SIZDEN GELENLER

Arylar barada gysgaça maglumatlar

Dünýäde dürli yklymlarda dürli sebitlerde ýaşaýan arylaryň 20 müňe golaý görnüşi bar. Bu jandarlar Antarktikadan başga dünýäniň ähli yklymynda tozgalanýan ösümlikleriň bar ýerlerinde gabat gelýär.

Balarylar öýlerini hem-de iýmit çeşmelerini, ýagny gülli ösümlikleri ösen GPS (Global Positioning System-Global ýerleşme ulgamy) ulgamyndan peýdalanýan ýaly, azaşmazdan tapyp bilýärler.

Bir ary bir gezekde iňňäniň ujy ýaly bal toplaýar. Muňa garamazdan, käbir ary sürüsi her günde bir kilograma barabar bal ýygnap bilýär.

Erigiň ýa-da islendik başga bir ösümligiň güllänini gören bolsaňyz gerek. Olaryň ählisi biri-birine meňzeş. Şeýle bolansoň, olary tapawutlandyryp bolmaýar. Emma arylar beýle däl.

Öň gonan gülüni ýadynda saklap, ikinji gezek şol güle gonmaýar. Balarylar diňe gonan güllerini däl, eýsem, adamlaryň ýüz keşbini hem ýadynda saklaýar.

Balary öýjükleriniň galyňlygy bir millimetriň ondan birine barabar. Muňa garamazdan, öz agramyndan ýüzlerçe agyr ýüki göterýär.

Keselleriň, pestisidleriň we tebigy ýaşaýyş ýerleriniň azalmagy sebäpli olaryň sany barha azalýar. Alymlar bu mör-möjekler barada bar bolan maglumatlary ulgamlaşdyrmak kararyna geldiler we arylaryň global kartasyny döretdiler. Bu kartanyň üsti bilen olaryň görnüşleriniň dürlüligini gorap bolar.

Arylaryň biziň tebigatymyza has takygy ösümliklere ýetirýän täsiri örän uludyr. Hut şu nukdaýnazardan ugur alnyp indi ençeme ýyldan bäri Bütindünýä arylar güni giň gerimde bellenilip geçilýär. BMG-nyň senenamasynda 20-nji maý Bütindünýä arylar güni hökmünde hasaba alyndy.

Söhbet Durdyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

23-nji martda gowaça ekişine girişiler

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi