SIZDEN GELENLER

Basketbol oýnunyň döreýşi

Basketbol oýny – 1891-nji ýylda oýlanyp tapylan sportuň deňeşdirerlikli täze görnüşi bolupdyr. “Basketbol” sözi iňlis dilinde “basket”-sebet, “ball”-top diýmegi aňladypdyr. Häzirki wagtda  bolsa bu oýun Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda sportuň iň meşhur görnüşleriniň birine öwrüldi. 1891-nji ýylyň dekabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Massaçusets ştatynyň Springfild şäherindäki has soňrak bolsa kolleje öwrülen türgenleşik mekdebiniň mugallymy Kanadaly Jeýms Neýsmit basketbol oýnuny oýlap tapyp, ony şeýle häsiýetlendirýär: “Basketboly oýnamak aňsat, ýöne oňat oýnamak kyn”.  1911-nji ýylda Springfild kolleji Jeýms Neýsmitiň bitiren hyzmatlary üçin oňa “Bedenterbiýäniň ussady” diýen hormatly derejäni berýär. 1968-nji ýylda bolsa kollejde “Basketbolyň şöhraty” atly Jeýms Neýsmit muzeýi açylýar.

Gimnastiki toparda 18 adamyň bolandygy sebäpli Neýsmit olary 9 adamdan ybarat bolan 2 topary düzýär. Oýunçy sanynyň köplügi meýdançada artykmaçlyk äheňini döredýändigi üçin oýunçy sany ilki 7-ä, soňra bolsa 5 oýunça çenli azaldylýar. 1891-nji ýylda Neýsmit täze oýnuň düzgünlerini döredipdir we basketbol boýunça ilkinji bäsleşigi geçiripdir. 1892-nji ýylda 13 bölekden durýan “Basketbol oýnunyň düzgüni” atly kitabyny çap edýär, olaryň aglabasy ol ýa-da beýleki görnüşde häzirki günde hem öz täsirini ýitirmeýär.  Ilkinji ýaryşlar geçirilenden soňra bu düzgünlere üýtgeşmeler girizilýär. Onuň üýtgedilmeginiň sebäpleriniň biri-de 1895-nji ýylda galkanlaryň girizilmegidir, olara sebetler berkidilipdir. Galkanlar sebetleriň özboluşly goraglary bolup durýar. Basketbolyň soňraky ösüşleri oýnuň düzgüniniň, enjamlarynyň, abzallarynyň hem-de oýunçylaryň eşikleriniň üýtgemegine getiripdir.  1893-nji ýylda ilkinji gezek torly demir halka peýda bolupdyr. 1894-nji ýylda basketbol topunyň ölçegi 30-32 dýuýma çenli ulaldylypdyr we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda oýnuň ilkinji resmi düzgüni neşir edilip, şol boýunça toparlaryň arasynda ýaryşlar geçirilip başlanýar. Oýnuň ýaýbaňlanmagy bilen bir wagtda onuň taktikasynyň we tehnikasynyň kemala gelşi hem dowam edipdir. Topy gapmak, geçirmek, alyp barmak we topy halka atmak ýaly tehniki emeller ýüze çykypdyr. Emma tehnikada depginlik bolmandyr. Top geçirmeleri we zyňyşlar iki elde duran ýeriňde ýerine ýetirilipdir.  Taktikada bolsa toparlaryň agzalarynyň oýundaky wezipeleriniň kesgitlenilişi we olaryň hüjümçilere we goragçylara bölünişi bolup geçýär. Hut şol ýyllarda-da basketbol ýuwaş-ýuwaşdan Ýewropa we Günorta Amerika döwletlerine hem giňden ýaýrap başlaýar.

1919-njy ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Italiýanyň we Fransiýanyň harby gullukçy toparlarynyň arasynda ilkinji Halkara basketbol ýaryşy geçirilýär. 1932-nji ýylyň 18-nji iýunynda Halkara basketbol federasiýasynyň döredilmegi bu oýnuň taryhynda uly şanly waka bolýar. Ol gysgaça FIBA diýip atlandyrylýar. 8 döwletiň – Argentinanyň, Gresiýanyň, Italiýanyň, Latwiýanyň, Portugaliýanyň, Rumyniýanyň, Şweýsariýanyň hem-de öňki Çehoslowakiýanyň milli basketbol federasiýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy bilen ilkinji Halkara maslahaty geçirilýär. Halkara basketbol federasiýasyny döretmeklige we ýeke täk düzgünnamanyň kabul edilmegine hem ses berýärler.

 

Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

 

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi: Halkara uçuşlar barada

 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – sagdynlygyň şäheri

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys