SIZDEN GELENLER

Bägüller hakynda täsinlikler

«Bägül» ady biziň eramyzdan öň 371 — 286-njy ýyllar aralygynda ýaşap geçen botanika ylmynyň atasy Teofrast bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hut şol bägüllere ilkinji gezek «Ýüz ýaprak» diýip at beripdir.
Dünýädäki iň garry bägüller müň ýaşdan hem geçýär. Olar Germaniýanyň Hildeshaým ybadathanasynyň diwaryna çyrmaşyp ösýär. Aýtmaklaryna görä, bu bägüller şäheriň nowjuwanlygynyň nyşany hasaplanýar.
Rim imperatory Neron öz döwründe myhmanlarynyň üstünden bägül ýapraklaryny seçmegi adat edipdir.
XVII asyrda ýaşan Fransiýaly alym Semýuel de Şampleýn ilkinji gezek Günorta Amerika bägül nahallaryny eltýär.
Gadymy döwürlerden bäri bägülüň ýapraklary hoşboý ysly atyrlary öndürmekde giňden peýdalanylýar. Aýtmaklaryna görä, bägül ýapragyndan alynýan hoşboý ysly suwuklyk ynsan saglygyny berkitmekde örän peýdalydyr.
Bir ýylyň dowamynda dünýä boýunça takmynan 150 milliondan gowrak bägül satyn alynýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky “Nurly meýdan” daýhan hojalygy hem bägül ýetişdirmekde nusgalyk önümçilik görkezijilerini gazanýan abraýly hojalyklaryň biridir. 130 gektar meýdana eýe bolan bu daýhan hojalygynyň bölümlerinde kämil tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu daýhan hojalygy özüne bölünip berlen ýerden ter gülleri ýetişdirmäge niýetlenen döwrebap ýyladyşhanany gurdy. Ähli amatlyklary bolan bu ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän ter bägüller isleg bildirýänlere yzygider we bökdençsiz ýetişdirilýär.

Hojalygyň gülçülik toplumynda ýetişdirilýän güller doly ylmy esasda aýratynlykda öwrenilip ideg işleri her bir görnüşiň tebigy aýratynlyklaryna görä agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýola goýulýar. Bu babatda ösen ýurtlaryň tejribeleri hem netijeli peýdalanylýar. Şol bir wagtyň özünde seçgiçilik işlerem geçirilip ýerli şertlere uýgunlaşan owadan we täsin gülleri döretmeklige hem ösdürip ýetişdirmeklige aýratyn üns ähmiýet berilýär.

 

Maral NAZAROWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy

 

Hepdelik täleýnama (8-14-mart)

 

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty