ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Aşyr Hojatow: ussatlyk mekdebiniň halypasy      

Arada şahsy arhiwimdäki kitaplary gözden geçirip otyrkam mundan on ýyl öň Türkmenistanyň halk artisti, belli dirižýor Aşyr Hojatowyň: «Akgül dogana ýadygärlik. Işiňizde we durmuşyňyzda uly üstünlikler arzuw edýärin. 14.11. 2012 ý.» diýen ýazgy bilen gol goýup sowgat beren kitapçasynda ünsüm eglendi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Mylly Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynyň 60 ýyllygy mynasybetli «Ylham çeşmesi» at bilen 1998-nji ýylda çap edilen şol kitapçany gaýtadan okap çykdym. Bir topar  tanymal sungat wekilleriniň suratlaryny synlap, «bular hakynda nämeler bilýäs?» diýip öz-özüme sowal berdim. Şol pursat olaryň ölmez-ýitmez eserleriniň owazy gulagymda ýaňlanyp başlady. «Ählisiniň döredijiligini içgin öwrenmeli, ýöne nädip öwrenmeli? Elbetde, aramyzda ýaşap ýören sanaýmalyja halypalardan sorap öwrenmeli» diýip içimi gepletdim. Birdenem: «Ilki bilen halypa dirižýor Aşyr Hojatow hakynda ýazaýyn» diýen pikire geldim. Sebäbi Aşyr aga bilen öňem az-da kände ýüzbe-ýüz gürrüňdeş bolupdym.

2012-nji ýylda olaryň maşgala ojagyna ýörite söhbetdeşlige bardym, ýöne ol gezekki söhbetdeşligimizi «Nesil» gazeti üçin maşgala terbiýesi hakynda taýýarlamaly bolamsoň, Aşyr aganyň özi bilen kän gürrüňdeş bolup durmadyk. Şeýle-de bolsa, söhbetdeşligimiz onuň durmuş hem döredijilik ýoly hakynda azda-kände tanyşmaga sebäp boldy. Ol wagtlar «Ylham» seýilgähiniň günbatar tarapyndaky azyk dükanyň arka ýüzünde ýaşaýardylar. Öýleriniň diwarlary kitapdan gurlan ýaly otaglarynyň keşbi häzirem göz öňümde. Şonda Aşyr agany dirižýor hökmünde tanamsoň, tekjelerdäki kitaplaryň ählisi aýdym-saz sungatyna degişlidir öýtdüm. Onuň ýanýoldaşy Oraznabat gelneje, pikirimi duýan ýaly: «Aşyryň, ýene-de iki otagy tutup duran şahsy kitaphanasy bar. Bu kitaplaryň köpüsi aýdym-saz sungatyna degişli, ýöne türkmen hem daşary ýurt edebiýatyndanam kitaplary kän. Aşyr  çeper eserleri juda köp okaýa. Magtymgulynyň, Mämmet Seýidiň, Kerim Gurbannepesiň goşgularynyň köpüsini ýatdan bilýä, olary labyzly okamagy halaýa. Çagalarymyza haýsydyr bir zady düşündirjek bolsa-da, goşgy setirlerine salgylanýa. Söwdagäriň öýünde söwdanyň gürrüňiniň edilişi ýaly, biziň sungata dahylly maşgalamyzda-da esasy gürrüň sungat hakynda. Çagalarymyz aýdym-saz hem edebiýat bilen terbiýelendi. Öňler goşgy diýlen zada «goşgy — goşgudyr-da» diýip, ýönekeý garapdyryn, indi görüp otursam, goşgy — durmuş eken» diýip gürrüň berdi. Şol gezek öýlerine baryp, saglyk-amanlyk soraşanymdan, ilki bilen şahyr Gurbannazar Ezizowyň:

«Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,

Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz»

diýen setirleri ýadyma düşdi. Sebäbi Aşyr aganyň deňli-derejeli, döwletli ojagynyň maşgala agzalarynda pespällik, kiçigöwünlilik, sadalyk bar eken. Derrew sözümiz alyşdy. Gelnejeden maşgala guran döwri hakynda soradym. Ol:

— Aşyr bilen 1979-njy ýylda durmuş gurduk. Üç gyzymyz, bir oglumyz bar. Çagalarymyzyň hemmesi sungat ugrundan bilim alyp, öz hünärleri boýunça işläp ýörler. Gyzlarymyzy durmuşa çykardyk, oglumyzy öýerdik. Dört sany agtygymyz bar. Hudaýa şükür, bagtly maşgalanyň eýesi bolduk. Ýöne şu bagtly günlere aňsatlyk bilen ýetmedik. Özüm Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebini tamamladym. Okuwymy gutaramsoň, Aşyr okuwymy ýokary okuw mekdebinde dowam etdirmek höwesime garşy bolmady ýöne, barybir soň okamak baradaky pikirimi üýtgedip, diňe işlemeli diýen netijä geldim — diýdi. Onuň bu gürrüňi şahyryň: «Bagtly ýollar kynlyk bilen geçilýär…» diýişi ýaly, durmuşyň çarkandakly ýollarynda taplanan maşgaladygyny bada-bat düşündirdi. Şeýle-de bolsa ondan okuwyny dowam etdirmän, işe başlamagynyň sebäbi hakynda soradym.

— Aşyryň üç ýaşyndaka kakasy, bäş ýaşyndaka ejesi ýogalýa. Ýalňyz galansoň, ol kakasynyň doganynyň elinde ulalýa. Orta mekdebi tamamlap, ilki Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebinde, soňra öňki Sungat institutynda okady. Sungata tüýs ýürekden berlen adama meniň hakyky hossar, howandar ýanýoldaş bolmagymyň zerurdygyna göz ýetirdim. Maşgala eklenji üçin işledim, aýlygymyza bileje gidip, öýe gerek zatlarymyzy alardyk. Häzir Aşyr ikimiziň öýümizdäki iň bir ownuk zatlara — käsedir çemçä çenli haçan, haýsy dükandan alanymyz ýadymyzda. Aşyr instituty gutaransoň, okuwyny kämilleşdirmek üçin Leningrada (häzirki Sankt-Peterburg şäheri) iki ýyllyk okuwa gitdi. Menem ýany bilen gidip, iki ýyl şol ýerde aşpez bolup işledim hemem şol ýerde 10 aý aşpezlik ugrundan okadym. Şol wagt iki çagamyz bardy — diýdi. Gelnejäniň gürrüňi maşgala bagty hakyndaky söhbede syrykdy.

— Maşgala bagty — munuň özi maşgala agzalarynyň arasynda zähmetiňe goýulýan sarpa. Her kimiň saýlan hünäri onuň ruhy ganaty hemem maşgala eklenji hasaplanýa. Döredijilik maşgalasynyň öý bikesi hökmünde medeniýete, sungata berilýän hemaýatdyr goldawlar hakda aýdasym gelýä. Aşyra «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakyldy. Ýakynda bolsa Medeniýet şäherçesinde gurlan, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýyndan öý almak bagty miýesser etdi. Bu hemaýatlar hormatly Prezidentimiziň halk hakyndaky, döredijilik işgärleri hakyndaky çäksiz aladalarynyň netijesi — diýip, Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýdyp, gürrüňini dowam etdi.

— Wagtyň geçmegi bilen maşgala içinden maşgala döreýä. Çagalar ulalyp, her biri özbaşdak maşgala bolmaly…«Iki aýakly iki günde» diýleni. Tüweleme, eýläňe-beýläňe garaýançaň, çagalar ýetişýär eken.Ýetişensoňlar olary gözli-başly etmek ata-enäniň borjy. Oglumyň gelni Türkmenistanyň at gazanan artisti Eneş Rejebowanyň gyzy. Ogul öýerseňem, gyz çykarsaňam, ozaly bilen her kişiniň asly gerek. Galyberse-de, her kişiniň öz deňrägi bolsa gowy. Bu diýdigim, sungat adamsynyň maşgalasynda terbiýelenen çaga sungat işgärleriniň ýagdaýyna belet bolýa. Gelnim ozal ejesi baýramçylyk çärelerinde häli-şindi aýdym aýtmaga gidende egin-eşiklerini, gelende çaý-naharyny taýynlap ýörensoň, şol işlere endik edipdir hemem ukyply. Ýagdaýa düşünýä. Ýagdaýa düşünmän, şol zatlara ýetişmese, kyn boljak. Bir waka ýadyma düşýä. Baýram jan hormatly Prezidentimizden şa serpaýyny alypdy. Ejemem ýörite gutlamaga gelipdi. Şo wagtam baýramçylyk günleridi. Aşyr bir ýere çykyşa gitjek bolýardy. Gyzlarymyzyň hersi bir baýramçylyk çäresine, oglumam telewideniýä ýazga gitjek bolýardy. Menem bir elim boýunbagly, bir elim ütükli, köýnekli ylgap, hersini ýola ugratmagyň aladasynda başagaý bolup ýörün. Ejem synlap oturypdyr-da: «Ýaşaýşyňyz nähili, bir ýerde oturman geçdiň-le» diýdi. Şeýle zähmetiň nähili höziriniň bardygyna şol işiň içindäki adamlar göz ýetirýärler. Maşgala agzybirligi, saglygy we bagty bolsa şeýle hözirli günler bilen gül açýar — diýip sözüni jemledi.

Oraznabat gelneje bilen söhbetdeşligimizden soňra Aşyr aga bilenem biraz gürrüňdeş bolduk. Onuň manyly, agramly gürrüňlerinden ýatkeşliginiň juda güýçlüdigine hemem kitaby köp okaýandygyna göz ýetirmek kyn däldi. Ol:

— Oglum Baýramyň çaga wagty hiç bir ýerde oturyp karar tapyp bilmeýän garagol häsiýeti bardy. Çaga bolsa-da onuň üçin oýunjagam gyzykly däldi. Diňe labyzly edip goşgy okap berenimde diňläp oturýardy. Onuň käbir goşgulary gözünden ýaş akdyryp diňleýşine haýran galýardym. Aslynda goşgy — jadyly sungat. Ynha, şu tekjelerdäki kitaplaryň arasynda saz sungaty bilen bir hatarda dünýä edebiýaty, akyldarlaryň eserleri bar. Ol eserler diýseň gyzyklandyrýar. Magtymgulynyň, Puşkiniň, beýleki beýik ýazyjy-şahyrlaryň eserlerini ürç edip okaýan. Kerim Gurbannepesow bolsa eserlerini aýratyn söýüp okaýan şahyrym. Onuň döredijiligini tutuşlygyna diýen ýaly ýatdan bilýän. Saz baradaky gyzykly gürrüňler, durmuş wakalary beýan edilen poeziýa pursatlary talyplarda orkestr sapagyna söýgi döredýär — diýip, şu makalany ýazmagyma sebäp bolan kitapçany sowgat beripdi.

Ýakynda halypa dirižýor Aşyr Hojatowa jaň etdim. Saglyk-amanlykdan soňra oňa özi barada makala ýazmakçydygymy aýdyp, söhbetdeş bolmak meýlimiň bardygyny mälim etdim. Ol: «Örän minnetdar, ýöne edil häzir saglyk ýagdaýymyň ugry ýok. Iki ýyllap ýöräp bilmän ýatdym. Lukmanlar maňa köpräk açyk howada ýöremegi maslahat berdiler. Şonuň üçin öňki jaýymyzdan göçüp ýer jaýa geldik. Işe ýaňy çykyp başladym. Ähli arhiw ýazgylarym göçüp gelenimizdäki kardonlarda ýerleşdirilgi durşy. Biraz saglygym gowulaşansoň görşäýeris. Eger howlugýan bolsaňyz onda, kompozitor dostum Suhan Tüýliýewden sorasaňyz ol men barada kän zatlary aýdyp biler. Onuň özem döredijiligim, durmuşym hakynda gowy-gowy makalalar ýazdy — diýip, ýazan makalalaryna göwni ýetip, hoşal bolandygyny aýtdy.

Onsoň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa we gurallama» kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Suhan Tüýliýew bilen söhbetdeş bolup, onuň iň ýakyn dostlarynyň biri Aşyr Hojatow hakynda aýdan gürrüňlerini ýazgy etdik.

— Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň  talyplar simfonik orkestriniň çeper ýolbaşçysy hem dirižýory Aşyr Hojatow simfonik orkestr bilen baglanyşykly türkmen eserleriniň köpüsini halka ýaýmakda hemem ýaş kompozitorlardyr aýdymçylaryň döredijiliginiň ugrugyp gitmegine hemaýat edip uly işler bitirdi.  Bu halypanyň Türkmen döwlet simfinik orkestriniň baş dirižýory hem çeper ýolbaşçysy bolup işlän döwrüniň gürrüňi. Her döwrüň öz aýratynlyklary bolýar. Elbetde, Aşyr Hojatow hem bagtly durmuşa aňsatlyk bilen ýetmedi. Onuň durmuş hem döredijilik menzillerinde duş gelen kynçylyklaryň az bolmandygyna ynha, şu gürrüňlerdenem göz ýetirip bilersiňiz. Men simfonik orkestrde taýýarlyk görýän wagtymda köp zatlaryň şaýady boldum. Ýörite konsert zalynyň ýoklugy, orkestrde sazandalaryň san taýdan doly däldigi sebäpli, (hakyky gowy orkestriň azyndan 120 sazandasy bolýar.) Aşyryň orkestriniň 30-a ýeter-ýetmez sazandasy bilen her bir konserti geçirmek üçin çekýän azaplarydyr ýeňip geçýän kynçylyklary Göroglynyň kyrk ýigidiniň bir söweşde görkezýän gahrymançylygyna barabar bardyr diýip, ýylgyrman aýtsa bolar.

Sazandalary bütindünýä klassykasyna öwrülip, ady äleme äşgär bolan kompozitorlar bilen bir hatarda daşary döwletlerden bolan häzirki zaman awtorlaryň eserlerini hem türkmen diňleýjilerine ýetirmekde orkestriň hyzmaty uly boldy. 1991-nji ýylda ýurdumyzda myhmançylykda bolan amerikaly, fransiýaly şeýle hem gazak kompozitorlarynyň birnäçesiniň sazlaryny türkmen kompozitorlarynyň eserleri bilen utgaşdyryp konsert duşuşyklary geçirildi.  Kompozitorlar birleşiginiň gurultaýlary, plenumlary mynasybetli geçirilýän konsertlerdir dürli festiwallaryň jogapkärli bölegi elmydama orkestriň gerdenine düşýär. Dirižýor hökmünde Aşyryň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň ýaş kompozitorlaryň döredijiligine uly üns bermegi, olaryň sazlaryna howandarlyk etmegi. «Ýaňy ganatlanan» ösdürimi goldamagy özüniň borjy saýyp, ol ýaşlaryň döredijiligine bagyşlanan festiwallaryň birnäçesini geçirdi. Bir döwürler Türkmenistanyň kompozitorlarynyň soňky nesli hasap edilýänleriň köpüsi kompozitor Weli Muhadowyň klasynda kemala geldiler. Olaryň döredijiliginiň özboluşlylygyny, biri-birine meňzemeýän aýratynlyklaryny nazara alyp, Aşyr Hojatow «Weli Muhadowyň okuwçylarynyň eserlerinden» ady bilen konsertler toplumyny-da geçirdi. Onuň tagallasy bilen guralan şeýle konsertleriň birinde halypa kompozitoryň bäş sany şägirdiniň eseri ýerine ýetirildi. Şol konsertlere  Weli aganyň özi hem höwes bilen gatnaşardy. Onuň çaksiz minnetdarlygy bilen Aşyryň dirižýorlyk sungatyna beren ýokary bahasyny eşitmek hemmämiz üçin örän ýakymly boldy.

Halypa dirižýoryň turuwbaşdan durmuşda türkmen kompozitorlarynyň simfonik orkestr üçin ýazan ähli eserlerini halkymyza diňletmek esasy maksady boldy. Ol orkestri bilen festiwallara, konsertlere işjeň gatnaşdy.Ýaş kompozitorlary goldap, olaryň  eserlerinden düzülen konsertleri geçirdi. Orkestriň täze başlangyjy hökmünde türkmen kompozitorlarynyň hersiniň döredijiligine bagyşlanan konsertleriň ýaýbaňlandyrylmagynda-da kän işler etdi. Özem ol dabaralar awtorlaryň her ýubileý ýaşynda geçirildi. Baýramçylyga öwrülen konsertlerde diňleýjiler her gezek ýubilýaryň täze eserleri bilen tanyşdyryldy.

Aşyr Hojatow türkmeniň belli aýdymçy-sazandalary bilen işleşip, olar bilen dürli ýyllarda onlarça konsertlerde çykyş etdi. Orkestr türkmen sazlary bilen bir hatarda daşary döwletlerden gelen sazandalaryň gatnaşmagynda başga ýurtlaryň sazlaryny çalyp, halklaryň arasyndaky dostluk doganlygy berkitmekde hem öz goşandyny goşdy.

Täze sazyň ilkinji ýerine ýetirijisi onuň «dünýä inişi» bilen deňeşdirilýär. Sazyň ilkinji ýaňlanan gezegi onuň geljekki ykbalyna örän güýçli täsir edýär. Şol sebäpli ýurdumyzda kompozitorlar simfonik orkestr bilen baglanyşykly ýazan sazlaryny ilkinji bolup Aşyr Hojatowyň ýerine ýetirmegini arzuw edýärler. Durdy Nuryýewiň keselhanadan: «Aşyr jan, soňky ýyllarda sünnäläp ýazan «Liriki poemamy» hiç kime bermän, özüň dirižýorlyk edewergin» diýip hat ýollany, Çary Nurymowyň: «Maestro, şu simfoniýamy seniň dirižýorluk etmegiňde-de bir eşidäýsem» diýip 3-nji, «Maru-Şahu-Jahan» simfoniýasyny sowgat bereni ýadymda. Şuňa meňzeş tolgundyryjy ýatlamalar başga-da kän. Aşyr bolsa zähmetinden gaçman, bütin ömrüne döredilen täze eserlere ak pata berip, olary sungat ummanyna ugrukdyryp gelýär. Özem her gezek ýerine ýetirende, diňleýjä eseriň häsiýetini, filosofik çuňlugyny, many-mazmunyny maňzyna çenli açyp görkezýär. Galyberse-de, Aşyr aga, halky sungatyň içinde ulalansoň, eserleriň milli öwüşginini örän gowy duýýar we ony ýüze çykarýar. Halypa dirižýoryň  döredijiligi barada Rejep Allaýarow: «Aşyryň ýerine ýetirişi diňe bir tebigy zehininiň görkezijisi bolman, onuň yhlasly zähmetiniň, özüne bolan berk talap edijiliginiň hem netijesi» diýip belleýär. Eserini K. Iwanow, G. Roždestwenskiý, F. Mansurow, W. Sinaýskiý ýaly halkara derejede tanalýan dirižýorlar ýerine ýetiren görnükli kompozitorymyz Weli Muhadowyň Aşyra sowgat beren 1-nji, simfoniýasynyň partiturasyna: «Zehinli türkmen dirižýory, eserimiň iň gowy ýerine ýetirijisi Aşyr Hojatowa. Türkmen professional saz medeniýetini ile ýaýmakda uly döredijilik üstünliklerini tüýs ýürekden arzuw edýärin. Söýgi bilen Siziň Weli Muhadowyňyz. 4-nji dekabr, 1996-njy ýyl, Aşgabat. » diýen ýazgy bar.

Sazyň içindäki dyngylaryň, säginmeleriň eser ýerine ýetirilende, näçe pursat dowam etmelidigini duýmak uly ussatlygy talap edýär. Jüpüne düşende, eseriň şireliligini esli artdyrýar. Bu babatda Weli Muhadowyň: «Be-e, Aşyr, eseriň depginini, sazyň içindäki fermatalary, dyngylary, säginmeleri örän gowy duýuşyňa oturyp-oturyp haýranlar galýan-da» diýen öwgüsini Aşyr öz döredijiligine berlen gymmatly serpaý hasaplaýar. Onuň döredijiligine sungat ussatlary tarapyndan berlen ýokary bahalaryň, adyna aýdylan alkyşlaryň sanasaň sogaby bar. Kompozitorlar minnetdarlygynyň nyşany hökmünde oňa iň gowy eserlerini bagyşladylar.

Aşyr Hojatowyň durmuşynda türkmeniň görnükli dirižýory Hydyr Allanurowyň şahsyýeti hem saldamly sahypalaryň birini eýeleýär. Aşyr ony bütin ömrüne ruhy halypa saýyp, özüni onuň ussatlygyndan täsirlenen hasaplaýar. Aşyr simfonik orkestriň baş dirižýory wezipesinde işlän döwri Hydyr agany dirižýor hökmünde ýanyna işe aldy. Oňa hyzmat etmegi özüne bagt bildi. Hydyr Allanurow bilen Aşyr Hojatow ussadyň ömrüniň soňky pursadyna çenli ataly-ogul ýaly gatnaşykda boldular. Aşyr Hojatow 1985-nji ýyldan başlap, häzire çenli biregne konserwatoriýanyň simfonik orkestriniň dirižýory bolup işläp gelýär. Talyplar orkestri bilen işleşmegiň öz aýratynlyklary bar. Orkestrde talyplary hemme döwürleriň döredijilik stilleri, türkmen hem dünýä edebiýatynyň dürli žanrlarda ýazylan dürli häsiýetdäki eserleri bilen, olaryň ýerine ýetirijilikde üns berilmeli özboluşlyklary bilen tanyşdyrylmaly. Galyberse-de, orkestrde oturan 80-den gowrak talybyň hersine ýeterlik derejede üns bermeli. Şu meselede dirižýor bilen mugallymçylyk hünärinde meňzeşlik kän. Olaryň ikisi-de, ilki bilen, psiholog bolmaly. Talyplar orkestri bilen işlemegiň iň kyn ýeri hem — 5 ýylyň dowamynda ýetişdiren talyplaryň okuwyny tamamlap, olaryň ýerini täze talyplar eýeleýär. Şeýdibem hemme zat täzeden başlanýar.

Ussat dirižýor konserwatoriýanyň talyplar simfonik orkestriniň dirižýory  döwründe-de türkmen sazyny wagyz etmegini dowam edýär. Orkestriň her ýylda berýän hasabat konsertleri uly baýramçylyga öwrülip, olarda dünýä halklarynyň nusgawy sazlary, türkmen kompozitorlarynyň saz eserleri ýaňlanýar. Türkmen kompozitorlarynyň ýubileý ýaş toýlary olaryň eserlerinden birnäçesini ýerine ýetirmek arkaly bellenip geçilýär. Bu orkestr döwlet derejesinde geçirilýän dabaraly konsertlere işjeň gatnaşmak bilen bir hatarda, ýokary okuw mekdeplerde yzygiderli şeýle hem teleradioýaýlymlarda çykyş edýär. Olaryň çykyşlarynda ajaýyp durmuşymyzy wasp edýän häzirki zaman eserleri hem öz mynasyp ornuny eýeleýär. Ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin konserwatoriýanyň simfonik orkestri 2013-nji, 2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Aýdym-saza ykbalyny baglap  halkymyza hyzmatyny gaýgyrman gelýän halypa dirižýor Aşyr Hojatow 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», 2008-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara şeýle hem «Watana bolan söýgüsi üçin», «Magtymguly Pyragy» medallary ýaly döwlet sylaglaryna mynasyp boldy — diýip, Suhan mugallym buýsanç bilen gürrüň berdi.

Halypa kompozitordan: «Buça bolanyna görä Aşyr Hojatowyň doglan senesinem aýdaýyň, mugallym!» diýip haýyş etdik. Ol Aşyr aganyň 1952-nji ýylyň 25-nji aprelinde Tejen etrabynyň «Täze oba» obasynda doglandygyny aýtdy.

Tüweleme, ýaşuly dirižýor ýedi onlugy arka atypdyr. Pursatdan peýdalanyp oňa maşgala bitinligi bilen jan saglyk, uzak ýaş, ýeneki ýyllarda döredijilik üstünlikleriniň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

Akgül Saparowa

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri