DÜNÝÄ

Arçalar – Täze ýylyň bezegi

Hemmeleriň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygyna sanlyja gün galdy. Täze ýyl diýlende, hemmämiziň göz öňümize Täze ýyl arçasy gelýär. Tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan bu baýramçylygy arçasyz geçirýän ýok bolsa gerek. Esasan hem, kiçi ýaşly çagalar bu baýramçylygy uly höwes bilen garşy alýarlar. Täze ýyl arçasyny her bir çaga özboluşlyja bezemegi halaýarlar.

Maşgala baýramçylygy hökmünde belli bolan Täze ýyl baýramçylygy Türkmenistan döwletimizde hem döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda hem-de welaýat merkezlerinde, şäherlerde hem-de obadyr kentlerde Täze ýyl baýramçylygyna uludan taýýarlyk görülýär. Giň gerimde ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabadyň şaýollary, seýilgähleri owadan yşyklar bilen bezeldi. Ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň öňündäki meýdançalary, şaýollarynyň ugruny Täze ýyl arçalary bezeýär.

Ine, şu ýerde Täze ýyl arçalary barada gyzykly maglumatlara ünsüňizi çekmegi makul bildik.

  • Her ýyl Amerkanyň ilaty Täze ýyl baýramçylygynda 30 million arça satyn alýarlar.
  • Nýu-Ýorkuň meşhur Rokfeller meýdanyndaky Täze ýyl arçasy 80 ýaşynda. Ol 80 ýyldan bäri bu merkezi bezäp otyr.
  • Ilkinji iň uly emeli arça Şri Lankada oturdylypdyr.
  • Watikanda 1982-nji ýyla çenli Täze ýyl arçasy bolmadyk.
  • Täze ýyl arçasyny elektrik çyralary bilen bezän ilkinji adam  Tomas Edisonyň (oýlap tapyjy, elektrik lampasyny ilkinji oýlap tapan) dostudyr.

Ýene-de okaň

Tramp BMG-niň Baş Assambleýasynda 20 sany dünýä lideri bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň DIM-de döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

Si Szinpin: Hytaý ABŞ bilen “TikTok” boýunça gepleşiklerden hoşal

ABŞ-nyň Prezidenti täze “Gold Card” wiza programmasyny girizdi

ABŞ-nyň Prezidenti “H-1B” wiza programmasyna täze çäklendirme girizdi

Ýurdumyzyň käbir zenanlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy