BIZNESIŞ ORUNLARY & TENDERLER

Aşgabat şäherinde Stomatologiýa merkezi gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda Aşgabat şäherinde Stomatologiýa merkeziniň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 17-nji noýabryna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Related posts

Türkiýede türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeligi dabaraly açyldy

Türkmen dokma önümlerini ýapon bazaryna çykarmak maslahatlaşyldy

TSTB: hususy himiýa zawodyny gurmak meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment