SIZDEN GELENLER

Balarynyň aýratynlyklary we arybalynyň peýdasy

Tebigat janlanyp, baglaryň köpçülikleýin gülleýän döwri olaryň gülüniň miwä öwrülmegine bal arylaryň hem örän uly ähmiýeti bardyr. Çünki olar, agaçlaryň gülünde jemlenen şiräni (nektary) sormak bilen birlikde, güli tozanlandyrýarlar we miwäniň emele gelmegine uly goşant goşýarlar.

Bal arylaryň ýygnaýan balynyň adam saglygyna örän uly peýdaly täsiri bardyr. Bal arylaryň işjeňlik döwründe olaryň ýygnaýan balynyň peýdaly täsirleri barada gürrüň etmeklik has-da netijeli bolar.

Ary baly özüniň dermanlyk häsiýetleri we ýokumlylygy bilen tapawutlanýar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, 1 kg baly öndürmek üçin balarylar orta hasap bilen azyndan 5 müň güle gonup, 430-450 müň kilometr ýol geçýärler we ösümlikleriň gülünde jemlenen şiräni (nektary) ýygnaýarlar. Olar şiräni gaýtadan işlänlerinde ony fermentler we beýleki maddalar bilen baýlaşdyryp, oňa gymmatly aýratynlyklary berýärler. Şeýle hem bala belli bir derejede dürli ösümlikleriň gül tozanjyklary hem düşýär. Bularyň ählisi jemlenip, balyň çylşyrymly düzüminiň bolmagyna getirýär.

Bal süýji we ýakymly ysly, goýurak, süýnüp duran suwuklyk bolup, goýalandan soň saryýag ýaly bolýar. Onuň reňki, tagamy, hoşboý ysy, ýokumlylygy haýsy ösümligiň gülünden ýygnalandygyna bagly bolup durýar.

Balyň himiki düzümi şire ýygnalýan ösümlige baglylykda üýtgeýär. Onuň düzüminde 300-e golaý himiki elementler bar, olaryň esasy bölegini uglewodlar (88-90 %) tutýar. Şeýle hem balyň düzüminde 18-20 % suw, 34-35 % glýukoza, 37-48 % fruktoza, 4-6 % maltoza, 1-4 % saharoza,    4,8 % dekstrin, 0,19 % mineral duzlar, 0,1 % organiki kislotalar we  0,45 % ösümlik belogy bardyr.

Balyň düzüminde 28 sany aminokislota  bolup, köplenç olaryň 13-18 sanysy duş gelýär.

Ary baly özünde  witaminleri hem-de pantoten kislotasyny saklaýar. Olar gül tozanjyklarynyň hasabyna emele gelýär.     1 kilogram balda 6 müňe çenli tozan dänejikleri bar. Bu çylşyrymly goşundylar balyň iýmitlik gymmatynyň has-da ýokarlanmagyny üpjün edýär.

Bal adamyň iýmit siňdirişinde ýeňil özleşýän, süýji, gymmat bahaly iýmit hasaplanylýar. Ol myşsalary güýçlendirýär, bedeniň tiz we gowy ösmegini üpjün edýär. Ony ýaş çagalara bermek has-da peýdalydyr. Düzüminde ýakymly ys beriji maddalaryň we organiki kislotalaryň bolmagy özüne çekýär, işdäňi açýar. Balyň düzümindäki mineral maddalar bolsa ganyň köpelmegine we onuň düzüminiň gowulaşmagyna getirýär. Düzüminde efir ýaglaryň we şepbikli maddalaryň bardygy sebäpli, gan aýlanyş we nerw ulgamyna oňat täsir edýär, olaryň işjeňligini ýokarlandyrýar.

Ary baly ýüregiň işleýişine-de örän peýdaly täsir edýär. Onda antioksidantlaryň bar bolandygy sebäpli, adamyň ýüreginiň işleýişinde ýüze çykýan keselleriň ýaramaz täsirlerini peseltmäge ýardam berýär. Şeýle hem ol aşgazanda we içegelerde bakteriýalara, kömeleklere garşy göreşmekde has-da ähmiýetlidir.

Bala hozuň maňzyny goşup iýilende hem, onuň ýokumlylygy has-da artýar.

 

GOÇMYRADOWA TAWUS,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň Tebigy bilimler kafedrasynyň mugallymy

 

 

Kelemiň ösdürilip ýetişdirilişi we onuñ adam saglygyna peýdaly häsiýetleri

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty