JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji ýubileý sessiýasyna gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda belledi.

– Biz şu ýylyň dekabrynda dünýä bileleşigi bilen bilelikde örän möhüm taryhy we şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny giňden belläp geçeris. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzdan ugur alyp, biz ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur tagallalary edýäris. Ýakyn wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji ýubileý sessiýasyna hem gatnaşarys – diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu taryhy sessiýada Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etjekdiklerini, bu garaýyşlaryň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüş, ulag, energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri diplomatlar bilen Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny berdi