Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gün-günden şanly menzilleri nazarlaýan döwletimiziň daşary syýasatynyň ösüşi okgunly häsiýete eýedir. Çünki ýurdumyzyň ýylsaýyn hil we mazmun taýdan baýlaşýan halkara gatnaşyklarynyň özeninde halkymyzyň parahatçylyk, dostluk, hyzmatdaşlyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýaly asylly ýörelgeleri dur. Bu, şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň sebit we dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolmagynda-da täze sahypalary açýar. Biz bu hakykata ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň halkara durmuşy bilen baglanyşykly bolup geçen şanly wakalaryň mysalynda hem şaýat bolduk.
Parahatçylyk, ynanyşmak, durnukly ösüş — bular Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan ugurlaryň hataryny düzýär. Bu ugurdaky öňe ilerlemeler ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny has-da berkidýär. Ýaňy-ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi baradaky gelip gowşan hoş habar hem ýurdumyzyň ygtybarly we ynamly hyzmatdaş hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde ornuny has-da pugtalandyrýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Bilşimiz ýaly, özygtyýarly, baky berkarar Watanymyz hemme taraplaýyn strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýerýän, ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine ýugrulan başlangyçlary netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de oňa agza döwletleriň iň ýakyn we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Bu hakykaty «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamany kabul etmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjyna gurama agza ýurtlaryň köpüsiniň hem-de sebitiň ähli ýurtlarynyň awtordaş bolup çykyş edendigide aýdyňlaşdyrýar.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramyna golaýlaşýan günlerimizde ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny bezän bu hoş habar halklaryň arasynda parahatçylygy berkitmek, birek-biregiň tekliplerine hormat goýmak, iki taraplaýyn we köp taraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýörelgeleriniň «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegidigini ýene bir gezek tassyklady.
Edil şol günlerde hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen XVI BRICS sammitine gatnaşmagy we oňyn teklipleri, asylly başlangyçlary öňe sürmegi halkara jemgyýetçiliginiň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen tagallalaryna Garaşsyz Türkmenistanyň işjeň gatnaşýandygyny äşgär etdi. Döwlet Baştutanymyzyň bu sammitde eden taryhy çykyşynda döwletara gatnaşyklarynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen birlikde dürli ugurlarda, şol sanda durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmekde, ekologiýa we azyk howpsuzlygy babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmakda, ynsanperwer ulgamda, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmekde, medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda ýurdumyz tarapyndan yzygiderli tagallalaryň edilýändigine we asylly başlangyçlaryň öňe sürülýändigine ünsi çekdi.
Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenilýän ýylynda başy başlanan umumadamzat ähmiýetli asylly işler eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny dabaralandyrjak 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem dowamat-dowam bolar. Şeýle rowaçlyklar türkmen döwletliliginiň taglymlarynyň milli çäkleri aşyp, dünýä ýaýraýandygynyň, tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat edýändiginiň nyşanyna öwrüler. Şanly ýylda halkara derejede geçiriljek çärelere häzirden uly taýýarlyk görmek, hemişelik Bitaraplygymyzyň baýramyny uly üstünlikler bilen garşylamak möhüm wezipedir. Üstünliklerdir belent sepgitler, ilkinji nobatda, halkyň bolelin durmuşynyň üpjün edilmeginde we ykdysadyýetiň pudaklarynyň sazlaşykly ösmeginde şöhlelenýär. Çünki ykdysadyýetiň kuwwaty we halkyň jebisligi islendik döwletiň özygtyýarlylygyny, berkararlygyny kesgitleýän esasy şertleriň iň esasylarydyr. Gülläp ösüşler hakynda pikir ýöredilende, halk hojalygynyň möhüm pudaklary bolan senagat, telekeçilik aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygarlaryndan ruhlanýan halkymyzyň yhlasly zähmeti, röwşen geljege sarsmaz ynamy, gazanylýan ösüşler, ýetilýän sepgitler eziz Diýarymyzyň dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende galmagyny şertlendirýär. Il-ulsumyzyň asuda, abadan durmuşy ugrunda ýadawsyz aladalary edip,Watanymyzy ösüşleriň röwşen ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Seýit Bäşimow,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.