SIZDEN GELENLER

Bedewler – milli buýsanjymyz

Ahalteke bedewlerine halkara derejede aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde dünýäniň dürli künjeklerinde, şol sanda Hytaýda, ABŞ-da, Fransiýada, Germaniýada, Italiýada, Arap ýurtlarynda we başga-da birnäçe döwletlerde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, olary ylmy esasda öwrenmek hem-de ýaryşlara taýýarlamak bilen meşgullanýan atçylyk assosiasiýalary, guramalar, kompaniýalar hereket edýär.

Şu günler ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli köp sanly çäreler geçirilýär. Olaryň biri hem konkur bäsleşigi boldy.

Konkur atçylyk sportunyň iň gyzykly görnüşleriniň biridir. Mälim bolşy ýaly, konkur ilkinji gezek 1869-njy ýylda Angliýada geçirilipdir. Ýeri gelende aýtsak, päsgelçiliklerden bökmek boýunça konkur ýaryşy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek onuň maksatnamasyna girizildi hem-de 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Aşgabat Aziadasynda sportuň bu görnüşinde ilkinji ýaryşlar guraldy.

Ýurdumyzda atçylyk sportunyň ösdürilmegi, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagy we paýhasly pederlerimiziň yhlasyndan kemal tapan ajaýyp atlaryň halkara abraýynyň belende galmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu bolsa özüniň oňyn netijesini berýär. Konkur ýaryşlaryny geçirmek üçin döredilýän şertleriň, mümkinçilikleriň dünýä ülňülerine doly laýyk gelmegi bäsleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny we olaryň gyzykly geçmegini şertlendirýär.

Bedewler halkymyzyň genji-baýlygy, göz-guwanjy, köňül buýsanjy. Ahalteke bedewleri özüniň owadanlygy, diýseň saýhally gylyk-häsiýetliligi we düşbüligi bilen tutuş dünýäde tanalýar. Mähriban halkymyz mukaddeslik derejesine ýetiren bedewlerini edil gyz-gelinlerini ajaýyp şaý-sepler bilen bezeýişleri ýaly, altyn-kümüş esbaplar bilen bezäp-besleýär. Toýlaryň ýaraşygy bolan çapuw atlaryna gyz-gelinlerimize niýetlenen nusgawy bezeg-şaýlarymyzyň esasynda uýan, alagaýyş, göwüsbent ýaly zynatlar ýasalýar. Meşhur zergärlerimiziň bu ýörelgesi, görüm-göreldesi häzirki zamanabap zergärçilik sungatynda giňden dowam etdirilýär. Nakyllardyr atalar sözlerinde bedew bilen bagly paýhasly pikirleriň we jümleleriň köplügi halkymyzyň atyna goýýan belent sarpasyndan nyşan. Behişdi bedewlerimiz hakynda «Ertir turda ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «At agynan ýerinde toý bolar», «At dosty — ata dosty», «Atyň barka ýol gazan, ataň barka dost gazan», «At basyşyndan belli, är — bakyşyndan», «At çapmaz, bagt çapar», «Aty baryň, ganaty bar» ýaly ençeme nakyllary döreden halkymyz atlaryny türkmen ýigitleriniň ýow gününde ýoldaşy, toý gününde ýakyn syrdaşy hasaplapdyr.

Türkmeniň aty onuň ykbaly bilen pugta baglydyr. Dürli döwürlerde göçüp-gonmaga, agyr ýörişlere gitmäge, menzil-menzil ýol sökmäge mejbur bolan halkyň durmuşynda guş deý ganatly, ýelmaýa deý ýüwrük, gyz deý gylykly, dost deý wepaly, düýe deý çydamly, adam deý duýgur, sähra deý owadan atyň ýoldaş bolmagy onuň ýaşaýşynyň tebigatyndan gelip çykýar. Adam durmuşda öz ykbalyny azda-kände ýeňletjek, onuň durmuşyna daýanç, ýagyşda-garda, epgekde-yssyda, toý-baýramda hemdem boljak wepaly ýoldaş gözläpdir. Türkmen şeýle ýoldaşy at hasaplapdyr. Kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan, bir menzillik ýoly çaý içim salymda geçýän bedewler halkymyzyň gije-gündiz aýrylmaz hemdemine öwrülipdir. Türkmen atyny ýekeje pursat hem gözden salmandyr. Atyny suw ýerine şeker-şerbet, ot ýerine bal, ýumurtga berip bakypdyr, gözüniň görejine, başynyň täjine, döwletiniň başyna deňäpdir.

Kerem Durdymyradow, TOHU-nyñ talyby.

 

AÅŸgabat – bagy-bossan

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri