SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Arçman” şypahanasy

Döredilen ýyly:  1915 ýyl  (2009-njy ýylda täze 420 orunlyk bina guruldy we öň
 hereket edýän durky täzelenen 500 orunlyk binalarynyň üsti ýetirilip, häzirki wagtda
 920 orunlyk dünýä ülňülerine laýyk gelýän şypahana öwrüldi)
Salgysy:  745180.  Türkmenistan,  Ahal welaýat, Bäherden etrap, Arçman şäherçe.
Iş telefonlar:  (+99312) 92-14-10,  (+993131) 26-4-56.
Faks: (+99312) 92-14-10.
Elektron salgysy:    archman@online.tm
“Arçman”  şypahanasy  Ahal  welaýatynyň  Bäherden  etrabynyň  çäginde, Aşgabat  şäherinden  günbatarda  130 km  uzaklykda  Köpetdagyň “ Degirmendag” diýen  ýeriniň  eteginde  deňiz  derejesinden  157 metr  belentlikde  ýerleşýär. 1915-nji ýylda şypahana ilkinji näsaglary kabul edip başlaýar. 2009-njy ýylda Hormarly Prezidentimiziň tagallasy bilen 420 orunlyk bina guruldy we öň hereket edýän durky täzelenen 500 orunlyk binalarynyň üsti ýetirilip, häzirki wagtda 920 orunlyk dünýä ülňülerine laýyk gelýän şypahana öwrüldi. Arçmanyň kükürtli çeşmesi özünde kükürtli wodorody jemleýän köpsanly termal çeşmeleriniň biri bolup durýar. Arçmanyň şypaly suwy himiki  düzümi  boýunça kükürti, hlory, gidrokorbanatlary, natrini-kalsini-magnini saklaýan gowşak aşgarlanan suwlar  toparyna  degişlidir. Şypaly suwyň  düzüminde kükürt  wodorodyň mukdary  bir litirde  14-16  mg-a  barabardyr. Suwuň  temperaturasy  bütün  ýylyň  dowamynda  28,2-28,5  gradusa deňdir. Suwyň  gury  galyndysynyň  düzüminde  24- dürli  himiki element bar.
Bölümleri:

 

    1.  Anyklaýyş  bölümlerinde: ultrases barlagy, endoskopiýa barlagy, rentgen barlagy, elektrokardiografiýa barlagy, laborator (ganyň we peşewiň umumy barlagy, ganyň süýjüligi) barlaglary geçirilýär  hem-de ginekolog, stomatolog, newropatolog, kardiolog, gastroenterolog we içkeseller  lukmanlarynyň hyzmatlary bar.
    2. Bejeriş bölümlerinde: 47-enjam bilen enjamlaşdyrylan 15 sany fizioterapiýa bejergileri üçin otaglar, sagaldyş-bedenterbiýe otaglary, wulkan palçygyny ýüze ýapmak otagy, owkalaýyş otaglary, aeroionobejergi otaglary, stounoterapiýa otaglary, parafin-ozokerit ýapgy otaglary, oňurga çekim otaglary, týubaž otaglary   hereket edýär.
    3. Suw bilen bejeriş bölüminde: Köp sany mineral suwly wanna, derman ösümliklerinden wanna, içege ýuwulýan otaglar, aşgazan  ýuwulýan  otag, suw asty  owkalaýyş  otaglary, waginal we rektal tampon otaglary, suw pürkmek arkaly geçirilýän em otag we gidrokolonoterapiýa otaglary hyzmat edýär, şol sanda 1 sany suw içilýän bölümi hereket edýär.
Täsiri: Mineral suw içmek, suwa düşmek  we  içegeleri  ýuwmak  üçin  ulanylýar.Mineral suwy içilende we wanna  kabul  edilende  suwuň  düzümindäki  kükürtli  wodorod  we  beýleki  mikroelementler  bedende  bütünleý  özgeriş  döretmek  bilen , dokumalaryň  işjeňligini   ýokarlandyrýar,  gan  aýlanyşygyny  kadalaşdyrýar . Agzalaryň  dokumalaryndaky  gaýnaglama  hadysalarynyň  aýyrylmagyna   ýardam  edýär.  “Saglyk” ýolunyň howasynyň ýene bir aýratynlygy çeşmeden çykýan radon gazy bilen baýlaşýandygydyr.  Radon gazynyň degna ulgamlaryny rahatlandyryjy täsiri bardyr. Bulardan başgada  naharhanalarda berhiz saçaklar,  gök, süýt önümleri hödürlenýär.
Görkezmeler:
    1. Iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri: Ezofagit, gastritler, holesistit we holangit,  olaryň  diskeniziýalary , enterekolitler , daşky  we  içki babasil,  aşgazanyň  we  onikibarmak  içegäniň  başy remissiýa döwürleri,   semizligiň ýeňil  we  orta derejeleri,süýjüli diabet II-tip.
    2. Ýürek damar ulgamynyň keselleri: Ateroskleroz  keseli, I-II derejeli  gipertoniýa (ýüregiň  we  beýni  gan  aýlanyşygyň  bozulma  alamatlary  ýok  bolan  ýagdaýynda).
    3. Daýanç-hereket ulgamynyň keselleri: Dowamly poliartritler,  artrozo-artritler ( çişi bolmadyk  wagtynda), radikulitler,  osteohondrozlar,
    4. Nerw ulgamynyň keselleri: çakyza, newritler.
    5. Deri keselleri: Neýrodermit, iteşen,  gyzylendigan  demrew, psoreaz,  paropsoreaz.
    6. Aýal-jyns agzalarynyň keselleri:  endokrin  amenorieýalary, ýatgy  we  onuň  goşuntgylarynyň  dowamly  keselleri,  klimaks  zerarly  döreýän  näsazlyklar.
Garşy görkezmeler:

 

    1. Ýokarda agzalan keselleriň ýiti döwri.
    2. Arterial gipertoniýa  III-IV derejesi,
    3. Inçe   keseli.
    4. Insuline garaşly süýjüli  diabetde.
    5. Hirurgiki bejergini talap edýän öt-daş  keseli.
    6. Howply täze döremeler.
    7. Göwrelilik.
    8. Ýokanç keseller.
    9. Içki we daşky gan akmalar.

Çeşme: saglykhm.gov.tm

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/bayramaly-sypahanasy/
https://www.atavatan-turkmenistan.com/mollagara-sypahanasy/
https://www.atavatan-turkmenistan.com/farap-sypahanasy/
https://www.atavatan-turkmenistan.com/yyly-suw-sypahanasy/
https://www.atavatan-turkmenistan.com/awaza-sypahanasy-denzin-sypaly-mekany/

Ýene-de okaň

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy