Baharyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Daglaryň käýeri al-ýaşyl dona bürense, käýeri gyrmyzy gülälekden düşek düşenýär.
Pasyllar çalyşdy. Gyş pasly öz ornuny bahar paslyna berdi. Ýaz pasly köp adamlar üçin täze umytlaryň, özgerişlikleriň döwri. Gyşyň gutarmagy bilen tebigat janlanyp, durmuş ajaýyp görünýär.
Pasyllaryň soltany bahar pasly belent ruh hem tolkun atyp duran ylham bilen gadam basýar. Mylaýym howasy, gülleriň heniz şineden ýaňy pyntyk ýaryşy we owadan gülleýşi, gülleriniň mylaýym ysy bilen her bir jana tenekar.
Ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklaryň ählisi diýen ýaly özüne mahsus bolan milli aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şol aýratynlyklar bolsa öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, biziň häzirki bagtyýar döwrümize çenli gelip ýetipdir. Şonuň ýaly aýratynlyklary özünde jemleýän, halklary biri-biri bilen ýakynlaşdyrýan, jebisleşdirýän Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni hem şolaryň naýbaşylarynyň biridir.
Häzirki döwürde tebigata aýawly çemeleşmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine şäherleriň hem-de obalaryň töwereginde ýaşyl zolaklaryň döredilmegi göz öňünde tutulýan uzak möhletleýin bagy-bossanlyga büremek maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Ata Watanymyzda daragtlaryň we gülleriň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan köp sanly görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek, köpeltmek hem-de ýaýratmak barada uly aladalar edilýär. Baharyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda däbe öwrülen ählihalk bag ekmek ýaýbaňlandyrylmagy tebigatyň täzelenişine mahsus bolan ýagdaýdyr.
Aýlar Güýjiýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
15-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama