Eziz Watanymyz soňky ýyllarda ählumumy durnukly ösüşiň möhüm bölegi bolup durýan ulag ulgamynyň aragatnaşygynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen halkara derejeli forumlardyr duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 4-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek barada Karara gol çekdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda bu iri halkara foruma taýýarlyk işleri giň gerimde guramaçylykly alnyp barylýar.
Şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama kabul edilip, halkara maslahaty Türkmenistanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek kesgitlenildi. Resminama laýyklykda, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň on ýyllyk maksatnamasy (2024 — 2034-nji ýyllar) «Awaza» maksatnamasy» diýlip atlandyrylar. Bu maslahaty döwlet we hökümet Baştutanlarynyň derejesinde «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary arkaly ösüşi üpjün etmek» şygary bilen geçirmek karar edildi.
Şeýle giň möçberli taýýarlyk işleri ýurdumyz üçin bu maslahatyň aýratyn ähmiýete eýedigini görkezýär. Awaza deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, 47 sany kiçi ada döwletleriniň we 49 sany az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, şeýle-de BMG-niň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň hem-de işewür toparlaryň gelmegine garaşylýar. Şeýle wekilçilikli düzümiň gatnaşmagy bu çäräni ählumumy derejede ýylyň iň möhüm halkara meýdançalarynyň birine öwürýär. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk arkaly ösüşiň gazanylmagyny üpjün etmek örän derwaýys wezipeleriň biri bolmagynda galýar.
Şeýle hem forumyň dowamynda plenar mejlisler, ýokary derejeli bäş sany mowzuklaýyn «tegelek stol» we ýedi sany ýokary derejeli forum geçiriler. Olaryň hatarynda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, parlament forumy, hususy pudagyň forumy, raýat jemgyýetiniň forumy, ýaşlar forumy, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy we aragatnaşyk boýunça çäre bar.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýaşlar forumy ýaşlara dünýä liderlerine öz garaýyşlaryny ýetirmek üçin mümkinçilik berer. Bu bolsa geografik päsgelçilikleri ýeňip geçmek, ykdysady ösüşi höweslendirmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin täze strategiýalary işläp düzmäge kömek eder.
Maslahatyň çäginde geçiriljek çärelerine 32 döwletiň ýolbaşçylarynyň, olaryň hökümetleriniň, şeýle hem BMG agza döwletleriň wekilleriniň, Guramanyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, halkara we sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşarlar.
Maslahatyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi we Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy netijeli çözgütleri tapmak hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin meýdança öwrülmegi üçin gönükdirilendir. Onuň maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlara kynçylyklaryny ýeňip geçmäge hem-de öz mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge ýardam etmek, şeýlelikde, adalatly we bagtly geljegi üpjün etmekden ybaratdyr.
Deňiz kenarynyň ajaýyplyklarynyň ýurdumyza geljek myhmanlarda hem ýakymly täsirleri döretjekdigine, bu künjekde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we onuň çäklerindäki ugurdaş çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine ynanýarys.
Hazaryň türkmen kenaryny dost-doganlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarys.
Dilnaza Ahmetowa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Hytaý dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby.