BILIM

BAE-niň ilçisi Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuw sapagyny geçirdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hameli tarapyndan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary üçin “Türkmenistan bilen Birleşen Arap emirlikleri: nebitgaz ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk” temasy boýunça okuw sapagy geçirildi.

Okuw sapagy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýa merkeziniň mejlisler zalynda geçirilip, oňa uniwersitetiň rektory, Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň mugallymlary we talyplary, Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Ahmed Al Hameli öz çykyşynda öz ýurdunda ylym-bilim ulgamynda ýaşlykdan emeli aň we onuň bilen baglanyşykly düşünjeleriň orta mekdebinden berlip başlanandygy, nebitgaz hem-de energetika ugrunda sanly tehnologiýalary babatda dünýä belli kompaniýalaryň we ýerli kärhanalaryň gatnaşmaklarynda emeli aň we onuň bilen baglanyşykly tehnologiýalaryň ýokary depginde ornaşdyrylandygy, bu işleriň bolsa ýokary netije berip başlandygy barada giňişleýin gürrüň berdi.

Ol her pudaga degişli emeli aň bilen baglanyşykly çözgütleriň üstünde durup geçdi hem-de olaryň geljekde döretjek mümkinçiliklerini açyp görkezdi. Çykyşynyň ahyrynda ol diňleýjileriň ählisine sag bolsun aýdyp, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmekde alnyp barylýan işleriň ösjekdigine ynam bildirdi.

Jenap ilçi Birleşen Arap Emirlikleriniň belli ýokary okuw mekdepleri barada tanyşdyrdy hem-de ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakda goldaw bermäge taýýardygyny belledi. Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçiniň çykyşyndan soň uniwersitetiň mugallymlary we talyplary okuw sapagy bilen bagly gyzyklandyrma döreden soraglaryny berdiler, jenap Ahmed Al Hameli olaryň ählisine doly düşündirişli jogaplaryny berdi.

Okuw sapagyň soňunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory uniwersitetimize gelip, çykyş edendigi üçin ýokary derejeli myhmana köp sag bolsun aýtdy. Jenap ilçi duşuşyk üçin uly minnetdarlygyny bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ýokary bilimi ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli strategiýasy işlenip düzülýär

Täsirli geçen aýdym-sazly iňlis dilindäki “açyk” sapagy

Ata Watan Eserleri

Şu ýyl Türkmenistanda 93 müňden gowrak okuwçy mekdep bilen hoşlaşýar

Türkmenistanyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmakda hytaý kompaniýalarynyň hyzmatlary öwrenilýär

Türkiýäniň Ýokary bilim guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Aşgabatda saparda bolar