DÜNÝÄ

Baku şaýolunda Türkmenistanyň milli tagamlary hödürlendi

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäheriniň Primorskiý (Deňiz boýy) şaýolunda ýurduň milli pawilýonynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Azerbaýjanyň habarlar gullugynyň habaryna görä, çärä Azerbeýjan we Türkmenistanyň medeniýet ministrleriniň orunbasarlary, diplomatik korpusyň wekilleri, Milli Mejlisiň deputatlary we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.

Çäräniň gatnaşyjylary pawilýony gezip gördüler, Türkmenistanyň milli naharlaryndan dadyp gördüler we türkmen halkynyň baý aşpezçilik däpleri bilen tanyşdylar.

Soňra iki ýurduň sungat ussatlarynyň çykyşlaryny öz içine alýan konsert maksatnamasy görkezildi.

Türkmenistanyň Medeniýet günleri 15-nji oktýabra çenli dowam etdi.

Related posts

“Bedew bady: güýç hem gözellik”: baş baýraga rus režissýor mynasyp boldy

Türkmenistanly hukukçy ABŞ-nyň öňdebaryjy hukuk kolležiniň onlaýn myhmany boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň garry agajy