ATAWATAN ESERLERİJEMGYÝET

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Häzirki wagtda dünýäniň ähli döwletlerinde, esasanda, ykdysady taýdan ösen we ösýän ýurtlarda “sanly ykdysadyýet” adalgasy giňden ulanylmaga başlandy. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna” laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Sanly ykdysadyýeti durmuşymyza işjeň ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere ýurdumyzda döwürleýin neşir edilýän gazet-žurnallar hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Dünýädäki we Diýarymyzdaky täzelikleri, habarlary şeýle-de täsirli we gyzykly maglumatlary, söhbetdeşlikleri  halk köpçüligine gyzgyny bilen  ýetirýän, yzygiderli geçirýän döredijilik bäsleşikleri bilen  okyjylarynyň uly söýgüsini gazanan žurnallaryň biri hem Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalydyr.

Bu abraýly halkara žurnalynyň www.atavatanturkmenistan.com saýty mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlap nobatdaky “Ata Watan Eserleri” bäsleşigini geçirdi. www.sanlyhyzmat.com we www.makulsozluk.com saýtlarynyň hem-de “Makul Hyzmat” terjime merkeziniň hemaýat bermeginde geçirilen “Sanly ulgam” bilen baglanyşykly bu döredijilik bäsleşiginde 30 sany baýragy almak ugrunda 53 eser bäsleşdi. Bäsleşigiň netijesinde bolsa, iň gowy eserleriň 30-sy pul sylaglaryna mynasyp boldy.

Geçirilen döredijilik bäsleşigine biziň bilim ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň halypa professor mugallymlary,  zehinli talyp ýaşlary hem-de institutymyzyň çäginde hereket edýän “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri”  ylmy önümçilik merkeziniň hünärmenleri we ylmy işgärleri hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşyp baýrakly orunlaryň 11-sini eýelemegi başardylar.  Has dogrusy öňdäki orunlaryň hatarynda institutymyzyň Maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy Döwran Sahadow “Sanly ykdysadyýetde maglumat howpsuzlygyny  üpjün etmekligiň ýollary” diýen makalasy bilen I orna, Mehanika we metallaryň tehnologiýasy  kafedrasynyň mugallymy Şirin Ylýasowa “Sanly ykdysadyýetde  kiberhowpsuzlygyny peýdalanmagyň möhüm şertleri” diýen makalasy bilen 4-nji orna we “Elektrik stansiýalary” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Kuwwatgeldi Çaryýew “Sanly ykdysadyýetde iň gowy bulut  tehnologiýalarynyň hyzmatlaryny üpjün ediji dünýä belli kompaniýalar” diýen makalasy bilen 6-njy orna mynasyp boldular.

Biz hem institutymyzyň halypa professor mugallymlaryny, zehinli talyp deň-duşlarymyzy bu gazanan ýeňişleri bilen gutlaýarys we geljekde-de şeýle döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp üstünlik gazanmaklaryny arzuw edýäris.

Pursatdan peýdalanyp, Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik toparynyň agzybir işgärlerine hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli durmuşa geçirýän beýik işlerine öz seslerini goşup, ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen, dürli žanrlarda ýazylan eserleri halkymyza ýetirmekde, ýaş žurnalistleri ýüze çykarmakda, alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Täzegül Myradowa,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň

Energo-tehnologiýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

 

 

Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklar boýunça täze teklipler

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys