SIZDEN GELENLER

Bank ulgamynyň döwrebap ösüşleri

Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly ösüşler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, ata Watanymyzyň kuwwatynyň barha berkeýändigi buýsandyrýan ýagdaýdyr.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň her bir başlangyjyny, tutumyny halkymyzyň giňden goldaýandygyna we özgertmelere gatnaşmakda ýokary işjeňlik görkezýändigine biz durmuşa geçirilýän beýik işlerde aýdyň göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleri ýurdumyzda ähli işleriň diňe halkyň bähbidine gönükdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi bank ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr. Şol sebäpli hem ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bank ulgamyny sanlylaşdyrmak we sanly hyzmatlary ornaşdyrmak işleri ýokary derejede alnyp barylýar.  Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde söwda, maliýe, bank ulgamlaryna we döwlet dolandyryşyna ilkinji orun degişli bolup, olar çalt uýgunlaşýarlar we aýdyň netije berýärler. Sanly tehnologiýalar arkaly hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili ýokarlanýar we harajatlaryň hem-de sarp edilýän gymmatly wagtyň tygşytlanmagyna esaslanýan hyzmatlaryň täze döwrebap görnüşleri emele gelýär.

Dünýä tejribesiniň giň mümkinçilikleriniň öwrenilmegi we önümçilige ornaşdyrylmagy arkaly bank hyzmatlarynyň ençemesiniň ilata hödürlenilmeginiň, nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň has-da giňeldilmeginiň hasabyna ýola goýlan pul dolanyşygynyň netijeliligi ösüşleriň berk binýady bolup hyzmat edýär.  Munuň özi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen innowasion ösüşini üpjün etmekde hem möhüm ähmiýete eýedir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet  maksatnamasyna» we oýlanyşykly pul-karz syýasatyna laýyklykda, milli pulumyzyň hümmetini durnukly derejede saklamak, ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlaryny karzlaşdyrmak boýunça  işler giň gerimde dowam etdirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bank ulgamynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Döwrüň talaplaryndan ugur alýan işleriň netijesinde dünýä banklary bilen hyzmatdaşlyk pugtalanýar, milli bank ulgamy hil taýdan halkara derejä çykarylýar, öňdebaryjy usullar, innowasion tehnologiýalar bank işine giňden ornaşdyrylýar, ilata bank hyzmatlarynyň döwrebap görnüşleri hödürlenýär. Munuň özi döwlet tarapyndan bank ulgamyny ähli taraplaýyn ösdürmäge aýratyn üns berilýändiginiň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça netijeli işler dowam etdirilýär. Döwrüň talaplary esasynda bank hyzmatlary hem kämilleşdirilýär. Hasaplaşyklary, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak, howpsuz, tölegleri çalt geçirýän galtaşyksyz tehnologiýalary ulanýan döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen, elektron tölegler ulgamynyň gerimi giňeldilýär. Ulgama sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly has köp zähmeti talap edýän işler awtomatlaşdyrylyp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligi artdyrylýar, edilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär, netijeliligi, hili gowulandyrylýar. Şeýle hem milli manadymyzyň ykdysadyýetde dolanyşygy kämilleşýär, tiz pul dolanyşygynyň bolmagy esasynda ykdysadyýetde täze önümçilikleriň sany artýar. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejeleri hem yzygiderli kämilleşdirilýär.

Mähri Annanepesowa,

Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hühär okuw mekdebiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri