orazgül Abbasowa jaň edip: «Orazgül eje, sag boluň, mazaly öý salgysyny berdiňiz welin, Berdi aganyň aýaly bilen gürrüňdeş bolup geldim — diýdim. Ol: — Bolaýypdyr, Emenejigimi tirsegine galdyrypsyňyz» diýip jak-jak güldi-de: — Berdi Aşyrow bilen 40 ýyl töweregi är-aýalyň keşbini janlandyrdym. Baýramçylyk güni bolsa sahnada keşp janlandyranda, burnuna salyp hüňürdeýşi ýaly, «Baýramçylygyň gutly bolsun-how» diýip, ýüzüni galdyrman gutlardy. Köplenç tomaşaçylar: «Ýalpyl gelneje, Emenek aga size 8-nji mart baýramynda näme sowgat edýär?» diýip soraýarlar. «Emenek, sen maňa iňňebagjyk sowgat etseňem et, men senden sowgat diýip dakynaryn» diýip degşerdim» diýip ýatlady.

Akgül Saparowa.

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri