ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Annaberdi Atdanow: aýdymly ömrüň kyssasy

Dynç alaýyn» diýip radio diňläp gyşaryp ýatyşyma irkiläýipdirin. Birden Annaberdi Atdanowyň:

«Dört örüm saçly,

Eý, galam gaşly,

Görmedim sen deý,

Akylly başly» diýip aýdan aýdymynyň hoş owazyna oýandym. Şahyr Täşli Gurbanowyň aýaly Amanşeker gelnejäniň: «Täşliniň «Dört örüm saçly» goşgusyna, kärdeşi Annaly Berdi:

«Dört örüm saçly,

Gurbanow Täşli,

Görmedim sen deý,

Agaran saçly» diýip degişerdi» diýeni ýadyma düşüp öz-özüm ýylgyranymy duýman galdym. Şo barmana-da aýdymçynyň «Gülüm gözledim seni» aýdymy ýaňlanyp başlady. Başymy ýaýkap ýene ýylgyrdym. Sebäbi türkmen estradasynda nusgalyk ýol goýan bilbil owazly aýdymçynyň bu aýdymy bilen bagly bir gürrüň hakydama geldi.

Bir mahal aýdymçynyň agtygy Orazberdi ýaşlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolanda «Nesil» gazetine makala ýazmak üçin olaryň öýlerine bardym. Şonda Annaberdi Atdanowyň aýaly Ogulgerek gelnejäniň: «Annaberdi bäş doganyň biri. Iki oglan, üç gyz dogan. Inisi Ýalkapberdi, gyz doganlary Gurbansoltan, Nartäç, Nurtäç.Ýüwürjim Ýalkapberdini öýermek üçin  toý sähedi bellenipdi. Annaberdem täze aýdym öwrenip ýördi. Ertir toý diýlen güni bäbekhana gitmeli boldum. Oglum boldy. Şonda Annaberdi ogly doglanyna begenip, hem inisiniň toýuna begenip, neresse begenjinden uçaýjak bolýar. Teleşka çykyp, täze öwrenen aýdymyny ilkinji gezek aýdýar. Aýdymynyň:

«Ýürek aglar gün-günden,

Ýarym gizlenme menden,

Gara gözler içinden,

Saýlap gözledim seni» —

diýýän ýerini has gamgyn ses bilen zarynlap aýdypdyr welin, bir görseler hol bir çetde gaýnenem görgüli gyňajynyň çowy bilen gözlerini süpürip aglap duranmyş.

— Sonagül daýza, nämä aglaýaňyz? — diýip sorapdyrlar.

— Wah, çagajygym, gelniniň bäbekhana gidenine iki gün boldy, eýýäm ýekesireýär-dä. Hernä, Hudaý jan, sag-aman dolanyp gelewersinler — diýip, bogazy dolup kemiş-kemiş edipdir» diýip aýdan gürrüňi ýadyma düşdi.  Aýdymçynyň yzly-yzyna ýaňlanýan arhiw ýazgylaryny hezil edip diňläp otyrdym.

Ine-de, birden onuň «Keçpelek» aýdymynyň sazy ýaňlanyp başlady. Şol wagt öz ýanymdan Ogulgerek gelneje bilen gürrüňdeşligimizdäki ýene bir pursady ýatladym. Şonda öýleriniň töründäki telewizorda birkemsiz geýnen esgerleriň türgenleşik pursady görkezilýärdi. Ogulgerek gelnejäniň: «Wah, balam, Orazberdi jan. On üç günden on sekiz ýaşy dolýar. Birden harby gulluga gidende, daş ýere düşüp kösenäýmese» diýip, alada edipdim. Ajalyň ýetmedik bolsa, iki ýyllyk gullugyň iki gün ýaly geçjek eken. Indi näçe ýyldyr ejeň seni görmänem oňup otyr» diýip gözlerini ýaşlap oturyşy göz öňüme geldi. Ol birdenem uludan dem aldy-da: «Beterinden saklasyn, toba etdim, bereniňe şükür, eziz Alla» diýip, pikir etdi-de, gözlerini ýokaryk dikdi. Soňra-da ýagşydan-ýamandan bir agyz gürlemän, dymyp otyrdy. Ol gözlerini bir nokada dikip, gapa seredýärdi. Onuň üçin göýä ýanýoldaşy Annaberdi bilen ogly Orazberdi tirkeşip, gapydan giräýjek ýalydy. Birdenem bir zatlar ýadyna düşendir-dä, ýerinden gozgandy. Oturan ýerinden süýşenekläp, tördäki şkafyň çekmesine elini ýetirip, suratly albomlary çykardy-da: «Üç oglumyz bardy. Orazberdi jan uly oglumyzdy, ortanjy Döwranberdi, körpämizem Didarberdi. Adamdan her gün gelip-geçýän eken. 1982-nji ýylyň 31-nji dekabr güni Annaberdi oglum Orazberdi bilen Tejene toýa gidipdi. Şol günem ikisiniňem ýol ulag hadysasy sebäpli heläkçilige uçrandygy hakyndaky ajy habar geldi. Birbada ogly bilen tirkeşip, ýol heläkçiligine uçranda-ha tas däliräp, düze çykypdym. Her gün aýdym-saz bilen geçip duran öýümiziň bahary sowlandyr öýtdüm» diýip, başyny ýaýkap ýene gürrüňini dowam etdi.

«Başym gara bürenjekli iki çagam bilen daş çykman diýen ýaly sus bolup gezdim. Soňabaka çagalarym öýe sygman başlady. Ýyl ýarym wagt dagy geçensoň, ahyry «Beýdip oturma-da bes et. Agyr ýük başyňa düşdi, oňa düşünýäs, ýöne Allanyň salany, nätjek. Mert bol. Indi bir yzy kesilsin. Ýör bile dükana gideli. Ünsüň sowulsyn» diýip, goňşym dükana äkitdi. Ol ýerde-de aňry-bäri alyp, puluny töläýin — diýip durdum. Dükanyň diwaryndaky asylgy duran kiçijik radiodan «Gülüm, gözledim seni» diýip, Annaberdiniň aýdymy ýaňlanyp dur eken. Gözüm garaňkyrap gitdi. Soň hiç zat bilemok. Öýe getiren ekenler.

Hernä, Hudaý jan o günleriň geçdigi bolsun. Alla döneýin, bolsa-da agtyklarym bolup, atlary dolanyp geldi, tüweleme. Indi birneme wagt geçensoň, ýaralarym biraz könelişdi. Ýöne şindem käte «Keçpelek» kinosyny görsem, ýüregim ýerinden çykaýjak bolýar. Annaberdi şol kinodaky aýdan aýdymynda:

«Karar etdik bile barsak ikimiz,

Derýa kenarynda batdy ýükümiz.

Men ölermen, sen bu ýerde gal indi…» —

— diýýär welin, öz ykbalymyzyň aýdymy ýaly bolup eşidilýär» diýenden  öýüň içi dym-dyrslyk boldy. Ogulgerek daýza gamgyn halda gözlerini ýaşlap, esli salym oturdy. Onuň bolup oturşyna goňşusam:

— Dogrudyr — diýip, makullaýjy äheňde baş atyp, sag elini alkymyna diräp, aňk bolup galdy. Ýogsa, ol Ogulgerek gelnejäniň bu hili ýatlama pursatlarynyň bir ýa iki gezek şaýady bolan däldir.

Ogulgerek gelneje goňşusy öýlerine gidenden soň hem ýatlamalaryň astyndan çykyp bilmedi. Ol henizem kä pyşyrdap, kä içini gepledip, başyndan geçiren külpetlerini ýatlaýardy. Şonda onuň ünsüni sowmak üçin gelni Ogulgözel:

— Wiý, ýogsa-da daýza, Annaberdi daýym bilen halaşyp durmuş gurduňyzmy? — diýdi.

— Ýok-la, ýöne halaşanlarça süýjünişip ýaşaşdyk. Adamçylygy ýumşak, dili süýjüdi-dä neressäň. Oba dagy myhmançylyga barardyk. «Anna kakam gelipdir» diýip, çaga bary öňünden çykardy. Hersine ýekejeden süýji-köke paýlap, gezek-gezegine boýnunda göterip, göwünlerini tapardy.

Okuwçykak mekdepde aýdym aýdardy. Annaberdiden bäş ýaş kiçidim. Men Bäherdeniň özünden, ol bolsa, Ýarajy obasyndandy. Ol wagtlar oba ýerlerinde ýediýyllyk mekdep bolardy. On ýyl okamak üçin internatda bolmalydy. Annaberdi internatda okaýarka, klasymyz ýanaşykdy. Ol meni tananokdy. Ýöne aýdym aýdyp ýörensoň, men ony tanaýardym. «Eý, gözel oglan, bäriňe dolan» diýip, oglan-gyz bolup aýdyşyk aýdym aýdardylar. Ol gyzyň elinden tutaýdy — diýip, geň görýärdim. Ýazgytdyr-da, gudamyzyň goňşulary bolansoň, söz aýdyjy iberdiler, durmuş gurduk» diýip ýylgyrdy. Onuň kä ýylgyryp, kä aglap aýdýan gürrüňlerini tolgunman diňlemek mümkin däldi. Ol: — Ýüwürjim Türkmenistanyň at gazanan artisti Arslan Atdanow «Aýdym aýtjak» diýende, enesi pahyr: «Bessir, aýdymyň ýolunda iki balam gidendir» diýip, rugsat bermedi. Ol bolsa, içki joşgunyny saklap bilmän, sygyr ýatakda legen kakyp, aýdym aýdardy. Gaýynym pahyr bolan bolsa, rugsat bermezdi. Ýöne aýdym-saz diýlen zat ylahydan berlende oňa aýtdyrjak däl diýeniň bolmaýar. Jaýy jennet bolsun! Annaberdi uzak gije aýdyma taýýarlanardy.

— Annaberdi, geç ukyňy al. Birden goňşularyň ukusyna päsgel beräýme —  diýsem: «Ýuwaşjadan aýdýaryn» diýerdi. Ýanyna kän adam gelerdi.  Akmyrat Çary, Hojaguly Diwana, Kerim Gurbanaly dagy uly şowhun bolşup oturardylar.

Kerim Gurbanalyýew-ä Orazberdi janyň klasdaşydy hem dostudy…» diýip, gürrüň berip oturyşyna ol maňa Ata Annanepesiň «Annaberdi Atdan» atly dokumental powesti çap edilen kitapçany hemem aýdymçynyň maglumatlary baradaky arhiw ýazgylary berdi.

«Obadaşymyz, zehinli şahyr Geldi Bäşiýew Annaberdä bagyşlap ýörite goşgy ýazdy. Şonda Nury Halmämmedowyň degişmesi esasynda Moskwada uly professor Annaberdiniň aýdymyny diňläp ondan: «Aýdym-saz ugrundan haýsy ýokary okuw jaýyny gutarandygyny sorapdyr. Annaberdä «Türkmenistan atly uzak ülkedäki Kelete konserwatoriýasyny gutardym» diýip jogap berdirýär. Elbetde, bu degişme bilen aýdylan gürrüň, ýöne Annaberdiniň hakykatdanam aýdym-saz ugrundan okan okuwy ýokdy» diýdi.

Öýe gelip aýdymçynyň arhiw maglumatlary bilen tanyşdym. Annaberdi Atdanow 1940-njy ýylyň 3-nji awgustynda Bäherden etrabynyň Kelete stansiýasynda demirýolçynyň maşgalasynda doglan. Ol ilki Ýarajy obasyndaky ýediýyllyk mekdebi, soňra Bäherdendäki internatda bilim alypdyr. Eýýäm şol wagtlar ol mekdepdäki çeper höwesjeňler kružogyna gatnaşýar eken. Onuň atasy Annasähet aga-da ir döwürler dutar çalyp, ol Mylly aga ýaly ägirtler bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. Geljekki meşhur aýdymçy ýaşlygyndan kakasy Atdan aganyň hem atasynyň çalan sazlaryny diňläp ulalypdyr. Şonuň üçin ol ilki aýdym aýtman dutar çalypdyr. Onuň tebigy zehinine Bäherdeniň medeniýet öýünde ýol açylyp başlaýar. Sebäbi ol bu ýerdäki ansambla 1956-njy ýylda 8-nji synpyň okuwçysy wagtynda gatnap başlaýar. Ol ansamblda ilki horda aýdym aýdýar. Soňra medeniýet öýüniň çeper ýolbaşçysy Muhammet Atadurdyýewiň tagallasy bilen ýekelikde aýdym aýdyp köpçüligiň öňünde çykyş edip ugraýar.

1958-nji ýylda Annaberdi Atdanowyň aýdymlary türkmen radiosynda ýaňlanyp, ýurdumyzyň çar künjündäki diňleýjilere ýetirilýär. Radionyň sazly gepleşikler redaksiýasy onuň ýerine ýetirmeginde «Durmuşyň gülleri», «Biläni» ýaly birnäçe aýdymlaryny ýazgy edip, ol aýdymlar häzirki günlerde-de diňleýjilere ýetirilýär. Onuň şol wagtlarda ürç edip aýdan aýdymlarynyň biri hem Abdy Gurbanowyň şahyr Meretguly Garryýewiň sözlerine «Ýeriň emeli hemrasy» diýen aýdymydy. Ol nusgawy edebiýatymyzyň görnükli şahyrlarynyň biri Keminäniň sözlerine «Biläni» diýen aýdymy bilen 1959-njy ýylda çeper höwesjeňleriň respublikan gözden geçirilişine gatnaşmaga hukuk gazanýar we şol gözden geçirilişde ýerine ýetirijilik aýratynlygy bilen tapawutlanyp ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň Hormat hatyna mynasyp bolýar.

Ol 1959-1962-nji ýyllarda harby gullukda bolupdyr. Gullukdan gelensoň, Ýarajy obasyndaky kluba müdirlik edýär we öz örküni aýdym-saza berk baglaýar. Bu ýerde işlän döwründe oňa bagşy Hommat Jelilow ýakyndan goldaw berip, kän hemaýat edýär. Ol aýdym-saz bilen çopan goşlarynda, ekerançylaryň arasyna baryp meýdan düşelgelerinde yzygider çykyş edýär. Şeýle-de bolsa, kakasy Atdan aga oňa öz ugrundan işlemegini maslahat berýär. Şol sebäpli ol kakasynyň raýyny ýykmazlyk üçin demirýolçy bolup hem işleýär, ýöne ony barybir aýdym-saz erkine goýmaýar. Ony il-gün toý-tomaşa häli-şindi çagyryp başlaýar. Aýdymlary bilen halkyň göwnünden turup, il-günüň toý märekesine ýarap ýörensoň, Atdan aga ahyry ogluna medeniýet işine gaýtadan baş goşmaga rugsat berýär. Şeýlelikde ol 1964-nji ýylda ýene-de Bäherdene gelip, etrap medeniýet öýünde medeni-köpçülik işlerinde instruktor bolup işläp başlaýar we şol ýyl hem onuň aýdym-saz älemine ymykly gadam basan ýyly bolýar. Bu ýylda ol baýramçylyk mynasybetli geçirilen gözden geçirilişde Türkmenistan SSR ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat haty bilen sylaglanýar.

Altmyşynjy ýyllaryň ahyrlarynda onuň at owazasy has belende galyp ugraýar. Şol ýyllarda onuň ussat kompozitor Daňatar Öwezowyň sazyna şahyr Gara Seýitliýewiň goşgusyna «Leýla» atly aýdymy uly rowaçlyk getirýär. Diňleýjiler tarapyndan ýörgünli diňlenýän bu aýdymy ol ürç edip aýdýar. Şu ýerde bir zady aýratyn belläsim gelýär. Aýdymçynyň maşgala ojagyna baranymda Ogulgerek gelneje: «Annaberdiniň aýdym-saz zehinine obadaşymyz Gara Seýitliýew aýratyn uly sarpa goýýardy. Paýtagta-da Gara Seýitliýewiň ýardam bermegi bilen  göçüp geldik. Ol şol wagtlar ýurdumyzyň Medeniýet ministri wezipesinde işleýärdi. Bir gün ol uly ýygnaklaryň birinde münberde çykyş edip durka: «Türkmen döwlet filarmoniýasynyň işini has-da ilerletmek üçin Annaberdi Atdanow ýaly zehinleriň gerekdigini aýdýar. Şeýlelikde Annaberdi Türkmen döwlet filarmoniýasyna işe ýerleşdirildi. Uzak wagt geçmänkä-de maşgalamyza ynha, şu wagtky ýaşaýan jaýymyz berildi» diýip, söýgüli şahyrymyz Gara Seýitliýewi alkyş sözleri bilen ýatlady.

Ministrlik tarapyndan uly goldaw berlip, bildirilen ýokary ynamy ödemek üçin aýdymçy özi ýaly birneçe zehinlerden ybarat bolan «Aşgabatdan salam» atly ansaml döredip, olar bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çykyş edip ugraýar. Her gezekki çykyşlary bu aýdym-saz toparyna uly üstünlik getirýär. Annaberdi Atdanowa bu ansambl bilen Moskwada, doganlyk Ukrainanyň birnäçe şäherlerinde çykyş etmek miýesser edýär. Şol wagtlar ansamblyň alypbaryjysy Soltan Gurbanow diýen wäşi artist eken. Ol aýdym-saz  çykyşlaryň arasynda şorta gürrüňleri bilen gyzyklandyryp bu toparyň tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolmagyna uly goşant goşýar. Barha adygan bu aýdym-saz toparynda bagşy Soltanmyrat Jygaýew, Atageldi Garýagdyýew ýaly ençeme ýaş aýdymçylar bolup, olar hem tomaşaçylary özüne çekýär.

Ýetmişinji ýyllarda Annaberdi Atdanowyň örüsi has giňeýär. Oňa daşary ýurt sahnalarynda çykyş etmäge giňden ýol açylýar. Şeýlelikde onuň hoş owazy alyslara ýaýrap, Kanada, Mongoliýa ýaly ýurtlarda ýaňlanyp başlaýar. Onuň ussatlyk bilen aýdan aýdymlary birnäçe çeper filmleri bezeýär. Meşhur aýdymçynyň ýiti zehinine bagyşlap birnäçe şahyrlar goşgy döredipdirler. Ol goşgy setirlerde:

«Seniň aýdymlaryň ýatyrmaýar hiç,

Haçan görseň gulagmyza gelip dur.

Ony diňlän adam oturmaýar hiç,

Kalbymyza joşgun baryn salyp dur.

 

Sen aýdym aýdardyň bahar hakynda,

Sen aýdym aýdardyň säher hakynda,

Sen aýdym aýdardyň şäher hakynda,

Ähli adamlaryň köňül nagşydyň.

 

Diýerdi, ildeşiň Nury neresse:

«Sazam sazdyr, ýöne aýdymçam gerek.

Eger Annaberdi aýtmajak bolsa,

Onda meniň üçin bar zat biderek?!».

 

Bu gün bolsa ak durna dek göterlip,

Ikisi-de taşlap gitdi obasyn…» diýip, aýdymçynyň ýiti zehinine bolan çäksiz söýgi jemlenýär. Annaberdi Atdanow ylahydan berlen zehini bilen tanalýan aýdymçy.

Goşgy setirlerinde beýan edilişi ýaly ol, öz şirin mukamlary bilen dünýä meşhur bolan kompozitor Nury Halmämmedow bilen obadaş. Olaryň ikisiniňem halkymyz üçin bitiren hyzmatlary örän uly. Olaryň aýdym-sazlaryny biparh diňlemek mümkin däl. Gysga ömründe milli aýdym-saz sungatymyzda öçmejek yz goýan bu ägirtleriň sarpasy juda uly. 1992-nji ýylda Annaberdi Atdanowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at berildi. Bäherden etrabynyň orta mekdepleriniň birine, şeýle hem paýtagtymyzyň köçeleriniň birine Annaberdi Atdanowyň ady dakyldy. Meşhur sungat wekillerimiz hatyralanyp, olaryň dogduk mekanynda ýatlama agşamlary geçirilip durýar. Teleradioýaýlymlarda olaryň eserleri häli-şindi ýaňlanyp dur. Aýdymyň dünýäsinde ýaşap aýdýan ussat aýdymçy Annaberdi Atdanow diňleýjilerini hem aýdymyň dünýäsinde ýaşadýar. Häzir onuň nusgalyk ýolundan aýdym aýdýan ýaşlar sanardan kän. Her gezek olaryň aýdymlaryny diňläniňde ol aramyza ýaşap ýören ýaly duýgyny başdan geçirýäris. Şol pursat şahyryň:

«Uçduňyzmy, goşa durna öwrülip,

Dolanyň siz, ýene biziň illere.

Misli bagda pyntyk kimin ýarylyp,

Joşgun paýlaň, täze dogjak günlere!» diýen setirlerini biygtyýar gaýtalaýarys.

Akgül Saparowa.

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri