DÜNÝÄ

Bahçeşehir uniwersiteti türkmen talyplaryna garaşýar

“Stambulyň ýüregi” diýen şygara mynasyp bolan ýokary okuw mekdepleriniň biri Bahçeşehir uniwersitetidir  (BAU). Stambulyň Beşiktaş etrabynda bogazyň kenarynda ýerleşýän bilim ojagynyň esasy binasy Günüň dogýan pursatyndan başlap, tä Gün ýaşýança köp adamly bolýar.  Şeýle ýagdaý uniwersitetiň ähli künjegini gurşandyr.

Uniwersitetiň gapysyndan ilkinji ätlän pursadyňyzdan ünsüňizi çekýän zat – daşary ýurtly talyplaryň köplügidir. ABŞ-dan Türkmenistana we Hytaýa, Fransiýadan Koreýa Respublikasyna çenli uzalyp gidýän giň geografiýadan müňden gowrak talyp bilim alýar. Daşary ýurtly talyplara näme üçin şu bilim ojagyny saýlandygy barada sowal bilen ýüzleneniňde, olaryň berýän ilkinji jogaby birmeňzeşdir.  “Ýerleşýän ýeri hem-de halkara abraýy”. Uniwersitetiň ýerleşýän ýerini ýaňy hem belläp geçdik. Uniwersitetiň halkara derejesinde alyp barýan işleri barada bilim ojagynyň internet sahypasyna göz aýlanyňyzda hem has içgin düşünip bilersiňiz.

Türkmenistanyň ýaşlary hem Bahçeşehir uniwersitetini saýlaýar

Halkara uniwersitetleri derejelendirmek guramalarynyň taýýarlan sanawyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan 2019-njy ýylda Türkiýeden 25 ýokary okuw mekdebi kabul edilip, olaryň hatarynda Bahçeşehir uniwersiteti hem bar. Bahçeşehir uniwersiteti bilen Stambul şäherinde iş alyp barýan “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd” şereketiniň arasynda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, türkmen talyplarynyň mundan beýläk Bahçeşehir uniwersitetinde has köp orun almagyna mümkinçilik döredildi. Halkara derejesindäki uniwersitetde bilim almak isleýän türkmen ýaşlary  “Atavatan Danışmanlık” şereketiniň üsti bilen Bahçeşehir uniwersitetinde ýokary hilli bilim alyp bilerler.

BAHÇEŞEHİR UNIWERSITETINE ÝÜZ TUTMAK ÜÇIN:

“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”-niň salgysy:

Aksaray mahallesi, Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Gat:4  Fatih/ Stambul

e-mail salgysy : atavatanltd@gmail.com

Telefon: +90 532 401 71 52  &  +90  530 251 36 73 & +90 212 633 40 00

Bahçeşehir uniwersitetinde bilim almak isleýän türkmen ýaşlary ýüz tutmak üçin resminamalaryny Türkiýe Respublikasynyň uniwersitetleriniň talaplaryna laýyk derejede terjime etdirmegi zerurdyr. Şonuň üçin halkara bilim resminamalarynyň terjime edilmeginde giň tejribä eýe bolan Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde hereket edýän “Makul Hyzmat” terjime merkeziniň hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

“Makul Terjime” Aşgabat binasy salgysy we telefony: +993 63 78 96 73   & : + 993 12 96 48 55 & +993 62 60 52 61

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

“Makul Terjime: Türkmenabat binasy salgysy we telefony:

Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,

+993 63 16 34 69

Jemgyýet ylymlary fakulteti

  • Ykdysadyýet
  • Ykdysadyýet we Maliýe
  • Dolandyryş
  • Syýasy bilimler we halkara gatnaşyklary
  • Halkara Maliýe
  • Halkara Söwda we dolandyryş
  • Logistikany dolandyrmak
  • Sosiologiýa
  • Pishologiýa

Tebigy bilimler Fakulteti

  • Kompýuter we Öwretmek tehnologiýasynyň bilimleri
  • Mekdebe çenli çagalaryň mugallymçylygy
  • Mekdep mugallymçylygy
  • Terbiýeçilik we pisihologiýa maslahatlary

Aragatnaşyk fakulteti

  • Aragatnaşyk  dizaini
  • Jemgyýetçilik gatnaşyklary
  • Mahabat işleri
  • Kino we telewizor
  • Täze metbugat
  • Sanly oýun dizaýny

Hukuk Fakulteti  (Türk dilinde)

  • Hukuk

Tejribe ähmiýetli ylymlar mekdebi

  • Aşpezlik

Bingärlik we Taslamalaşdyryň fakulteti

  • Senagat önümleriniň taslamasy
  • Içki binagärlik we daşky bezegler
  • Binagärlik

InŽinerlik we tebigy ylymlar fakulteti

  • Komputer inŽinerligi
  • Bio-lukmançylyk inŽinerligi
  • Senagat inŽinerligi
  • Elektrik –elektronika inŽinerligi
  • Energiýa ulgamlar boýunça inŽinerlik
  • Gurluşyk inŽinerligi
  • Dolandyryş inŽinerligi
  • Mekatroniki inŽinerligi
  • Malekula biologiýa we Genetika
  • Programa üpjünçiligi inŽinerligi

 

Lukmançylyk fakulteti

  • Lukmançylyk

Saglyk Ylymlary fakulteti  (türk dilinde)

  • Imitlenmek we berhiz
  • Fizoterapiýa we gaýtadan dikeltmek
  • Fizoterapiýa we gaýtadan dikeltmek  (iňlis dilinde)
  • Şepagat uýalary taýýarlaýan bölüm
  • Audýoligiýa
  • Saglyk dolandyryşy
  • Çagaň ösüşi

Lukmaçylyk hyzmatlary boýunça hünärment mekdepleri (türk dilinde)

  • Operasiýa hyzmatlary
  • Anestazologiýa
  • Çaganyň ösüşi
  • Dializ
  • Audiametri
  • Radioterapiýa
  • Lukmançylyk resminamalary we Sekretarlyk
  • Lukmançylyk anyklaýyş tehnologiýalary
  • Lukmançylyk labratoriýa tehnologiýalary
  • Fizýaterapiýa

Berlin, Toronto, Waşington, Batumi, Kipr, Hanoý, Kiýew, Pueblo, Brokwil……

Bu bilim ojagy talyplaryna dürli ylalaşyklar we hyzmatdaşlyklar esasynda dünýäniň dürli künjeginde bilim almaga mümkinçilik döredýär.  Bu ugurda Berlin, Toronto, Waşington, Batumi, Kipr, Hanoý, Kiýew, Pueblo, Brokwil ýaly şäherleri uniwersitetiniň global agza guramalary hereket edýär.  “International Office” bölümi BAU-nyň global edaralarynda bilimini dowam etdirmek isleýän talyplara maksatnamalary bilen baglanyşykly goldaw bermäge taýýardyr. Şeýle hem bölümiňiz bilen baglanyşykly bir sapagy Berlinde, Batumide, Waşingtonda BAU-nyň global edaralarynda almak mümkinçilik bardyr. Şeýle hem akademik möwsümiň ahyrynda uniwersitetiň tomusky maksatnamalaryna ýüz tutmak mümkinçilik hem bardyr. Şeýle hem tomusky maksatnamalardan diňe Bahçeşehir uniwersitetiniň däl, eýsem beýleki talyplara hem peýdalanyp bilerler.

Gämili okuw binasyna barmak…

Bahçeşehir uniwersiteti aňsat barmak bolýar. Stambulyň merkezinde ýerleşýän Beşiktaş demirgazyk, Beşiktaş günorta, Göztepe we Galata okuw binalaryna uniwersitetiň öz gämileri bilen talyplary we professor-mugallymlary mutg gatnatmak hyzmaty hereket edýär. Beşiktaş port desgasyndan belli sagatlarda gämili Galatadaky okuw binasyna baryp bolýar. Şeýlelikde talyplar Stambulyň çendenaşa köp kynçylyk döredýän köçe-ýol hereketinden gaça durup, gämili okuw binalaryna baryp bilýärler. Galatadaky okuw binasynda Aragatnaşyk  fakultetiniň täze media ugurly işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Sanly metbugat bilen baglanyşykly täzeçil tehnologiýaly synplar hereket edýär.

Bahçeşehir uniwersiteti diňe talyplara däl, eýsem uçurym bolan talyplary üçin dürli maksatnamalar durmuşa geçirýär. Uçurymlar bölümi tarapyndan dürli çäreler guralyp, uçurymlar bilen gatnaşyklar dowam etdirilýär.

BAHÇEŞEHIR UNIWERSITETI SANLARDA:

– Uniwersitede  9 fakultet, 2 ýokary okuw we 2 ýokary hünär okuw mekdebi bar.

– 4 institutda aspirantura bilimi berilýär.

– ýokary bilim alýan talyplaryň sany 18 müň 927.

– aspirantura we doktorlyk bilimi alýan talyp sany 6 müň 643.

– halkara talyplaryň sany 4 müň 648.

– talyplaryň jemi sany 26 müň 759.

– uniwersitetde 1250 akademik sapar berýär.

– uniwersitetde 601 işgär işleýär.

– Stambulda 6 okuw binasy bar.

– 36 ýurduň 193 uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk edilýär.

– 100-den gowrak maksatnama hereket edýär.

– 11 müň 400 inedördül meýdany bolan Bahçeşehir kitaphanasynda 250 müňden gowrak kitap, Žurnal we sanly resminamalar bar.

– Okuw binasynda 5 dürli kafe we restoran hyzmat edýär.

– Bahçeşehir uniwersiteti Türkiýeniň ýokary bilim ojaklarynyň arasynda “international Outlook” sanawyna gren 5-nji, umumy sanawda 13-nji bilim ojagydyr.

– – Bahçeşehir uniwersiteti Türkiýe Respublikasynyň 2023-nji ýylda bellenjek garaşsyzlygynyň 100 ýylynda dünýäniň iň gowy 500 uniwersitetiniň sanawyna girmegi maksat edinýär.

– uniwersitetiň mejlisler zaly 1000 orunlykdyr.

– Bahçeşehir uniwersiteti 2017-nji ýylda “Türkiýäniň bilimde iň gowy markasy” diýen baýraga eýe boldy.

– Bahçeşehir uniwersiteti 2017-2018-nji ýyllarda bilim ulgamynda Türkiýäniň 500 uly hyzmat eksport etmekde öňdebaryjylaryň hataryna goşulyp, uly baýraga mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi

Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

“Financial Times” Donald Trump-y ýylyň şahsyýeti yglan etdi

Özbegistan 300 taslama üçin 43 milliard dollar gönükdirer

Eýranyň Prezidenti 11 ýyldan soňra Müsüre bardy

Putin: Tramp bilen duşuşmaga taýýar