SIZDEN GELENLER

Aslyň seniň niredendir? (meniň pikir ýöretmelerim)

Adatça bolşy ýaly, agşam çagy gaýynatam işden çykan badyna öýe jaň edip, «çaýymy demläberiň, men ýolda» diýip, duýdurmagy endige öwrülipdir. Emma kähalatlar duýdurylmasa-da, sagat bir çene baranynda, endigimize görä, gök çaýyny demläp goýýarys. Aýratyn hem içine dürli dermanlyk ösümliklerden hem bir çümmük atdyňmy, şol çaýy bir owurt içdimi, gaýynatamyň şähdi açylyp, keýpi çag bolýar. Şol pursat agtyklarynyň ala şakyrdy bolup, oýnap oturyşlary, «Watan habarlary» gepleşigini görmäge päsgelçilik berýändigi birjigem onuň «Bäh agtyklar, hany galmagalyňyzy bes ediň» diýip, sesini gataltmagyna sebäp bolmaýardy.

Gaýtam agtyklarynam ýanyna çagyryp, «Baryň, eliňizi ýuwup geliň. Size süýjüli çaý ýasap bereýin» diýdigi, çagalar ylgaşyp, elini ýuwmaga gider. Soňra bolsa, hersi öz käsesini eline alyp, setir bolup gelýärler. Atasynyň ýanyna üýşüp oturmagy özlerine mertebe bilýärler. Näme üçindir ula bolan hormaty sebäplimi ýa-da gaýynatamyň agras we talap ediji gylygyndan, oglany gyzy atasynyň daşyna üýşdigi, juda tertipli oturýar. Çagalar süýjüli çaý içmegi juda gowy görýär. «Ata, men birinji boşatdym. Men düýbüne çenli içdim» diýşip, göýä atasynyň «tüweleme» sözüni eşitmek üçin bäsleşýän deý, hersi bir ýandan gygyrýardy. Atasy hem «tüweleme agtyklar» diýdigi, çagalaryň ählisi begenişip, atasyndan rugsat sorap, töwir galdyryp, turup oýna dowam ederdiler. Kähalatlarda çagalar hem bize käbir gylyklary öwredýär. Mysal üçin çaganyň, atasynyň bir öwgüli sözüne begenişi deý, her bir adam daş-töweregindäki gözelliklere, eşretlere guwanyp ýaşasa, durmuş has hem ajaýyplaşar. Şonuň üçin bolsa gerek, ýaşuly bolup, agtyklaryňy daşyňa üýşürip, bir ýere jem bolup oturmak bolsa, gaýynatamyň begenjidi.

Çaý başynda döredilýär eserler

Düýn mähriban Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabyny elime alanymda, bir oturşyma tutuş okap gutaranymy duýman galypdyryn. Sebäbi çaýyň peýdasy we taryhy hakynda gürrüň berilýän maglumatlaryň çeperçilik bilen beýan edilip, sünnälenip ýazylşy kitabyň indiki gatynda näme hakynda gürrüň edilerkä diýip, okyjyny gyzyklandyrýar. Şonuň üçin kitaby bir heňde okanyňy duýman galýarsyň.

Mähriban Arkadagymyz kitapda «Türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň ajaýyp eserleri çaý başynda döredilen eserlerdir diýip pikir edýärin» diýen sözleri meniň üçin ýakyndy. Sebäbi türkmen edebiýatynyň wekilleri, şahyrdyr bagşysy çaýyň waspyny belentde tutýar…

Sahy Jepbarowyň, Bäşim Ýolamanowyň gök çaý baradaky aýdymlary, Körmollanyň gök çaý goşgusy, şeýle-de türkmen edebiýatynyň başga-da birnäçe görnükli wekilleriniň eserlerinde çaýyň waspy döredijilikli beýan edilýär we bu eserler halk arasynda uly meşhurlyga eýe boldy.

Döredijilik we akyl zähmeti bilen yzygiderli meşgullanylýan halatlarda çaý içmek bedene kuwwat, seriňe tämizlik berýär. Aýratyn hem, köneler aýtmyşlaýyn, «Çaý bir gaýtarylanda — laý, iki gaýtarylanda — çaý, üç gaýtarylanda — maý, dört gaýtarylanda göwnejaý» diýilse-de adaty wagtlarda çaýy üç gezek gaýtarmak ýörgünlidir.

Çaý içeniňizde, pikir ummanyna batyp, arassa, asuda gök asmany, ýaşyl öwsüp duran meýdanlary göz öňüne getirip,  tebigatyň  gaýtalanmajak ajaýyplyklaryny, terligini özüne siňdiren çaý ýaprajyklaryndan demlenen çaý siziň janyňyza lezzet berer, göwnüňizi  göterer, ýadawlygyňyzy ýok eder, derdiňize derman bolar!

 

Aýbölek ABDYRASULOWA,

«Watan».

Ýene-de okaň

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri