Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi. Bagdad Amreýew Aşgabatda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy.
Gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary artdyrmak, işewür we maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Ulag we logistika, energetika, ekologiýa, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak we beýleki ugurlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Jenap Bagdad Amreýewiň belleýşi ýaly, türkmen Lideriniň aýdan gymmatly teklipleri Türki Döwletleriň Guramasynyň Sekretariatynda göz öňünde tutulýar we olary durmuşa geçirmek boýunça türkmen tarapy bilen bilelikde tagalla ediler.
Şol bir wagtyň özünde taryhy kökleri, medeni we ruhy gymmatlyklary müňýyllyklaryň jümmüşine tarap uzap gidýän umumylyklaryň, türki dilli döwletleriň doganlyk halklaryny baglanyşdyrýan däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
MAGTYMGULYNYŇ 300 ÝYLLYK BAÝRAMY BELLENER
Şunuň bilen baglylykda, geljek üç ýylyň dowamynda tutuş türki dünýäde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň 300 ýyllyk baýramyny geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň Stambulda geçirilen sammitinde öňe süren medeni hyzmatdaşlyk boýunça başlangyçlary maslahata gatnaşyjylar tarapyndan uly goldawa eýe boldy.
Häzirki döwürde guramanyň Sekretariaty degişli maksatnamanyň üstünde işleýär. Onda köp sanly çäreler, hususan-da, halkara ähmiýetli maslahatlar, dürli neşirleriň çap edilmegi, ylmy barlaglar göz öňünde tutulýar. Şeýle hem türki dünýäniň ýurtlarynyň paýtagtlarynda Magtymgulynyň ýadygärligini oturtmak, uly şäherleriň köçelerine beýik şahyryň adyny dakmak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde guramanyň Sekretariaty bu ugurda has giň möçberde iş alyp barar.
Umuman, bar bolan mümkinçilikleriň netijeli amala aşyrylmagy sebitiň ýurtlarynyň abadançylygynyň üpjün edilmegine bolşy ýaly, ählumumy möçberde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam berer. Bu bolsa dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň berkidilmegine mynasyp goşant bolar.
Koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň ilkinji medeni çäräsi