ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Annasoltan Kekilowa: «Ruhum bilen söýýändirin ýurdumy…»

Aslynda men känbir tebibe, palça ynanyp ýören däl, ýöne bir gezek gaty ýaraman otyrkam öýdäkiler aljyrap tebibe äkitdiler. Şonda tebip daýza türkmençilik em-ýom etdi-de, öýe gaýtjak bolup gapa ýetdim welin: «Gyzym, öýüňe baraňsoň, birmahal dälihanada ýatyp ýogalan şahyr gelniň ruhuna aýat okatsana. Bir okarajyk palow bişirip töwir galdyrsaňam bolar» diýdi. Annasoltan Kekilowanyň ruhuna aýat okamalymy? — diýdim. «Hawa» diýip baş atdy. Geň galdym. Daýza siz ony tanaýaňyzmy ýa-da garyndaşyňyzmy? — diýip ýene sowal berdim. Ýok, ýüzbe-ýüz tanamogam, garyndaşymyzam däl, ýöne şonuň ruhy siziň goragyňyzda dur, çagam» diýdi.

Öten-geçeni ýatlap aýat-töwir okamak şeýlekinem sogap iş. Öýe gelemsoň, çagalara derrew palaw bişirtdim. «Pylany gyzy pylanynyň ýa-da pylany ogly pylanynyň ruhuna bagyş etdik» diýlip aýat okalýandygyny bilýän, ýöne onuň şo mahal kakasynyň adyny bilemokdym. Onsoň «Annasoltan Kekilowanyň ruhuna bagyş etdik» diýip aýat okatdym. Bu aýdýanym 5-6 ýyl mundan öňki wakanyň gürrüňi, emma hiç ýadymdan çykanok.

Agam Aşyrberdi Kürtüň arhiw ýazgylarynyň arasynda Annasoltan Kekilowanyň owadan suraty hemem kärdeşim Aşyrmuhammet Saryýewiň «Nesil» gazetiniň 1992-nji ýylyň 26-njy aprelindäki sanynda «Halk aglaýar şahyryny ýat edip» atly bir sahypalyk makalasy bar. Her gezek gabat gelemde şol suraty gaýta-gaýta synlap oýlanyp oturýan. Agam pahyr: «Annasoltan erkin pikirli, duýgulary gursagyna sygmaýan, öte sowatly şahyrdy. Aýtjak sözüni kim bolsaňam iki garagyňa bakyp aýdyp bilýän batyr gyzdy. Hakykatyň gözleginde pida boldy. Bary-ýogy 41 ýaşynyň 12 ýylyny dälihanada geçirip, şo ýerde-de ýogaldy. Görgüliň yzynda birje ogly galdy» diýip gözlerini ýaşlap ýatlardy.

Saralyp giden gazetiň sahypasyndaky öçüksi hatlary äýneklem okamak kyn. Onda-da öňräk şol makalany okadym. Şahyryň kakasynyň adynyň Seýitdigini hemem onuň şahyrlar Aman hem Şaly Kekilowlaryň iň uly doganydygyny bildim. Birden arhiw ýazgylaryň arasynda «Annasoltan Kekilowanyň ölmeziniň öň ýany ýazyp rus dilinde sözme-söz terjime görnüşde galdyran goşgusy» diýlip bellik edilen ýazga gabat geldim.

«…Men ýeke däl başga-da adamlar ýaşaýarlar.

Adamyň nesli mydama dowam edip dur.

Goý, bu gün meň goşgymy okamasalar okamasynlar,

Ýöne döwrem, adamlaryň islegem, söýgüsem, ykbalam dürlüdir.

Mümkin ertir…üýtgeşik ýürekli bir kişi doglar.

Hem meni söýer, pikirlerime teşne bolar, goşgularymy okar.

Emma bary bir, ol meni garry aýalyň keşbinde-de tapyp bilmez.

Menem onuň galyň dodaklaryndan öpüp minnetdarlyk bildirmek

üçin mazarymdan çykyp bilmerin.

Şonuň üçinem,

Sen meniň ýaşdaşymmyň ýa kiçimiň…

Garaz kim bolaňda-da…

Kalbymda duýgy oýaranyň üçin,

Minnetdarlyk bildirýärin…». Ýazgyny okap, birbada göz ýaşymy saklap bilmedim. Birdenem, «gözýaşlarym bilen şahyryň ruhuny ynjydaýmaýyn» diýip oýlandym-da, ol baradaky arhiw maglumatlaryň gözlegine çykdym.

Şahyr Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň ol barada kitap ýazandygy ýadyma düşdi. Jaň edip oňa pikirimi aýtdym, emma onuň işiniň köplügi üçin uzak gürrüňdeş bolup bilmedik. Bolsa-da, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan kän maglumat tapdyk. Ýurdumyzyň tanymal adamlarynyň ol barada ýazan düýpli makalalary dürli neşirlerde çap bolupdyr. Olary okap mazmunyny öz sözlerim bilenem beýan edip bilerdim, ýöne onuň özüniň ýazan hem ony ýakyndan tanaýan adamlaryň dilinden ýazylyp alnan ýazgylar has täsirli bolar diýen pikir bilen käbir bölekleri asyl nusgada okyjylara ýetirmegi göwnelaýyk hasapladym.

Ýagmyr (Robert)Ylýasow — Annasoltan Kekilowanyň ogly:

«Ejemi ilkinji gezek äkidenlerinde men 7 ýaşymdadym. Ir sagat 10-larda daşarda çaý içjek bolup otyrdyk. Ejem ojakda mürepbe gaýnadýardy. Birden dogtor maşyny edil alkymymyzda saklandy. Içinden bäş adam çykdy-da, sen-men ýok «Annasoltan Kekilowa şu ýerde ýaşaýarmy? Haýsyň bolsaň derrew maşyna mün!» diýip alarladyp başladylar. Ejemem geň galyp: «Näme üçin münmeli, nirä gitmeli?» diýip sorady. «Nirä bor, psihbolnisa» diýip ejemi maşyna tarap çekeläp başladylar. Mamam ikimiz aglap-eňräp ejemi goýbermejek bolduk. Ejem: «Waý, balam» diýip gygyrandan, mamama paýyş sözler bilen sögüp, meniňem gursagymdan bat bilen itip goýberdiler. Ine, size gerek bolsa 37-nji ýyl… Mende ysgyn mejal galmady. Maşyn ýöräp ugrandan elime ilen ýarty kerpiji güýjümiň ýetdiginden aýlap zyňdym. Kerpijiň edil aýagymyň aşagyna patlap düşeni şu günki ýaly ýadymda…

…Ejemi goýbermeklerini haýyş edip menem, mamamam birnäçe gezek arza ýazypdyk. Ýedi ýaşly oglan halyma arza ýazsaň ejeňi goýbererler diýseler, arza ýazjak bolup gara başyma gaý bolar ýörerdim. Ejem örän berk gözegçilikde, agyr näsaglaryň palatasynda saklanýardy. Gapdalynda her zat edip otursalar-da, olara birjigem üns bermän: «Gaýrat et, oglum. Köýnejigiňi ýuw, aç gezmejek bol» diýýärdi. «Daşary ýurda seni goýup gitmerin, özi-de hökman öz Watanymda ölerin» diýýärdi.Türkmeniň milli däplerini gowy bilýärdi, sarpa goýýardy. Ömrüniň soňky günlerinde meniň bilenem gürleşmändigi hak. Ol hemme zatdan, bütin dünýäden ýüz öwürdi, açlyk yglan etdi. Iň soňky demde meni görmek isländigini bilýän, ýöne men ýetişmedim…».

Dursun Seýidowa — Annasoltan Kekilowanyň aýal dogany:

«Annasoltan pahyr o döwürlerde uniwersitetde okaýardy. Bir gün mugallymlarynyň biri kakamyň inisi — Aman Kekile jaň edýär. Annasoltandan mugallymlara gaýtawul berýändigi üçin närazylyk bildirýär. Aman Kekilem: «Meniň Annasoltan diýen garyndaşym bolmaz» diýäge-de trubkany goýýar. Ine, şondan soň garyndaşyňmy — dälmi, mazaly bellisini ederin diýip, familiýasyny üýtgetdi-de geläýdi. Ýogsa onuňam familiýasy Seýidowady.

Bu aýtjak bolýanym bolsa, Annasoltan şo ýere düşensoň bolupdy. Bir gün agşamara işden soň mallara ot ýygyp geldim.Ýadap gapydan girenimem şoldy. «Tiz kömek» işigimde saklandy. Iki adam düşdi-de: «Basym maşyna mün, seni äkidýäs» diýdiler. «Bu nä habar, nirä äkitjeksiňiz?» diýsem, «Bekrewäň balnisasyna, seni hökman dälihana salmaly» diýdiler. Menem: «Men neneň gideýin. Gyzym iniwersitetde okaýar, üç ýaşly agtygyma seredýän» diýsem, «Seniň gyzyňam, agtygyňam şo ýere äkitmeli bor. Seniň aýal doganyň däli, bu kesel tohum yzarlaýar» diýdiler. Şeýdibem gepime-gürrüňime gulak asman maşyna dykdylar. Keselhana ýetmänkäk bir maşyn gabat geldi. Meni alyp barýanlar şol maşyny saklap salamlaşdylar. Görsem çalarak tanyş, özem ýurist adam. Meniň-ä ýagdaýym şuň ýaly, kömek edeweri, dogan, diýip ýalbardym.Ýaňky adamyň meni beýdip alyp baryşlaryna gaty gahary geldi: — Siz göwnüňize ýaramadygy bu ýere getirip dykaýýaňyz öýdýän. Bularyň tirelerine däliler diýýändirler. Beýle boljak bolsa bütin tiresi bilen şu taýyk alyp gaýtmaly borsuňyz — diýip azgyryldy.

…Ine, şeýdibem orta ýoldan yzyma goýberdiler. Şo ýere äkitjek bolanlaryň birini şindem ýolda-yzda görýän, familiýasynam bilýän. «O-da sag däldir» diýlen agtygymyzam sungat institutynda diňe bäşlige okap ýör».

Ogulmaral Mommadowa — Annasoltan Kekilowanyň goňşusy:

«Ejesi Ogulsähet görgüli doňak  gyşlarda-da şol dälihananyň gapylarynda entedi ýördi. Annasoltanyň çeperligem bir gyza degýärdi. Atadan ir galan, ejesiniňem gelinkä eşekden ýykylyp goly döwlüp, oda düzüw bitmän süňki somalyp goly şalkyldar  durardy. Häsiýeti welin, dünýäň ýazy ýalydy. Annasoltanam şu horlukly maşgalada ösensoň eli işlidi. Ýetirinip bilmänsoňlar, boýy ýeten gyzka-da meýdandan gelinçek ýygyp getirip satardy. Iş edende ot ýaly, gepi-sözi mähek ýalydy. Ýöne eli bäbeklikä adamsy taşlap gitdi. Wah, yzyndanam ýeke gezek barypdym.Ýene gitjekdim-le welin, ýöne goňşy-golamlar «Nädip yzyndan gitdiň. Häzirräk bol, ol halk duşmanymyş. Birden özüňem ýygnaýmasynlar» diýdiler.  Bir hatjagazam iberen eken görgüli. «Mendenem bu günler geçer. Başyma iş düşende namartladyňyz» diýip ýazypdyr. Dek düýnem gelnim bilen oturyp görgülini ýatladyk. Biraz ir gitdi-dä. Ýene birki ýyljyk ýaşan bolsa, Annasoltanyň döwrem geläýjek eken diýdik…» diýlip, «Ýaş kommunist» gazetiniň 1990-njy ýylyň 6-njy sentýabr sanynda ýazylypdyr. Ynha, bular bolsa, Annasoltan Kekilowanyň arzasyndan şol makalada ýerleşdirilen bölekler: «Men indi 4 aý bäri keselhanada ýatyryn. Hiç haçan psihonewrologik keseller bilen kesellemedik bolsam-da, siziň talabyňyz zerarly derman içmäge mejbur bolýaryn. Men keselhana düşemde örän sagatdym. Emma arassa howadan üzülip, şu ýerde uzak wagtlap saklanmagym meniň saglygyma zeper ýetirýär. Meniň ejem ençeme gezek öz närazylygyny bildirdi, ýöne siz oňa üns bereňizok…».

«Meniň pasportymdyr ýokary bilimim baradaky znaçogym indi 6 aýdyr Daşhowzuň psihiki keselhanasynda ýatyr. Meniň pasportym jenaýatkäriň, däliniň dokumenti hökmünde size gerek. A znaçok meniň özüme. Men ony Daşhowzuň psihiki keselhanasyna zyňmak üçin bäş ýyllap okamadym ahyry…» diýip, onuň janyndan syzdyryp ýazan arzalaryny okap, heý, şeýle adama däli diýer ýalymy — diýip pikir etdim. Ine-de, meniň gowy görýän hem onuň bilen kän gezek gürrüňdeş bolan ýazyjym Sapargeldi Annasähet Iner oglunyň «Nesil» gazetiniň 1992-nji ýylyň 3-nji dekabr sanynda çap bolan «Annasoltan hakynda söz» atly makalasyndan gysgajyk bölek: «Belkäm, Annasoltan hakykatdanam däli bolandyr?» diýmegiňiz mümkin. Meniň özüm tussaglykda mahalym 1980-nji ýylda türme keselhanasyndakam Annasoltanyň saklanýan psihhanasynyň öňki wraçy bilen gürrüňdeş boldum hem-de ondan Annasoltanyň kesellidigi çynmy diýip soradym. Wraç güldi-de: «Biz bir krowada daňyp, ataşly ukollar edip başlaly, sen onsoň däliremäbilseň dälireme!» diýdi.

Annasoltanyň çagalygy, ýaşlygy, asla bütin ömri meniň gözümiň öňünde geçdi. Halalhon daýhan Seýit Kekiliň maşgalasy biziň duldegşir goňşymyzdy. Obanyň ýaşululary: «Bularyň hemmesi şahyrdyr» diýerdi. Annasoltanyň kakasy şu wagtam göz öňümde diri duran ýaly. Ol agşamlaryna öýümize kakamyň okaýan köne kitaplaryny diňlemäge gelerdi. Jady-tilsimli rowaýatlara gyzygyp, ileri-ileri süýşerdi. Onuň «dürsdür-dürsdür» diýip, gaýtalamak endigi bardy. Annasoltanyň ejesi Ogulsähet daýza diýseň şahandaz, degişgen, şahyrana aýaldy. Goşgy, şygyr diýlen zat öz-özünden diline gelibererdi. Ogulsähet eje öý hojalygyny örän oňat alyp barardy. Onuň gapysy mydama goýun-guzuly, sygyr-göleli, towuk-jüýjeli bolardy. Çagalaryny hor etmezdi. Onuň üç gyzy, birem oguljygy bardy. Körpeje ogullarynyň ady Durdydy. Şol neressejigiň kiçijikkä aýrylmagy maşgalanyň tragediýasyna öwrülipdi. Hyýalbent Ogulsähet eje Durdyjygyň o dünýäde eýjejik akja guşa öwrülip, jennet bagynda uçup-gonup ýörendigini gözi bilen gören ýaly edip gürrüň bererdi. Goňşy öýleriň çagalary — biz akja guş hakdaky hyýaly gürrüňe gara çynymyz bilen ynanardyk. Durdyjygyň ölümi garabagyr enäniň kiçijik gyzyna bolan mähir-muhabbetini öňküdenem güýçlendirdi. Annasoltan ogul deregine görülýän lälik gyzdy. Özem ol maşgaladaky üç gyzyň körpesidi. Ejesi onuň şanyna uzyn-uzyn çeper goşgular goşardy. Annasoltanyň joşgunly, göçgünli, hyýalbent, batyrgaý gyz bolup ýetişmeginde ejesiniň roly gaty uly bolsa gerek.

Annasoltan Kekilowanyň şygyrlary 60-njy ýyllaryň poeziýasyna köwsarlap girdi.  Geň ýeri şol şygyrlar bu günem könelmändir. Olaryň ömrüniň uzaklygyna näme sebäp bolduka diýip oýlanýarsyň. Elbetde, olara çuňňur ynsan duýgularynyň hem pikirleriniň siňenligi, olarda hiç wagt solup saralmaýan ynsan gymmatlyklarynyň barlygy. «Akja kebelek» goşgusyny okanymda, öz-ömrümden bir sahypa göz öňüme gelýär…» diýip, ol bendilikde ýatyrka gözenegiň içine kebelegiň deregine gök siňek girendäki geçiren ahwalatyny çeper beýan edipdir.

Makalalar biri-birinden täsirli. Olarda her kim öz pikirini beýan edipdir. Ynha, bu bolsa, zehinli şahyr Ogultäç Oraztaganowanyň «Galkynyş» gazetiniň 1998-nji ýylyň 27-nji maý sanynda ýazan makalasyndan bölek. «… Annasoltana nähili baha berselerem, ol aglanda aglan şekilli, gülende gülen şekilli aglap, gülüp bilen zenan. Hakykat diýen närsäni ýer dyrmaçaklap agtaran zenan. Goşgularyny okap lezzet aldym. Onuň goşgulary meniň üçin gymmatly. Annasoltany söýüp ýetişmedik adamlar kän. Şonuň üçinem olar indi-indi bir zada göz ýetirýärler. Ol bir dünýä sygman-sygman, kösenip giden naçar. Onuň soňky döwürlerde döreden goşgularyndan bir zat duýup bolýar: ejizligiň nämeligini bilmeýän ýüregine ejizlik aralaşyp başlapdyr. «Maýsa kösükläpdir gülli sährada, günden sorasynlar meniň derdimi» setirlerini okap, birhili gözüň çyglanyp gidýär. Görýäňizmi, ykbal adamyny nä güne düşürýär. Ol öňki Annasoltan däl, düýbünden başga. Hat-da:

Ol gün ýel ösdümi ýa-da gar ýagdy,

Kim maňa at goýdy, kim pata berdi.

Gadyrsyz perzendi bagyşlap dünýä,

Bilmen haýsy ene meni dogurdy — diýip ýazmaga mejbur bolýar. Dünýäde zenanam kän, joşýan ýüreklerem kän.Ýöne, megerem, Annasoltan ýaly zenanlar gaty az bolmaly. Şonuň üçin az adamlar hakynda ýazylsa gowy.

Ruhy taýdan nähoş saýylan zenan şeýle ajaýyp setirleri ýazyp bilen bolsa, onda oňa beýle akyl nireden geldikä? Mensizem bu sowala jogap gözlänler juda kändir. Olar ýene-de köpeler hem «Beýle ajaýyp setirleri bu dünýäniň sagy bolup döretmek asla mümkin däl» diýen netijä gelerler — diýip pikirini beýan edýär.

«Daşhowuz habarlary» gazetiniň 1994-nji ýylyň 3-nji sentýabr sanynda Rejepgeldi Mejikow bilen Gurbannazar Orazgulyýewiň «Ynanmagyn maňa öldi  diýseler…» atly oçerki çap edilipdir. Bu oçerkdenem Annasoltan Kekilowa barada lukmanlarynyň aýdan gürrüňlerinden käbir bölekleri okyjylara ýetirýäris: «1981-nji ýylyň tomus günleriniň biridi. Respublikan psihatriýa kliniki keselhanasyndan bir aýalyň biziň dispanserimize geçirilýändigini habar berdiler. Ýeňil maşynym bolansoň, menden aeroporta baryp, şony alyp gelmegimi haýyş etdiler. Aýdylan wagty baryp garaşyp durdum. Iki wraç aýalyň gözegçiliginde bir gelin getirdiler. Ol diýseň hor, ýüzi solgun hem-de gamly görünýän 40 ýaşlar töweregindäki aýaldy. Onuň egninde jinsi jalbary, wilýur matadan owadan modada tikilen penjegi bardy. Bäri gelenimizden soň onuň Annasoltan Kekilowa diýen şahyr aýaldygyny bilip galdym. Ol ilki günler özüniň aşgabatly bolsa-da, näme üçindir Daşhowza geçirilendigine hiç düşünip bilmeýändigine gynanyp, kä gaharly, kä janyýangynly gürrüň ederdi. Ýöne gaty basym biz bilen öwrenişip gitdi. Bile oturyp dürli gürrüňleriň başyny agyrdardyk, çaý içerdik. Bize goşgularyny okap bererdi…».

Bu bolsa, ýene bir lukmanyň aýdan gürrüňinden:

«Doganjan, şu goşgularymy Moskwadaky şeýleräk bir žurnala ibersene!» diýip ol medbratlardan, şepagat uýalaryndan haýyş eder ekeni. Wah, biz, nädeli?! Döwre gör-ä işleýärdik-dä».

Ine, bu hem ýene bir lukmanyň gürrüňinden:

« — Doganym, maňa ynan! Men bu ýerlere tötänden düşen adam. Ynha, görersiň, şeýle bir ajaýyp gün geler. Adamlar meniň mamladygyma, goşgularymyň hem diňe sagdyn pikirli adamyň ýüreginden çykýandygyna düşünerler — diýdi» diýip gürrüň beripdir. Bu ýazgylary okan adam üçin megerem, artykmaç düşündiriş gerek bolmazmyka diýip pikir edýän. Şonda-da öňräk käbir adamlaryň ýanynda Annasoltan Kekilowa hakynda gürrüň gozganymda biri: «Ol hakykatdanam dälidi, ondan dogan-garyndaşlaram ýüz öwürdiler ahyry» diýdi. Geň galdym. Dälihanada Annasoltandan başga-da ýatan gyt däldir-ä. Näme üçin ala-böle diňe Annasoltan hakynda şeýle uly gürrüň edildi? Ýurduň ýüzi bolup duran tanymal adamlar ol barada metbugatyň üsti bilen çykyş etdiler. Dünýeden ötensoň, şahyra baýrak berilmegi teklip edilip, oňa Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýragy berildi. Ikinjiden eger-de ol hakykatdanam däli bolan bolsa, näme üçin ondan ýüz öwürmeli? Türkmençilikde o hili adam bolanda «Aý, ol bir işigaýdan akly kem adamdyr, ondan göwün-kine etmäň — diýlip telegräk hereketli ýerinde-de geçirimlilik edilýär. Şo zeýilli adamlara rehim edip, göwnüni götermek üçin ýa-da hemaýat etmek üçin haýyr sahabat edilýär ahyry. Öz-özüm içimi gepledip oturyşyma jaň edip Ýerbendi agadan Annasoltan Kekilowa hakynda nämeler bilýäňiz? Ol hakykatdanam dälidimi? — diýip soradym. Ýaşuly ýazyjy şo bada: «Ony jemgyýet däliretdi» diýip jogap berdi-de, gürrüňini dowam etdi. Adamy däliretmek kyn däl. Bir pursatyň şaýady boldum. Orazlyýewa diýen kärdeşimiz bardy. Şo görgül-ä kän wagtlap iş berilmedi welin, gözümiziň alnynda tas däliräpdi. Döredijilik adamsy üçin şo zeýilli çemeleşmek gowy däl. Onda-da Annasoltan ýaly gönümel, hakykatçyl adam üçin. Dogan-garyndaşlaram näme, her kimiň öz maşgalasy bar. Hojalygyňy saklajak bolsaň, akyma görä bolmaly bolýar, onda-da wezipeli bolsaň.

Annasoltan görgülini özüm-ä görmedim, ýöne ol barada eşiden bir gürrüňim ýadymda. Ol Köşüde doglan, şol obada-da önüp-ösen. Bir gün obalarynda bir dul aýalyň jahyl çykan ýekeje ogly ýogalýar. Ýigidiň ejesi görgüli bagry-girýan bolup aglap, sesini goýman oturan eken. Balasyny aldyran ene-dä, ony hiç kim köşeşdirip bilmändir. Birden gapydan Annasoltan girýär-de, goşgy-gazal bilen sanap aglap başlapdyr welin, ýigidiň ejesi onuň agysyna çydap bilmän: «Balam, sen il-güne ejeňden beter gerek ekeniň» diýip, köşeşäýipdir» diýip gürrüň berdi.

Annasoltan Kekilowanyň «Gara saçlarym», «Zenanlar», «Ömrüza ýyldyzym» atly goşgular ýygyndysy, «Ýodadan ýola»,  «Bahar buşlukçysy», «Älemgoşar», «Maýsa» atly zenan ýazyjy-şahyrlaryň eserler ýygyndylarynda-da goşgulary bar. Onuň «Gara saçlarym» atly ilkinji goşgular ýygyndysyna belli tankytçy Saýlaw Myradow «Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnalynyň 1969-njy ýylyň 1-nji sanynda «Ilkinji ýygyndynyň gürrüňi» at bilen syn ýazypdyr. Tankytçynyň bu kitapdaky käbir goşgulardan mysal getirip beren bahasy, onuň geljegine uly ynam bildirilendiginiň aýdyň subutnamasy.

Annasoltan Kekilowa 1942-nji ýylda doglan. «Ol 19 ýaşynda durmuş gurýar. «Türkmenistan» gazetiniň kän ýyllap baş redaktory bolup işlän Kakabaý Ylýasowyň insi Annadurdynyň maşgalasydy. 1962-nji ýylda ogullary boldy, adyna Ýagmyr dakdylar, ýöne Annasoltan Moskwaly belli şahyr Robert Roždestwenskiý ýaly güýçli şahyr bolsun diýip, ogluna Robert jan diýerdi. Ogly doglanda ol «perzent» diýen goşgusyny ýazdy» diýip, halypalaň bir-ä gürrüň berdi.

Annasoltan Kekilowa Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär, ýöne oňa okuwynda arkaýyn okamak miýesser etmeýär. Dürli sebäpler bilen okuwdan çykarýarlar. Soňra her niçik bolsa-da, okuwyny ýene  dikeldýärler. Ol diplomyny alandan soň, iki ýyllap mugallymçylyk edýär. «Mydam taýýar» gazetinde işläp ýörkä-de «dürli sebäpler» bilen arzasyny berip işden gitmeli bolýar…Muňa bolsa şo ýyllarda hem onuň radioda okan käbir «syýasy taýdan yrga» goşgulary, gönümellik häsiýeti sebäp bolýar. Ol 1971-nji ýylda dälihana düşýär.1983-nji ýylyň 19-njy iýunynda säher wagtlary garyndaşlary onuň jesedini keselhanadan alyp gaýdýarlar. Onuň 50 ýyllygy mynasybetli dogduk obasynda geçirilen hatyra gününde, ogly Ýagmyryň aýaly, çagalary bilen düşen suraty «Nesil » gazetiniň 1992-nji ýylyň 3-nji dekabr sanynda bar eken. Annasoltan Kekilowa häzir aramyzda ýaşap ýören bolaýanda 81 ýaşyndaky agtykly-çöwlukly ene  bolmaly. Ýöne näme üçindir men ony görmedigem bolsam, hemişe arhiw suratlaryndaky ýaly owadan ýaşlyk keşbinde göz öňüme gelýär. Goşgularyny okanyňda, ýeňil bolmadyk ykbalyna, şeýlebir owadan ýürekli zenan bolandygyna göz ýetirip bolýar. Islendik goşgusyny tolgunman okamak mümkin däl. Eserlerini öz ykbalyndan üzňe göz öňüňe getirip bolanok.

Arada halypa suratkeş Meret Gylyjowyň ussahanasyna baranymda onuň bir mahal Annasoltan Kekilowa bagyşlap döreden portret suratyny gördüm. Eseriň ýokary çetinde onuň:

«Ýarym maňa akja ýaglyk hödürläp,

Al öýmäňi atynma — diýp ýalbarma,

Gyzyl ýaşyl ketenimi söýmeseň,

Özümi-de «söýýän» diýip gül berme!» diýen goşgy bendini, eseriň aşak çetinde bolsa onuň:

«Egerde meň boljak bolsa duşmanym,

Aždarha dek, belent bolsun dünýäde,

Kül üstünde oturandan bimaza,

Gowudyr özüňi oklanyň oda» diýen goşgy bendi ýazylypdyr. Şahyryň gözenegiň aňyrsyndaky gamgyn keşbi, gözenegiň içinden uçup barýan akja kepderi sözsuzem düşnüklidi. Şonda-da, ýaşuly suratkeşe bu eseriňiz nähili döredi? — diýip sowal berdim. Ol: «Durmuşy tüweleý ýaly geçen şahyryň «Akja kebelek» atly goşgusyny okap döreden eserim. Onuň ruhy ak kepderi ýaly gözenekden uçup barýar» diýip düşündirdi.

«Annasoltan Kekilowa köptaraply zehinli şahyr. Onuň ýaşlygyna garamazdan roman ýazmaga synanyşandygy, üç sany ulanylmadyk kinossenarini döredendigi, keselhana girmezinden ozal ençeme hekaýalarynyň gazet-žurnallarda çap bolandygyna, iki sany goşgular ýygyndysynyň çap bolandygyna arhiw maglumatlardan şaýat bolduk. Moskwada neşir edilen zenan şahyrlaryň ýygyndysyna-da onuň rus diline terjime edilen goşgularynyň ençemesi girizilipdir. Annasoltan Kekilowada güýçli duýgurlyk bar. Onuň goşgulary millilige ýugrulan. Ol öz şygyrlarynda milli zatlary juda belentde goýýar, şol sanda türkmen gyz-gelinleriniň egin-eşiklerine-de belentden seredýär. Onuň poeziýasynda uly orun eýeleýän milli buýsanç gözgiderlik derejede ösen. Annasoltan türkmeniň haýsy bir zady hakda gürrüň etse ony söýdürmegi başarýar.

Güýz gelende al öýmäme syn edip,

Gök asmandan ak durnalar ötendir.

Hol aşakda duran türkmen gyzynyň başyndaky al öýmesine geň galyjylyk bilen seredip, boýnuny süýndürip barýan durnalar bu setirleri okan badyňa göz öňüňe gelýär. Bu ýerde obrazlylyk örän ýerlikli ulanylypdyr. Ol goşgynyň bütin durkuna özboluşly öwüşgin çaýýar. Şahyr keselhana düşenden soň hem ençeme goşgy döredýär. Ol özüniň «Akja kebelege ýüzlenme», «Garagol oglanjyk», «Bagt guşum» we ýene-de birnäçe goşgularyny ömrüniň ahyrky günlerinde keselhanada wagty döredipdir. Eger ol 1982-1983-nji ýyllar aralygynda ondan gowrak goşgy ýazan bolsa (bu getirilýän san hem anyk däl, bular diňe onuň goşgularyndan saklanyp galany), onda 1971-1981-nji ýyllar aralygynda döreden goşgusy hem az-küş däldir. Ýöne şu döwürde ýazylan goşgularyň hiç birini tapmak başartmady. Ortanjy aýal dogany Kiçiniň gürrüň bermegine görä, Annasoltan goşgudan doly bir düwünçegi Moskwa ibermegi haýyş edipdir we oňa bir adres beripdir. Kiçi Annasoltanyň haýyşyny kanagatlandyryp, goşguly düwünçegi şol adrese ugradypdyr. Soň ol adres ýitipdir hem-de wagtyň geçmegi bilen Kiçi daýza şol adresiň nähilidigini ýadyndan çykarypdyr. Düwünçege salnyp iberilen goşgular mümkin gelejekde bir ýerlerden tapylar. Annasoltanyň keselhanadaky döwründen galan goşgularynyň köp bölegi rus dilinde. Töwerek-daşyny akly kemter adamlaryň gurşap alan halatynda, işlemek üçin hiç hili şertiň ýok wagtynda onuň rus dilinde çap etdirmek üçin özbaşdak goşgular ýygyndysyny taýýarlamagy, şahyr gelniň zähmetsöýerligine bolan hormat duýgusyny döredýär. Annasoltan, bu ýygyndysyny hut keselhanada taýýarlapdyr we onuň ýüz sahypadan gowragy elýazma görnüşinde saklanyp galypdyr. Ýygyndy awtoryň türkmen dilinde ýazan goşgularynyň esasynda düzülipdir. Olary Annasoltanyň özi türkmen diline terjime edipdir. Ýöne onuň rus dilindäki goşgularynyň ençemesiniň türkmençesi ýok. Eger-de Annasoltanyň öz goşgularyny ilki türkmençe ýazyp, soňra rus diline geçirýändigini göz öňünde tutsaň, onda bu goşgularyň hem türkmençesiniň bolaýmagy ähtimal. Onuň keselhanada döreden «Owganystan» atly goşgular toplumynyň hem türkmençesi ýitipdir. Bu goşgular toplumy 1982-nji ýylda ýazylan bolmaly. Şahyr bu goşgular toplumynda ol ýerde nähak ganyň dökülýändigi hakda ýüz görmesizden, aç-açan ýazypdyr.1989-njy ýylda owgan topragyndan biziň esgerlerimiziň çykarylandygyny Annasoltan görmän gitdi.

Annasoltan çagalar üçinem goşgular ýazypdyr. Öz şygyrlarynda çagalaryň durmuşyna aralaşyşy, olaryň dünýäsini açyp görkezişi şahyryň çagalar temasyndan hem oňat eserler döredip bilendiginden habar berýär. Onuň arhiwinde çagalar üçin ýazylan, göwrümi taýdan kiçi bolmadyk goşgular toplumy saklanyp galypdyr. Ýöne bu goşgular hem rus dilinde. Olaryň içinde «Pil we garynja», «Samolýot», «Kebelekler», «Towşanjyk», «Arylar», «Ol möjek däldi» ýaly goşgular şowly çykypdyr. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Annasoltanyň her bir rus dilindäki goşgusynyň türkmençesiniň bolaýmagynyň ähtimallygy üçin, häzirlikçe olary türkmen diline terjime etmekden we bu ýygyndyny-da  okyjylara hödürlemekden saklandyk. Annasoltan öz goşgularyny üç familiýa bilen ýazypdyr. Olaryň birinjisi Seýidowa, onuň gyzka göteren familiýasydyr. Soňra durmuşa çykmagy bilen ol Ylýasowa familiýasyna geçýär. Annasoltan Kekilowa familiýasy 1961-1968-nji ýyllardan soňky döwre degişli» diýip, onuň döredijiligini, ykbalyny yhlas bilen öwrenip halka ýetiren kärdeşimiz Mämmetgurban Mämmetgurbanow şahyr hakynda ýazan makalasynda beýan edipdir. Annasoltan Kekilowanyň keselhana girmezinden öň döreden goşgularynyň birnäçesi aýdyma öwrüldi. Onuň «Gözellik gyzlaryň baky mirasy» diýen aýdymy ýadymyzda. Şeýle hem Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowyň ýerine ýetiren «Gözledim seni» diýen aýdymy häzirki günlerde-de teleradioýaýlymlarda ýaňlanyp dur.

Arhiw maglumatlarda şahyryň dälihanadaka ýazan hatlaryna kän gabat geldik. Ol: «Meniň gözlerim görmän başlady, ýüregim agyrýar» diýip ýazypdyr. Şeýle hem näsaglap gutulan Şeker A. atly zenanyň: «Men Annasoltan bilen bir aýrak bile boldum… Ol görgülini garawullap saklaýardylar…Käte oňa ukol edýärdiler. Bir gezek ukol edenlerinde iki ýana ylgady. Şu günki ýaly ýadymda. Keselhanada goşgy ýazardy. Onuň ýazan goşgularyny doktorlar ýyrtyp goýbärdiler. Men 1973-nji ýylyň fewralynda keselhanadan çykdym.1979-njy ýylda medinstitutda okaýan gyzymyň öli adamyň jesedini görüp akyly üýtgedi. Biz ony şol ýere ýerleşdirmeli bolduk. Şonda men tötänden Annasoltany gördüm. Onuň saçlary çalarypdyr, garrapdyr. Ol hemişe öz saglygyndan, erksizliginden ejir çekýär» diýip aýdan gürrüňi ýa-da Annasoltan Kekilowanyň: «Özümiň ýarawsyzdygymy bildirmejek bolsam-da bolanok…», «…Aşgazanymdyr ýüregim agyrýar, iki hepdeläp yzygiderli gatnap, dişlerimi bejertmäge mümkinçilik tapdym…», «…Meni hemişe gözegçilik astynda saklaýarlar. Her gün irden halym teň turýaryn. Maňa ýaşamaga ýene-de näçe gün galdyka? Iň esasy zadam — näbellilik, nämälimlik meniň ýüregimi mynçgalaýar» diýip, dürli döwürde ýazan hatlaryndan bölekleri okap şeýlebir gynandym. «Pikirimi täzeläýin» diýip daş çykdym. Öýümizden uzakda bolmadyk seýilgähde gurlan Nesiminiň heýkeliniň öňünde çagalar uly şowhun bolup oýnap ýörler. Içimden «Şunuň ýaly, Magtymguly ýaly akyldar şahyryň geçmişi nähili agyr bolupdyr. Her zadyň öz döwri-döwrany dolanmaly» diýip pikir öwürdim. Birden asmandan ganat ýaýyp akja kepderiniň uçup barýanyna gözüm kaklyşdy. Öz ýanymdan: «Bolsa-da, meni ýatdan çykaranoklar» diýip, göýä Annasoltan Kekilowanyň ruhy asmanda ganat ýaýyp ýören ýaly kalbyma diýseň ýakymly duýgy bagyşlady. Şol pursat onuň:

«Goşgy ýazdym, uzak gije ýatmadym,

Kalbym hemra boldy uzak ýollara,

Oýlanýaryn ünji edip bir zady,

Ýazan goşgym ýararmyka illere» diýip, döreden ölmez-ýitmez goşgularyň ýürekleň töründe ýaşaýandyr, şahyrym! — diýip alyslardan owaz ýaňlanýan ýalydy.

Akgül Saparowa.

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri