1980-nji ýyllardy. Bir gün okuwdan gelsem öýmüzde kakam bilen kyrk ýaş töweregindäki bir myhman çaý içip otyr. Bir az wagtdan onuň hoş owaz bilen goşgy aýdýan sesi eşidildi. Öz işim bilen gümra bolup, bir bada kän üns bermedim. Barybir öň eşiden goşgym däldi.
«Bu zatlara indi-indi düşünýän,
Gerdeninde urşuň keşigin çeken,
Käbäm gyş gijesi bir döwüm nana,
Iň soňky çabdynam çalyşan eken» diýip, ol goşgusyny tamamlady. Kakamyň: «Inim, gaty tolgundyrdyň» diýeni ýadymda. Myhman: — Agam, täze dünýä inen bäbege uzak ýaş arzuwlap köplenç: «Ene-atasyna rakyp çaga bolsun!» diýip dileg edilýär. Nusgawy edebiýatymyzda:
«Ýar bilen meniň arama,
Rakyplar düşdi neýläýin» diýen ýa-da başga-da rakyp sözi erbet manyda ulanylan setirler bar — diýip gürrüňini dowam etdi.
Myhman gidensoň, onuň kimdigi hakynda gyzyklandym. Ejem: «Daşgynyrak agaňyz ol. Özem şahyr. Ady Amangeldi Amanow» diýdi. Soň ol agalarym öýlenip toý tutanlarynda-da, hudaýýoly sadaka etsegem öýmüze gelerdi, ýöne onuň bilen gürrüňdeş bolan ýerim ýokdy.
Orta mekdebi tamamladym. Birden ukusyzlyk derdine sataşdym. Gijelerine goşgy setirlerini ýazyp başladym. Ertesi irden oýanan dessime-de öýdäkilere görkezmejek bolup, ýazan ýazgylarymy ýyrtyşdyryp kagyz-galamymy bukýardym. Ahyry ejeme: «Goşgy ýazýan» diýip aýtdym.
— Ýok, et! Goşgy ýazanyňam gerek däl, aýdym aýdanyňam. Dokmaňy doka-da, işiň bilen bol! — diýip gygyrdy. Kakama aýtmaga-da çekinýän. Onsoň bir gün öýe gelende uly agama aýtdym. Şäherde ýaşaýardy. Ol goşguly depderimi okady-da: «Atdaş agama eltip okadaýyn, derde ýaramasa ýüz görmän aýdar ol. Eger göwni ýetmese, gaýdyp eliňe galam-kagyz alaýmagyn» diýdi.
Aý ýarym töweregi wagt geçdi. Kakam eli gazetli mekdepden geldi-de, öňüme bir gazeti oklap gözüni ýaşlap durdy. Geň galdym. Görsem gazetde iki sany goşgym çap bolupdyr. Sesimi çykarman ýüzümi aşak salyp oturdym. Ejem: «Sen gyz-a alaç boljak däl-ow» diýip ýene gygyryp başlady. Kakam oňa: «Gygyrma» diýen äheňde başyny ýaýkady.
Şondan iki-üç gün geçensoň, öýmüze Amangeldi Amanow geldi. Ol kakama ýüzlenip: «Agam, ýörite geldim. Jigimde uçgunjyk bar, goldalyň! Döredijilik ýoly ýeňil däldir. Dil-edebiýat mugallymy bolaňyzsoň bilýänsiňiz» diýdi-de: — Akgül jigim, gel bärik! — diýip ýanyna çagyrdy. Ilkinji çap bolan goşgularym bilen gutlady. Soň goşgularymy bukja salyp, obada gazet paýlaýan poçtalýon daýzadan ugradýardym. Nesibäm çekip obamyzdaky mekdebiň kitaphanasyna işe girdim.
Bir gezek redaksiýa bäş-alty goşgymy birden iberdim. Amangeldi aga: «Suratyňyz gerek?» diýip habar ýollapdyr. Iberdim. «Zähmetkeşler sesi» Gyzylarbat raýon gazetiniň 1989-njy ýylyň 27-nji iýun sanynyň 4-nji sahypasynda «ÝOLUŇ AK BOLSUN, AKGÜL!» diýip, suratym bilen alty goşgym gazetde çap boldy. Suratymyň gapdalynda-da: «Akgül Täçmyradowa Zaw obasynda ýerleşýän 6-njy orta mekdepde kitaphanaçy bolup işleýär. Ol mydama akyl çeşmesiniň arygy bolan kitaplaryň arasynda. Belki ony Şahyrlyk atly uly ummana tarap ýola salan şol kitaplardyr. Belki-de, oba tebigatynyň aýratyn gözelligidir…
Ýaş şahyryň goşgulary dag gatlaklarynyň teýinden syzyp çykýan çeşme suwuny ýada salýar. Ol çeşmejik bolsa barha batlanýar, barha durlanýar. Amangeldi Amanow, «Säher» poeziýa klubynyň ýolbaşçysy» diýen ýazgy bar. Şeýle bir begendim. Şonda ol «Elegiýa» atly goşgymyň:
«Jaýyň üçegine bakýan gözlerden
Çaýly käsä gözýaş paýrap gaçýardy.
Oýa batan ENE bilenok häzir —
Gözýaşynam çaýy bilen içýärdi» diýen bendini aýdyp: — Jigim, goşgularyňy ine, şunuň ýaly setirleriň bilen köpräk bezegin. Şol setirleň şeýle bir göwnüme ýarady — diýip maslahat berdi.
Soň durmuşa çykyp, ýoldaşym bilen paýtagta göçüp geldik. Käbir sebäplere görä döredijilikden el çekip, galam-kagyzy ymykly taşladym. Nädip dolanyp gelenime özümem düşünemok. On dört ýyldan soň ykbal meni ýene döredijilige getirdi. «Nesil» gazetiniň redaksiýasynda habarçy bolup işleýärdim. Gazetiň şol wagtky baş redaktory Annagül Narlyýewady. (Jaýy jennet bolsun!) «Gowy şahyrdy, Amangeldi Amanow ýogalypdyr, gynanaýdym» diýdi. Eşitmändim. Waheý, ol meniň garyndaşymdy hemem döredijilik ýolumda ilkinji halypamdy. Aýdanyň gowy boldy, aýatyna görünmesem bolmaz — diýip rugsat soradym. Pahyr: «Arkaýyn gidiň! Agaňyzyň yzy ýarasyn, imany hemra bolsun!» diýip rugsat berdi. Iki günden işe gelsem gazetde: «Akgül Saparowanyň garyndaşy şahyr Amangeldi Amanowyň aradan çykanlygy üçin» diýip nekrolog berlipdir.
Arada otyrkam birden Amangeldi agam ýadyma düşdi. Onsoň kitap tekjämden onuň 2005-nji ýylda çap bolan «Hoşaly meýdan» atly kitabyny alyp, terjimehalyny okadym. Amangeldi Amanow 1946-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Gyzylarbat etrabynyň Jejirs obasynda doglan. Orta mekdebi medal bilen gutarýar. 1964-1970-nji ýyllarda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetinde okaýar. 1962-nji ýylda Gyzylarbat şäherindäki wagon abatlaýjy zawodda şägirt-gazançy bolup zähmet ýoluna başlaýar. Soňra ol mekdepde mugallym, Gökdepe, Gyzylarbat etrap gazetlerinde dürli wezipelerde işleýär. Ömrüniň soňky ýyllarynda Gyzylarbat etrap medeniýet bölüminde köpçülik çäreleriniň režissýory bolup işleýär. 40 ýyldan gowrak döredijilik işi bilen meşgullanan şahyryň goşgularydyr poemalary merkezi metbugatyň hemmesinde yzygider diýen ýaly çap edilýär.
Terjimehalynyň gapdalyndaky suratyny synlap: «Häzir ýaşap ýören bolsa ol geljek ýyl segsen ýaşamalydy. Wagtyň tiz geçäýşini. Neressäniň bakyýete göç edenine-de esli ýyl bolupdyr» diýip oýlanyp oturdym. Birden onuň goşgularyna döredilen aýdymlar ýadyma düşdi:
«Bulanmaz tereň suwuň,
Asmanda parlar guwuň,
Hasyl bolan arzuwym,
Ak sen, Garagum derýäm» diýip, şahyr agamyň goşgusyna Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarowyň döreden hemem özüniň ýerine ýetirmeginde aýdýan aýdymynyň owazy gulagymda ýaňlanyp başlady. Nähili şowly çykan aýdym. Ýaşaýşyň gözbaşy bolan suwuň üsti bilen asuda asmanymyzyň astynda halkymyzyň eşretli ýaşaýşynyň owadan keşbi şeýle bir suratlandyrylýar. Onuň aýdymçy Röwşen Hallyýewiň 1993-nji ýylda geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde:
«Garaşsyz döwletim Berkarar boldy,
Döwletiňe guwan, türkmen Diýarym!
Kanunyň goýnunda ygtyýar aldy,
Kanunyňa guwan, türkmen Diýarym!» diýip, aýdan «Türkmen Diýarym» atly buýsançly aýdymy hakynda aýdanyňda-da şeýle. Şol aýdym has ýörgünli boldy. Her ýyl «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi geçirilende şol aýdym bilen başlanýardy. Millilige ýugrulan bu aýdymyň:
«Pyragyň heýkeldir, daglaryň erkin,
Gurýan metjidiňe hyrydar her kim,
Dutar sazy ýaly dabaraň görküň,
Dutaryňa guwan, türkmen Diýarym!
Bedewlerňe guwan, türkmen Diýarym!» diýip, manyly sözleri bilen sazy juda jüpüne düşen aýdym Röwşen Hallyýewiň labzy süýji owazy bilen ýüreklerden orun aldy. Bu aýdymyň döreýşi hakynda gürrüň bermegini haýyş edip arada halypa Gurban Orazmämmedow bilen jaňlaşdym. Ol: — O mahallar medeniýet öýüň ýolbaşçysydym. Bir gün baýramçylyk mynasybetli guralmaly medeni çäreleriň taýýarlyk görlüşinden habar almak üçin Gyzylarbadyň demir ýol klubyna bardym. Işgär oglanlar başagaý bolup bir goşgyny gaýtalap okap durlar. Goşgy göwnüme ýarady. Onsoň: «Şol goşgynyň sözlerini maňa-da ýazyp berseňizläň!» diýdim. Derrew göçürip getirdiler.
«Gül halyň dünýäde meşhurdan meşhur,
Bir tarapyň Hazar, bir ýanyň Jeýhun,
Misserýanda gülläp açylsa zeýtun,
Kanalyňa guwan, türkmen Diýarym!» diýip, aýdymyň sözleri kalbyma gozgalaň saldy-da ajaýyp aýdym döredi duruberdi — diýip gürrüň berdi. Amangeldi Amanowyň sözlerine döredilen şeýle ajaýyp aýdymlar bolsa sanardan kän.
Ýakynda şahyryň ogly Eziz bilen jaňlaşyp maşgala ýagdaýlaryny soradym. Kakaňyzyň goşgularyna näçeräk aýdym döredildi? Onuň döredijiliginiň başga taraplary hakynda nämeler aýdyp biljek?— diýip sowal berdim. Ol: — Kakam Amangeldi Amanowyň Iki bölümli dört görnüşli drama eserleriniň birnäçesi Gyzylarbat etrap halk teatrynda sahnalaşdyryldy. «Syrtmak» atly pýessasyny 2000-nji ýylda režissýor Serdar Baýramsähedow, «Kiçi bolma, kişi bol» atly pýessasyny 2005-nji ýylda režissýor Amanmyrat Hojaýew, «Ene wesýeti» atly pýessasyny 2018-nji ýylda režissýor Seýit Seýitmämmedow, «Böwsülen böwet» atly pýessasyny Ogulnabat Pälwanowa sahnalaşdyrdy. Kakamyň bu drama eserleriniň hemmesem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň baş baýragyna mynasyp boldy. Goşgularyna döredilen aýdymlarynyň sany bolsa, ýüzden geçýändir. «Gümanym daglar» goşgusyna Röwşen Hallyýew neresse saz ýazyp, özi aýdypdy. Ol aýdym häzirki günlerde-de ýörgünli aýdymlaň biri. «Gaýalaň ýatladar atamy daglar» diýip, halypa Toýguly Jepbarowyň sazyna döredilen aýdymy hem şowly çykan aýdymlarynyň biri.
Kakam 2007-nji ýylyň 10-njy martynda ýogaldy. Harby gullukdadym. Yzymdan kakamyň agyr ýatandygy hakynda telegramma bardy. Soňky ýoluna ugratmak nesibämde bar eken. Wagtal-wagtal kakam bilen bagly ýatlamalar hakynda oýlanýan. Ol bize döredijiligi bilen bagly kän ýatlamalar galdyrypdyr. Jejirs obasynda doglan bolsa-da, kakamyň ýaşlyk ýyllary etrabymyzyň Goç obasynda geçýär. Atam öz döwründe şol obanyň daýhan birleşiginde oba sowet bolup işläpdir. Şu ýerde kakamyň aýdan bir gürrüňini ýatlasym gelýär. Atam Amanmyradyň başdaş aýaly Altyn ejemden üç-dört ogly bolýar. Olaryň hemmesi 1941-1945-nji ýyllarda urşa gidip gelmändir. Onsoň Altyn enem atama: «Men-ä garradym, ojagymyza eýe bolar ýaly sen birine öýlen» diýip rugsat berýär. Şeýlelik bilen atam Bagtygül eneme öýlenýär. Ondan bir ogly, ýagny kakam bolýar. Onuň adyna-da Altyn enem: «Ogullarym uruşdan aman gelsin» diýip Amangeldi dakýar. Kakamyň göbek enesem Altyn enem eken, kakam gürrüň beripdi.
Bir baýramçylykda kakam dogduk obasynda geçirilen dabara barýar. Şonda kakam «Jejirsim» diýen goşgy okapdyr. Soň Toýguly Jepbarow: «Inim, kakaň şol goşgusyny ber, Jejirs obasy meniňem dogduk obam. Şol goşga saz ýazjak. Kakaň ol goşgyny şol dabara geçirilen ýerde göni ýazypdy» diýdi. Kän wagt gözläp tapmadym. Soň seretsem arhiwinde bar eken. Ýakynda ol goşgyny Toýguly dädä berdim. Ol kakama «daýy» diýýär. Toýguly aga kakamyň goşgularyna kän aýdym döretdi, ilkinji bolubam özi ýerine ýetirdi.
Gyzylarbat şäherimiziň belli bagşylarynyň biri Derýaguly Hanow hem kakamyň köp goşgusyna aýdym döretdi. Etrabymyzyň toý dabaralarynda ol aýdymlary özi ýerine ýetirýär. Derýaguly Hanow: «Kakaňa şu zeýilliräk goşgy gerek, Amangeldi aga!» diýerdik. «Iki gün garaş» diýerdi. Diýen günem ýazyp bererdi welin, edil içimizi okan ýalydyr» diýip gürrüň berdi. Kakamyň şahsy arhiwinde Batyr Gagşala bagyşlap ýazan uly poemasyny özi okan ýazgysy bar. Batyr Gagşal damana ýolunyň uly bagşylarynyň biri bolupdyr hemem pälwan eken.
Kakam: «Ýekeje gamgyn goşgyny ýazanyňdan şatlykly goşgudan on goşgy ýazanyň aňsat» diýerdi. Ol hakykatdanam şeýledir, sebäbi gamgyn goşgulary okanyňda-da agyr düşýär. Etrabymyzda belli gyjakçy bolan Döwletmyrat Berdiýewe bagyşlap döreden «Jan dostum» atly goşgusy ýadyma düşýär. Okasaň duýgulandyrýar.
«Döwletmyrat gyjak çalýar diýseler,
Başyn bir gez göge götär maýsalar,
Aýdypdyrlar: «Ýiti gyzyl tiz solar»
Şum ajala ir berdiňle ýan dostum.
Degişgendiň, howasydyň ýazlaryň,
Ýüreklerde baky galar sazlaryň,
Perzent görmän ir sowuldy bazaryň,
Gözlemändiň şöhrat bilen şan dostum» diýýär-de goşgynyň soňky iki setirinde:
«Käte seni ýatlap atyrýan daňy,
Saňa hakdan diläp ak iman dostum» diýip jemleýär. Elbetde, kakam dünýeden ir gitdi, gynanýas. Meni begendirýän zat kakamyň ýaşan ömründe il-günümiziň, muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsini gazanyp gitmegi. Häzir Gyzylarbat etrabymyzyň «Taryhy we ülkäni öwreniş» muzeýinde hem-de kakamyň işlän edarasy bolan Medeniýet öýüniň ikinji gatynda-da muzeýiň bölümi bar. Şol ýerlerde «Amangeldi Amanowyň burçy» döredildi. Resminamalary suratlary goşgulary bar — diýip gürrüň berdi. Men oňa kakaň ýene haýsy kitaby neşir edildi? — diýip sowal berdim.
— Kakam dünýeden gaýdansoň, dostunyň ogly Akmyrat Batyrowyň taýýarlamagynda goşgular ýygyndysy «Ene tut» ady bilen neşir edildi. Kitabyň sözbaşysy bilen bagly «Ene tut» atly goşgusynyň döreýşi bar. Şu wagt ýaşap oturan öýmüziň öňünde ullakan tut agajy ösüp otyr. Kakamyň şoň bilen baglanyşykly diýseň täsirli goşgusy bar. Ikije bendini ýatlaýyn:
«Bir goja dindaryň aýdyşy ýaly,
Bakyýetden dolanýarmyş adamlar,
Biri demir, birisi daş, biri bag,
Ak dünýäde sanalgymyş gadamlar.
Kyrk sekiz ýaşymda oýa çümýän men,
Ezraýyl işinden gorkym ýok hijem,
Birden sen bolaýma mähriban ejem,
Meň gapymy saklap duran ene tut».
Kakamyň «Ene wesýeti» eseri Paraw bibi bilen bagly ýazylan eser. Häzir kakamyň arhiw ýazgylaryny öwrenýärin. 1998-nji ýylda Eýrana gidende ýazan ýol ýazgylary bar. Rubagylary, poemalary kän. Bir gezek Gyzylarbada halypa alypbaryjy Mergen Annamuhammedow geldi. Şonda ýanymdaky oglanlar: «Mergen aga, Siz şahyr Amangeldi Amanowy tanaýaňyzmy? Şu ýigit şonuň ogly. Özem siziň ýaly diktor» diýip tanyşdyrdylar. «O şahyr bolar ýaly däl. Goşgularynyň täsiri güýçli. Men onuň goşgularyndan okaýan» diýip, el telefonundan okan goşgularynyň ýazgysyny gözlemäge durdy. Men oňa: «Halypa, gözläp azara galmaňda, ynha, şu goşgusyny okaýyň» diýip telefonumdan kakamyň «Peder pentleri» poemasyndan dört-bäş bent berdim. Soň ol okap Tik-tokda goýupdyr. Onsoň sag bolsun aýdyp habarlaşdym welin ol: «Şol goşgynyň dowamy barmy? Eger bar bolsa doly okajak» diýdi. Onsoň ugratdym — diýip gürrüň berdi. Soňra-da: — Gelneje, gürrüňdeşligimiziň başynda maşgala ýagdaýymyz hakynda-da soradyňyz. Kakamyň dört gyz, üç ogul perzendi, her çagasyndan bolsa dört-bäş agtygy bar» diýdi. Tüweleme, haýsy zat hakynda soraýan welin, gaty sowatly gürrüň berýär. Asyl ol esasy işiniň daşyndan toýlarda alyp baryjylyk edip etrabymyzda «Eziz tamada» diýlip tanalýan eken. Men ondan kakaňyzyň «Ene tut» kitabyny kitaphanadan tapyp bilerinmi? — diýip soradym. — Bilmedim, gelneje. Mirasgär Atamyrat Şagulyýewden sorap görüň, belki, şonda kitap elektron görnüşde bar bolmagy ahmal — diýdi. Onsoň Atamyrat aga jaň etdim. Ol: «Wah, ol kitap mende ýok. Kitaby täzeden köpeltmek üçin Akmyrat Batyrowyň elektron görnüşde alyp gaýdanyny bilýän, ýöne o neresse-de ýogalaýdy. Mende Amangeldi Amanowyň diňe entek neşir edilmedik «Gyzylarbat» atly poemasynyň elektron ýazgysy bar» diýdi. Men oňa: «Amangeldi Amanow bilen bagly ýatlamalar sizde-de köp ýaly-la? — diýdim. — Men ony kän gezek tele gepleşige çagyrdym. Ahyry bir gün ýalňyşmasam 1994-nji ýylda «Çeşmeler» atly tele gepleşigimizde çykyş etdi. Üç sany goşgy okady. Soň ol bizi öýüne myhmançylyga çagyrdy, ýöne baryp bilmedik. Neresse dünýeden gaýdansoň aýatyna bardyk. Şonda bir pursat hiç ýadymdan çykanok, göz öňümdenem gidenok. Öýlerine baranymyzda: «Içki otaga geçäýiň!» diýdiler. Gapydan girenimizden törde onuň uly ölçegde ýöräp gelýän keşbi çekilen suraty bar eken. Gaty tolgundyrdy. Neressäň özi diri ýaly bolup bizi garşy alan ýaly boldy. Suraty Gyzylarbatly suratkeş Ýagmyr Amanjaýew çeken eken» diýdi. Pikirlenip oturşyma bir pursat ýadyma düşdi.
Bir gezek redaksiýa barsam «Edebiýat we sungat» gazetiniň kabulhanasynda kätip gelneje keýpsiz ýagdaýda otyrdy. Akjemal gelneje, ýaraňyzokmy? — diýdim.
— Ýok-la, agşam uzak gije uklap bilmedim. Başlyk jaň etdi. — «Altyn asyr» bäsleşik jemlenýär, şoňa şahyr Amangeldi Amanowyň gyssagly ýagdaýda maglumatlary bilen suratlary gerek — diýdiler. Gaýrat edip jaňlaş-da ýetişdirjek bol — diýdi. Gijäň içinde Gyzylarbada jaň edip, poçta bilen getirtdim. Bu günem eýýäm ýeňijiler belli bolupdyr. Biderek o bendäni bimaza edenimize gynanýan — diýdi. Gynanma, gelneje herki zadyň nesibeli güni bardyr. Amangeldi aga ýagdaýa düşünmän duran däldir — diýdim. Hawa, ondan soň ol sylag almaga ýetişdimi, ýetişmedimi, bilmedim. Esasy bir zady welin anyk bilýän. Ol gowy goşgularyň awtorydy.
Akgül Saparowa.