Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, bagtyýar durmuşda ýaşaýan ildeşlerimiz bu günki günde täze üstünliklere eýe bolýarlar. Dünýäde parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän beýik ýörelgämiz bolan baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly belleniljek ýyly bolan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy ählimizi buýsandyrýar.
Ýene-de sanlyja günlerden gojaman Hazaryň türkmen kenarynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty biziň Bitarap Diýarymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä derejesinde äden iň uly ädimleriniň birine öwrüler. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen bu iri forumyň guramaçylyk döwlet toparynyň maslahaty onuň halkara giňişligindäki ähmiýetine ýene bir ýola göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Soňky ýyllarda Awazada geçirilýän iri forumlaryň merkezine öwrüldi. Olarda kabul edilen çözgütler bolsa BMG derejesinde ykrarnamasyny tapyp, adamzadyň şu günki bagtyýarlygyna hem-de ertirki rahatlygyna hyzmat edýär. Şu gezek hem şeýle bolar. Awaza forumy diňe bir deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň 32-si üçin däl, eýsem, bütin Ýer ýüzi üçin ykdysady, söwda maksatly hyzmatdaşlyklaryň täze ugurlaryna ýol açar. Şeýle bolansoň, bu foruma tutuş Ýer ýüzi gün sanap garaşýar diýip ynam bilen aýdyp bileris. 4 ― 8-nji awgust günlerinde 7 ugry öz içine aljak çäreleriň toplumy umumy netijede ― ösüp barýan döwletleriň galkynyşa, ösüşlere dolan ýagty geljeginde birleşer.
Ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha beýgelýändigini ýurdumyzyň dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde kabul edilen «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama hem tassyklaýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy esasynda kabul edilen bu Kararnama 57 döwlet awtordaşy hökmünde çykyş etdi.
Awaza forumynyň çäklerinde geçiriljek çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry öz içine alýar. Şolaryň hatarynda halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralary hem-de plenar mejlisleri; ýokary derejedäki tematik «tegelek stollar» (5 sany) bar. Ýokary derejedäki 7 sany forum bolsa Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy, parlament, hususy pudak, raýat jemgyýeti, ýaşlar, zenanlar, arabaglanyşyk ýaly ugurlarda pikir hem tejribe alyşmalar üçin netijeli meýdançany emele getirer. Maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçiriljek çäreler, şol sanda türkmen tarapynyň ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet bilen baglanyşykly gurajak ugurdaş çäreleri; tematik sergiler, şol sanda türkmen tarapynyň gurajak sergileri forumyň ähmiýetini has-da artdyrar.
Maslahat dünýä ilatynyň 7 göterimine golaýyny emele getirýän we 32 ýurtda ýaşaýan 570 milliondan gowrak ilatyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly örän möhüm duşuşyk bolmak bilen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň mümkinçiliklerini herekete getirip, oňyn hyzmatdaşlygy ilerletmegi maksat edinýär. 32 ýurduň 16-synyň Afrikada, 12-siniň Aziýada, 2-siniň Latyn Amerikasynda, 2-siniň Merkezi we Gündogar Ýewropada ýerleşýändigi bolsa ony bütindünýä ähmiýetli syýasy çärä öwürýär.
Forumyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir. Bu meseleleriň oňyn çözgüdi gatnaşyklaryň hilini özgertmäge hem-de netijeliligini artdyrmaga ýardam eder. Maslahatda 2024 — 2034-nji ýyllar döwri üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek bilen ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryny mundan beýläk-de ilerletmäge taýýardygyny bütin dünýä ýene bir ýola äşgär eder.
«Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzukda geçiriljek forum BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler babatda her 10 ýyldan bir gezek guraýan maslahatlarynyň üçünjisidir. Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça halkara maslahaty ilkinji gezek 2003-nji ýylyň awgust aýynyň 28-29-yna Gazagystanyň Almaty şäherinde guraldy. 2014-nji ýylyň 3 — 5-nji noýabry aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça ikinji halkara maslahaty geçirildi.
Dünýä halklaryny parahat we birek-birege ynanyşyp ýaşamaga çagyrýan döwletli Diýarymyz şu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny uludan toýlar. Ýaş nesilleri beýik döwrümiziň ruhunda terbiýelemekde, bitirilýän beýik işler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Arzuw Setdarowa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Gündogar dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.