SPORT

“Brýugge” çempion yglan edildi

Belgiýanyň milli futbol çempionaty gutarnykly tamamlandy. 2019-2020-nji ýylyň möwsüminde ikinji orunda barýan topary bilen arasyndaky aratapawut 15 utuk bolan “Brýugge” topary çempion yglan edildi.

Çempionatyň internet sahypasynda ýerleşdirilen habara görä, Belgiýanyň milli futbol çempionatynyň Dolandyryjylar geňeşi wideo konferensiýa arkaly ýygnak geçirip, “COVID 19” täze görnüşli koronawirus ýokanjy sebäpli mart aýynda arakesme yglan edilen çempionaty gutarnykly tamamlamak we “Brýugge” toparyny çempion yglan etmek hakynda karar kabul edildi.

Ýygnakda amala aşyrylan gizlin ses berlişik arkaly “Waasland Beweren” topary aşaky liga düşürildi. Çempionatda arakesme yglan edilmezden ozal, “Brýugge” topary 70 utuk toplapdy. Bu topary çempionatda ikinji orunda barýan “Gent” bilen aratapawudy 15 utuga deňdir.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar