SIZDEN GELENLER

Balykçylyk pudagy barada…

Balykçylyk pudagy azyk senagatynyň bir pudagydyr. Esasy wezipe balyk we beýleki deňiz önümlerini tutmakdan (balyk tutmak we balyk ösdürip ýetişdirmek) we gaýtadan işlemekden ybaratdyr.

Senagat hökmünde balykçylyk XVII asyrda döräpdir. Bu senagatyň ähmiýeti ýa-da täjirçilik maksady balyk ýa-da beýleki deňiz önümlerini adamlaryň sarp etmegi üçin üpjün etmekden ybarat bolup durýar.  Ösýän ýurtlarda 500 milliondan gowrak adam eklenç üçin balykçylyga we suw hojalygyna gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn baglydyr. Hytaý, Indoneziýa we Hindistan ýaly ýurtlar balyk tutmakda öňdeligi eýeleýärler.

Ba­lyk tut­mak adam­la­ryň yk­dy­sa­dy iş­jeň­li­gi­niň iň ga­dy­my gör­nüş­le­rin­den bi­ri­dir. Şeý­le hem ba­lyk tut­ma­gyň ada­myň ru­hy we be­den güý­jü­ni ber­kit­me­gi­niň aja­ýyp se­riş­de­si bo­lup hyz­mat ed­ýän­di­gi bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
Ba­lyk tut­ma­gyň tär­le­ri hem-de usul­la­ry has ir­ki dö­wür­ler­e uzap gidýär. Ar­heo­lo­gik mag­lu­mat­lar ba­lyk tut­ma­gyň öz gözba­şy­ny or­ta pa­leo­lit döw­rün­den alyp gaý­dan­dy­gy­ny tassyklaýar. Iň ga­dy­my ba­lyk tu­tul­ýan çeň­ňek­ler 2016-njy ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Oki­na­wa ada­syn­dan ta­pyl­dy. Des­lap­ky çak­la­ma­la­ra gö­rä, bu çeň­ňek­le­riň 23 müň ýy­l mundan öňki döwre degişli­di­gi mä­lim edil­ýär.
1985-nji ýyl­dan bä­ri her ýyl 27-nji iýun­da Bü­tin­dün­ýä ba­lyk­çy­lyk gü­ni bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bu baý­ram­çy­lyk 1984-nji ýy­lyň iýul aýyn­da Rim­de ge­çi­ri­len Ba­lyk ho­ja­ly­gy­ny ka­da­laş­dyr­mak we ös­dür­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra mas­la­ha­tyň ka­ra­ry esa­syn­da dö­re­dil­di.

BMG-niň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy­nyň (FAO) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, dün­ýä­de ba­lyk­çy­lyk, suw ho­ja­ly­gy we azyk önüm­çi­li­gi pudaklary mil­li­on­lar­ça ada­myň iş üp­jün­çi­li­gi ba­bat­da mö­hüm orun eýe­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de ba­lyk se­na­gatynyň önüm­çi­li­gi­niň muk­da­ry ýyl­da 90 mil­li­on ton­na deň­dir. Mu­nuň 90 gö­te­ri­mi de­ňiz­ler­de, ga­lan bö­le­gi bol­sa içer­ki suw­lar­da tu­tul­ýar. Ba­lyk­çy­lyk dün­ýä­de 120 mil­lio­na çen­li ada­my gö­ni we gy­tak­la­ýyn iş bilen üp­jün ed­ýär.

Biziň döwletimizde hem balykçylyk pudagy işjeň ösdürilýär. «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» laýyklykda, balyk we balyk önümleri hem azyk üpjünçiliginiň esasy bölegini düzýär. Içerki sarp ediş bazary ýerli balyk önümleri bilen üpjün edilýär.

Türkmen milli tagamlarynyň balykdan taýýarlanýan görnüşleri örän köp. Adamlaryň sagdyn iýmitlenmeginde olar uly orun tutýar. Yzygiderli balyk iýmek adamyň gan aýlanyşyny, gözüniň görejini gowulandyrýar. Lukman Arkadagymyz öz kitaplarynda hem balygyň saglyga peýdasyna ünsi çekýär.

Milli Liderimiziň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda «Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetini üýtgedip guramak hakynda» Permana gol çekmegi bilen, komitetiň garamagyndaky kärhanalar hususylaşdyryldy. Olarda abatlaýyş, durkuny täzelemek we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak işleri geçirildi. Balyklary senagat usulynda ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda emeli suw howdanlaryny gurmak, balyk köpeldilýän inkubatorlary döretmek boýunça maýa goýum taslamalary amala aşyryldy.

Balyk kärhanalarynda ýüzlerçe iş orunlary döredildi. Welaýatlarda we paýtagtymyzda ýöriteleşdirilen balyk dükanlary hem-de söwda nokatlary açyldy.

Hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda, balykçylyk hojalyklarynda 19 sany dikeldiş-abatlaýyş çäreleri göz öňünde tutulyp, olaryň 5-si boýunça desgalaryň gurluşyk-gurnama işleri tamamlandy, 14-sinde işler dowam edýär. Geçen ýylda 50 tonnadan gowrak gaplanan balyk önümleri daşary ýurtlara eksport edildi.

Umuman, ýurdumyzda balykçylyk pudagy hususy telekeçileriň işjeň gatnaşmagynda ösdürilýär. häzirki wagtda TSTB-niň balykçylyk bilen meşgullanýan agzalarynyň sany 60-a golaýlaýar. Senagat taýdan balyk ýetişdirýän iri kärhanalaryň hatarynda Ahal welaýatyndan «Toý zaman» hojalyk jemgyýetini, Balkandan «Hazar balyk» AGPJ-ni, Daşoguzdan «Ak durna» hususy kärhanasyny, Lebapdan «Lebap balyk» hojalyk jemgyýetini, Marydan «Täze balyk» hususy kärhanasyny görkezmek bolar.

Olaryň köllerde, Hazar deňzinde we emeli howdanlarda ýetişdirýän balyklary we balyk önümleri ýurdumyzyň bazarlaryna ýerlenýär, bu önümler bilen degişli býujet edaralary üpjün edilýär. Olardan başga-da, höwesjeň balykçylaryň ýüzlerçesi bu ugurda işleýär.

Güljäjek Begniýazowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk 
uniwersitetiniñ Weterinar lukmançylygy fakultetiniñ
Senagat balykçylygy taýýarlyk ugrunyñ
1-nji ýyl talyby.

 

Welosipediň saglyga peýdasy

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika