SPORT

Ýaşyl meýdançanyň ýyldyzynyň ekologiýa zyýany

Ýaşyl meýdançanyň ýyldyzy hasaplanýan Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi ekologiýa öz zyýany berýär. Onuň daşky-gurşawy hususan-da, howany hapalamakdaky ýetirýän zyýany uludyr. Bu barada daşky-gur’awy goramak boýunça hünärmenler belläp geçýär.

Olaryň hasaplamalaryna görä, argentin futbolçynyň hususy uçayr howany hapalaýar. 2022-nji ýylyň diňe 3 aýynda Lionel Messi 52 gezek ýörite uçaryndan peýdalanypdyr. Şol döwürde Messi 368 sagat uçupdyr we  onuň hususy uçary howa hapa gazlaryň 1,5 müň tonnasyny goýberipdir.

Hünärmenler Lionel Messiniň öz uçaryndan ýygy-ýygydan peýdalanmagyndan nägile. Galyberse-de Messi goňşy şäherdäki futbol duşuşygyna hem öz uçary bilen barýar.

Messi öz hususy uçaryny 2018-nji ýylda satyn aldy. Häzirki wagtda bu uçaryň bahasy 15 million dollara deňdir. 16 ýolagça niýetlenen bu uçarda iki aşhana, iki suwa düşülýän kabina we beýleki şertler bar.

Ýene-de okaň

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy