SIZDEN GELENLER

Aslymyzdan nusgalykdyr döwrüme

Türkmenistanyň Prezidentiniň halkymyza peşgeş edýän pähim-paýhasyndan kemala gelen kitaplary biziň durmuşymyza, ömrümize nusgalyk bolup, ondaky beýan edilýän taryhy wakalar, halkymyzyň gahrymançylykly ýollarynyň beýany biziň her birimize ýol-ýörelge bolýar. Ýakynda çapdan çykan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly her sahypasy gyzyldan gymmatly kitabyň elimize gowuşmagy ähli halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Aslynda kitap ynsanyň ruhy hazynasy, onuň ätjek ädiminiň dogrulygyny kesgitlemäge ýardam edýär. Çünki kitap sahypalaryndaky beýan edilýän wakadyr, tymsallar, anyk faktlar bular biziň şöhratly geçmişimiz bolup şu günki günde nähili ýaşamalydygyny öwredýän, geljekdäki maksatlarymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýän mukaddeslikdir. Mähriban Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby 12 bölümden ybarat bolup onuň her bölümi biziň durmuşymyzda wajyp orny eýeleýär. Sebäbi bu bölümlere sözbaşy bolan jümleleriň ählisi halkymyza mahsus, ynsanlyk duýgusyny duýýan her bir adamyň ruhunda we durmuşynda, jemgyýetde hökman bolaýmaly häsiýetlerdir.

Kitabyň “Agzybirlik” bölüminde aslymyz Oguz han türkmeniň agzybirlik ýörelgesinden gözbaş alýandygy aýdylýar. Agzybirligiň netijesinde halkymyz şöhratly taryhy bina etdiler, agzybirligiň netijesinde 5000 ýyllyk taryhy biziň günlerimize ýadygär galdyrdylar.

Kitapda «Gojalarymyzyň, mähriban enelerimiziň senaly dilinde hem ilki bilen agzybirlik bilen baş saglygy bar» diýlip bellenilýär. Hakykatdan hem arzuwlaryň özeni agzybirlikde we jan saglykda jemlenýändir. Agzybir ilimiziň ata-baba ýörelgelerini dowam etdirip, öz döwletli ojaklarynyň, kuwwatly türkmen döwletiniň abraýyna abraý goşýandyklary çäksiz begendirýär diýip mähriban Arkadagymyz «Agzybirlik» bölüminde buýsanç bilen belleýär. Gündelik arzuwlaryň mazmunynda hem agzybirlik bardyr. Ýakynlar, tanyşlar, dost-ýarlar habarlaşan halatlarynda, telefonda gepleşenlerinde-de, elektron hatlarynda hem: «Öýüň abadan, maşgalaň agzybir bolsun!» diýýändirler. Dil bilimi bilen iş salyşýanlar alkyş sözleri hakynda has gowy bilýändirler, alkyş sözlerinde «agzybirlik» düşünjesi ähmiýetli orny eýeleýär. Agzybirlik edim-gylymlaryň, özara sylaşygyň birligini aňladýar.

Ir döwürlerde türkmen obasynyň deňinden geçip barýan ötegçi ilki bilen ondaky tamdyrlara syn edipdir. Sebäbi, eger-de obada her syrgynda ýa-da her ýerräkde bir tamdyr bar bolsa, bu obanyň agzybirligini aňladypdyr. Her öýüň deňinde tamdyr bar obany bolsa, ýeňmek aňsat düşüpdir. Sebäbi olar agzala bolup, olaryň bir agza bakdyryp bilýän dana ýaşulusy bolmandyr. Il agzala bolsa, oňa başga ýerden zelel gelmegi hökmanam däl, sebäbi agzalanyň bar ýagysy özünde.

«Agzybirlik» bölüminde halkymyzyň toý däp-dessurlary hem giňişleýin beýan edilipdir. Sebäbi toý-märekäniň abraý bilen sowulmagy we il-günüň razy bolmagy hem agzybirlikden nyşandyr. Toý hakynda gürrüň açylanda türkmen toýlarynda we adaty günlerde taýýarlanylýan türkmen tagamy, ýagny petir çörek hakynda gürrüň türkmeniň milliligine aýratyn üns berýändiginden habar berýär. Mähriban Arkadagymyz: «Petir çöregiň guraksy tagamy bolýar, dograma taýýarlananda, ol etdir ýagyň tagamy bilen eýlenýär. Petir we maýapetir çaýçorba etmek üçin hem amatly. Çölde garagowurdagy käsä atyp, üstüne tüňçede gaýnan çaý guýup, ony hem bir bölek maýapetir bilen iýenler onuň tagamyny uzak wagtlap unutmasalar gerek» diýip belleýär.

Agzybirlik ilki bilen maşgalada döräp, bu häsiýet her adamyň süňňüne ornaýar. Maşgaladan gözbaş alan agzybirlik mizemez döwleti emele getirýär. çünki birnäçe maşgalanyň jemlenip, agzybir jemgyýetiniň esasynda döwlet döreýär. Döwletiň agzybirligi bolsa dowamly we ýagty geljegiň güwäsidir.

Mundan başga-da, ynsaplylyk bölümini alyp görenimizde bu bölüme degişli sahypalarda adamzadyň ynsap duýgusy hakynda söhbet açylýar. Bu duýgyny açyp görkezýän tymsallar has-da düşnükli dilde beýan edilip, durmuş ýolumyza ýörelge hökmünde ulanmaklyga mümkinçilik berýär.

Ynsaplylyk duýgusy adamyň ruhunda ýaşap, ol bilen ynsan gözel we päk görünýär. Durmuşda ol adama özünden hoşal bolup ýaşamak mümkinçiligini berýär. Onuň bu mümkinçiligi özüne bermekligi edýän hereketiniň, aýdýan sözüniň, töweregindäkiler bilen oňyn gatnaşygy bilen aňladylýar.

Kitabyň “Ynsaplylyk” bölüminde şeýle diýilýär:

—-“Ata-babalarymyz “owalynda ynsabyna guýlan” diýip nygtapdyrlar. Ynsap adamy adam edýän ruhy özen. Ol adama ene süýdi, ata öwüdi bilen tebigy ýagdaýda geçýär. Ynsaby bolandygy üçinem, ýaradylyşyň iň beýik ýaradylany adam!”  hormatly Prezidentimiziň bu jümläniň üsti bilen ynsabyň adamyň aslyndan geçýändigini, alan terbiýesiniň netijesidigini ündeýär. Elbetde heniz çaga dünýä inmänkä ol baradaky alada uly gymmata eýe bolupdyr. Çünki perzendiň dünýä inmegi şol maşgalanyň dowamy, mizemezligi bolupdyr we ol pikir häzirlerem halk arasynda könelmäni dowam edýär. Dünýä inen çaganyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmak üçin ähli gerek zatlar kemsiz ýerine ýetirilipdir. Her bir adamda Ynsaplylyk duýgusynyň baky ýaşamagy üçin esasy wezipe enäniň we atanyň perzendine bolan garaýşynda, berýän terbiýesinde jemlenmek bilen çäklenmäni eýsem olaryň hem durmuşda bu duýgyny öz häsiýetlerinde ornaşdyrmagy bilen ölçenilýär.

Kitabyň ynsaplylyk bölüminde ýaş ýigidiň almany bir dişläp soňra göwnüne çiglik gidip, onuň eýesini razy etmek üçin ýola düşüşi we ol ýollarda birnäçe wakalara duş gelmegi, ahyrynda-da özüniň bu häsiýeti bilen bagtyny tapyşy beýan edilýär. Bu ýerde maşgala ojagynyň mukaddesligi, durmuşda ýaş galmaklygyň syry, zähmetsöýerlik, ýerlikli sözlemegiň güýji, asly halallyk barada söhbet açylýar. Ynsaplylyk duýgusy niýetiň bilen hereketiň deň gelmekligi bilen aňladylýar. Aýdýan sözüňdäki dürslük we kalbyňdaky päklik esasynda edilen hereket hiç haçan öz gymmatyny ýitirmeýär. Edýän işiň başga birine nähili täsir etjegi baradaky pikir seni başlan  işiň şowsuz bolmagyndan we töweregiňdäkileriň saňa boljak erbet pikirinden  goraýar. Tymsaldaky ýaş ýigidiň:

— Asyl şeý diýsene! Halallygym, ynsaplylygym bagtymyň gözbaşy bolupdyr-da onda …..“ diýen setirleri hem onuň öz eden işinden kemal tapyp, eden hereketiniň dogrulygyna göz ýetiren pursadyny aňladýar. Edil şu ýagdaý bolmasa-da şuňa meňzeş ýagdaýlar biziň her birimiziň durmuşymyzda gaýtalanyp biler, ýöne dogry ädim ädip, pellehana üstünlikli ýetmek diňe kalbyny diňlän, ynsabyna gulak asan ynsana başardýar. Aslynda hiç bir adam dünýä inende erbet bolup ýaradylmaýar, ýöne onuň ýaşamak hukugyny alan dünýäsindäki täsirleriň astynda ol özüne ýol saýlaýar, şoňa göräde häsiýet alýar. Zandynda bolmadyk häsiýetleri özünde özleşdirmäge çalyşýar. Ýöne ol häsiýetiň ömri onda uzak ýaşamaýar. Ynsaplylyk bilen halallyk duýgusyny kalbynda ýaşadyp we ony hakykat ýüzünde ulanyp bilýän adam hiç wagt ýalňyş ýola girmeýär we ýalňyş hereket etmeýär.

Munda başga-da ýene bir tymsalda hökümdar bilen derwezebazyň aýalynyň arasyndaky bolan wakada şeýle sözler bar:

— Hökümdarym hemme gapylary ýapdym, ýöne bir gapyny hiç ýapyp bilmedim – diýipdir.

—-Ol nähili gapy?

— Allanyň görýän gapysyny hiç ýapyp bilmedim, hökümdarym! – diýip köp manyly jogap beripdir.

Bu jogaby eşidenden soň, hökümdaryň ynjalygy gaçypdyr. Uzak wagtlap oýlanyp oturupdyr-da: “Sülgün awlamakçy bolsaň, öýüňdäki towuklaryňy ýada salgyn” diýleni bold-ow  bu diýipdir”.

Elbetde her döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň ar-namysy, edep-ekramy halkymyzyň milli buýsanjy, baýdagy bolupdyr. Kitapda berilen bu tymsalda hem türkmen zenanyna mahsus häsiýet, onuň wepalylygy, akylly başly hereketi, sözi ýerlikli we garşysyndaka täsir edip biljek derejede ulanyp bilişi beýan edilýär. Derwezebazyň aýaly bu ýerde özüniň oýlanşykly beren jogaby bilen hökümdaryň kalbynda ynsap duýgusyny oýarmagy başarypdyr.

Haçanda adam eden işinden kanagatly hala gelende onuň durmuşy, ömri gözelleşýär we  manyly bolýar. Ynsaplylyk bu her birimiziň kalbymyzda ýaşaýar we onuň dowamlylygyny arassa saklamak bolsa özümiziň elimizde. “Ynsabyňa haý diýmeli”, “Ynsabyňy ýuwutma” diýen jümle ýaşlykdan aňymyza ornan sözler. Bu jümle bütin ömrüňe täsir edip, ol seni her işdäki päsgelçiliklerden goraýar. Ynsaplylyk duýgusy her adamyň içki dünýäsinde ýaşap, aýdýan sözüň we hereketiň üsti bilen daşky dünýäde amala aşyrylýar.

Sözümiň ahyryny mähriban Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň “Ynsaplylyk” bölüminde ýerleşdirilen paýhasly setirler, ýürekden çykýan ajaýyp arzuwlar ýagny:

“Ata-babalarymyzyň adamkärçilik pentlerine, wepaly il-ulsumyza arassa, halal ýaşaýyş, bagtyýar durmuş miýesser etsin!

Rysgal-döwlet binýadyňyz ynsapdan gurulsyn!

Bagtyýar durmuşda ýaşap, arzuwlaryňyza ýetiň!” diýen jümleleri bilen jemlemegi makul bildim.

 

Şaperi Otuzowa,

žurnalist.

 

Bu makala  “Saýlanan Teswirler” ady bilen geçirilen baýrakly taslamanyň ýeňiji bolan eserleriniň biridir. Ýeňiji bolan beýleki eserleri okamak üçin: 

Baýrakly Teswirler: Saýlanan teswirler belli boldy

Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys.

 

Tirkiş Amangeldiýew: Ýüregimde aýdym bar

Aýdym-saz ynsanlara ruhy lezzet paýlaýar. Hut şonuň üçinem biz hemişe şirin sazlaryň, owadan aýdymlaryň aşygy. Hoş owazlary diňlänimizde aýdym-saza bolan söýgimiz öňküdenden-de artýar. Diňleýjilere owadan aýdymlary bilen ruhy lezzet paýlaýan bilbil owazly aýdymçylar ýurdumyzda sanardan köp. Mylaýym heňli, ajaýyp aýdymlary bilen aýdym-saz muşdaklaryny begendirýän aýdymçylaryň biri, heniz ýaşdygyna garamazdan diňleýjileriň söýgüsini gazanmagy başaran ýaş zehinli aýdymçy, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Medeni miras” fakultetiniň “Höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Tirkiş Amangeldiýew. Biz onuň bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin söhbetdeş bolduk. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika