SIZDEN GELENLER

Aý, gün dursun dünýäde, ejem dursun dünýäde…

Biziň mekdep okuwçysy döwrümiz şu naşyja goşgyny ýat tutup aýtmadygymyz ýok bolsa gerek?! Bu hut şeýle-de bolmaly. Eneler barada näçe söhbet açsaňam az. Olar barada köp zat aýdylan ýaly hem bolsa, ondan-da köp zat aýdylmagyna garaşýar.

Çaganyň çagalar bagyna ýa-da mekdebe gatnap başlan günlerinden, ejesine bolan garaýşy düýpleýin üýtgäp ugraýar. Hemişe ýanynda gezip, ejesiniň mährinden isledigiçe ganyp ýören çagajyk birden başga dünýä düşen ýaly ýagdaýa düşýär. Tizräk ejesiniň didaryny görmäge howlugyp ugraýar. Agşam çagalar bagyndan gaýdyp gelen ýa-da mekdepden dolanan okuwçynyň öýleriniň gapysyny açan badyna ilki aýdýan sözi, berýän sowaly, ýüzlenmesi “Eje!”. Bu endik has ullakan adam bolanymyzdan soňam dowam edýär. Gyz-a hasam ejä höwrügen bolýar. Gyz maşgala “kişi maşgalasy” diýilýär. Şol ada mynasyp bolup dogduk öýüňi gaýyn öýüne, gyzlyk dünýäňi gelinlik dünýäsine çalşan günüňden ataň öýüňe myhmansyň. Arzyly myhman bolup ataň öýüne myhmançylyga barsaň, öz ýanyňda ikiden-üçden çaga bolsa-da, birdenkä öňüňden kakaň çykyp:«Tüweleme, geliň bakaly, gyzym, sag-gurgun gezip ýörmüsiňiz, öý-içeriler saglykmydyr?!» — diýip, gara-gadyr bolup, beren sowallarynyň ählisine bir agyz: “Hudaýa şükür, saglyk, kaka, hany ejem? – diýip sorag berersiň. Ejeň öýde bolsa “düşegiň ýumşar”, niçikmi, ejeň ýogam bolsa, turmak bilen boluberersiň. Kakaňam bu ýagdaýa beletdir. Soňabaka öňüňden çyksa: – “Ejeňem bar, geliň bakaly!”— diýip, soňra hal-ýagdaýyňy sorap ugrar. Bu ýagdaý hemmelerde-de gaýtalanýarmyka diýýärin.

Gulpaklyja gyz bolup,
Ýatlarsyň sen geçeni.
Seni görüp ýaşarar,
Tanamarsyň ejeňi.

 Kiçijekkäň ähli zatlara sadalyk bilen baha berýärsiň, sada netije çykarýarsyň. Ynsan ýyl geçdigiçe barlyga düýpli garaýyş bilen çemeleşip başlaýar…

Ählijämiziňem durmuşymyzda şeýle wakalar bolýar: aşa begenýäň, ýa-da aşa gynanýaň, aljyraýaň, iňe, şeýle pursatlarda kimdir birinden haraý isleýärsiň, ruhy goldawa mätäç bolýarsyň. Sen bilýäň, şeýle bir adam bardyr, ol haçan bar, näçe bar, kim bilen bar, näme diýip bar, hiç wagt senden kömek, goldawynam, maslahatynam gysganmaz. Sen onuň barynda hemişe arkaýynsyň, arkalysyň, sylaglysyň, sarpalysyň. Ol dünýe içre dünýäňdir. Syrlyja sandygyňdyr. Döküber näçe dökesiň gelse ýüregiňi, diňlär oturar, diňlär-de kalbyňy gozgalaňa salan harasadyňa birje ýylgyrşy, birje mylaýym sözi, bir mähirli bakyşy bilen bar zady ýerbe-ýer edäýer. Çünki ol adam sen hakda ähli zada belet EJEŇDIR!

Oňa berjek sowallarmyň jogabyn,
Dünýede hiç ynsan tapmaýar hijem.
Sebäp
, ol men hakda bar zada belet,
Mähriban ejem!

Eger-de hakyky söýginiň baky nyşanyny döretmeli bolsa, onda birje pursadam ikirjiňlenmän balasyny bagryna basyp oturan enäniň heýkelini ýasasaň bolar. Ene öz ömrüniň bir bölejigini balasyna ömür edip berýär, galan ömrüni bolsa onuň bagtly ykbaly üçin sarp edýär. Özem bu hakykat ähli döwürleriň, ähli ömürleriň hakykaty. Dünýä edebiýatynda öz döreden eserlerinde enä ýüzlenmedik ýazyjy, şahyr ýok bolsa gerek. Türkmen edebiýatynda-da bu kanun hereket edipdir, häzirem dowam edýär. Onsoňam şol belent söýgüden mahrum bolmakdan agyr jepa bolup bilermikä?! Beýik halypamyz, şygryýet asmanynyň parlak ýyldyzy, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy hut şol agyr pursaty şeýle beýan edýär:

Aýra düşmez käkilik, çölde goýuban balasyn,

Aglaýyr bilbil mydam, älemge ýaýyp nalasyn,

Ak maralyň owlagy çyksa golundan, neýlesin,

Şum pelekde ýok utanç, saldy-la pyrkat hilesin,

Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Bu şygry Walydam sözüniň ornuna ejem jan diýen sözi goýup, gaýtadanam bir okap görüň! Ine, ýüregiňi elendirip barýan harasat, ine, akylyňy goýaldýan parasat. Döredijilik meýdanyna ýaňy aýak basanymdan ähli goşgularymy käbäm ejemiň ruhy bilen paýlaşmaly boldum. Juda ýaş mahaly ejesinden jyda düşen Magtymgulynyň:

Aýra düşüp käbeden, goýdum Pyragy adyma,

Il-ulus, hazynadan düşmez bir zerre ýadyma,

Gördi garakçy bu gün, gol urdy göwher zadyma,

Eredi daglaryň daşy, çydamady oduma,

Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

         diýen setirlerini okap, entek eje hakdaky ähli ýazanlarymyň, aýtmaly, hem-de aýdyp bolaýjak zatlaryň iň bärkijesidigine düşünip galdym. Ine, Pyragy ady nireden gelip çykypdyr. Käbeden aýra düşen Magtymgulynyň öz ykbalynyň göwher zadyny aldyranyndan soňra beýle ismi saýlap alandygyna akylym ýetip, soňra ýene-de bir gezek ene diýen mukaddes ynsana bolan garaýşyň, hormatyň juda ýokary bolmalydygyna göz ýetirdim. Dünýede şeýle bir teşnelik bar, ony hiç hili suwam, şerbedem, özge söýgem, yşgam gandyryp bilmeýär. Ol teşnelik derdine sezewar bolan adama derman tapylanok. Ol teşnelik mähire zarlykdyr. Köp adam mähir bilen garap biler-ä diýmegiňiz mümkin, ýöne enäniň berýän mähriniň öwezini hiç zadyň çalşyp bilmejekdigini welin, anyk aýdyp biljek.

Wadaryg-a, neýlerem men, mähribanym, kaýda sen?

Iki dünýä ýoldaşym, şähri-imanym, kaýda sen?

Gözlerimiň röwşeni, ýagty nuranym, kaýda sen?

Neýlerem bag-u çemeni, mahy-tabanym, kaýda sen?

Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

         Durmuşda haýsy tarapdanam bola maslahat alasyň gelse, derdiňi egsesiň gelse Magtymgulynyň goşgulary dadyňa ýetişýär. Anna Paýtygyň “Uruş döwrüniň oglanlary” kitabynyň ikinji, “Arkadagym agtyklar” bölüminde Bazar Bazarowyň babasy hemişe “Oglanlar, herki zady görübermeli, öwrenibermeli”— diýýär. Hakykatdanam durmuşda ýaşadygyňça öwrenmmeli zadyň köpelip barýar. Taryhyň atasy hasaplanýan Gerodotyň ýanyna gelen adamlar:-Näme üçin seni bilgiçler akylly adam hasaplaýarlar, sen hakykatdanam akyllymy? – diýip, soranlarynda, ol: « Meniňem bir üýtgeşik akylym ýok, men diňe özümiň hiç zat bilmeýändigimi bilýärin. Köp adamlar şonam bilenoklar» — diýip, jogap beripdir. Magtymguly Pyragynyň “Kaýda sen?” diýen goşgusyny okan adamlaram enäni söýmek babatynda entek hiç zady bilmeýän ekenligine akyl ýetirse gerek. Herki zady görmek, öwrenmek gerek!

Mekdep okuwçylaryna, çagalar bagyna gatnaýan körpelere ilkinji bilen berilmeli terbiýe-de, ilki aňyna guýulmaly düşünje-de ene-atany sylamak, hormat goýmak düşünjesi bolup durýar. Bu ozallaram şeýle bolupdyr, häzirem şeýle, geljekde-de şeýle bolmaly. Biz has gadymy zat barada gürrüň etsek “Nuhuň tupanyndan galan” diýýäs. Diýmek, Nuh Pygamber ýaşaýşyň başlanan ýerinde birýerlerde ýaşap geçen hem bolsa, şol döwürlerde-de enäniň, atanyň hormaty diýseň belent bolupdyr. Biz  muny bir zat bilen delillendirip bileris, Nuh pygamberiň sargytlarynyň başy “Ene-atany arzylamak” diýen öwütden başlanýar. Oguznamada hem mukaddeslik hökmünde ýüze çykarylýan üç sany gymmatlygyň biri zenandyr. Zenana, enä hormat goýmagyň gaty aňyrdan gelýändigine goja taryh şaýat bola-bola gelýär. Ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşen taryhy ýadygärlikderden arheologik gazuw-agtaryşlary netijesinde ýüze çykarylan heýkeljikleriňem aglabasy “zenan hudaýynyň” heýkeljikleri bolup durýar. Beýle diýmek bolsa, şol döwürlerde-de zenanlara dowamaty dowam edijiler, aýratyn keramatly adamlar hökmünde garalandygyny aňladýar.

Türkmen halky hemişe-de zenanyna “halalym ” diýip ýüzlenipdir, ony ary- namysyna, tuguna deňäpdir. Goý, hemişe çagajyklar ene mährine çoýunyp gezsinler! Goý, hemişe eneler çagajyklarynyň gülki seslerinden gansynlar. Dünýäde parahatlyk mukamy baky ýaňlansyn, ene hüwdüleri baky diňlensin! Zenan mertebesi belent bolsun, enäň mertebesi zyýat bolsun!

Gülşirin Hanowa

Türkmenistanyň ilçihanasy Eýranda haýyr-sahawat çäresine gatnaşdy

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary – ýurduň geljegi

Bitarap Diýara Täze ýyl geldi!

«Magtymguly — dünýäniň akyldary» – gymmatly gollanma

«Hakyda göwheri» – gymmatly hazyna

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri