Sargylt gyzyl reňkler bilen reňklenen misli ýelegi ýatladyp gaýyp düşýän altyn reňkli ýapraklary, misli merjen dänelerini ýadyňa salýan ir säher bilen ösümlikleriň üstüne düşýän çyg damjalary, öwüsýän sergin mymyk şemaly, gök asmanda bäsleşip geçýän bulutlary bilen bir hatrada güýz paslynyň ýaraşygy gykuwlaşyp hatar gurap geçýän durnalardyr. Göçüp gonýan guşlar ortaça 1800 töweregi diýilip hasaplanylýar. Bu guşlaryň arasynda durnalaryň üçburçlygy ýadyňa salyp uçýan hatary has hem täsinligi bilen tapawutlanýar. Durnalaryň täsin uçuşyny güýz aýynda howa şertlerine baglylykda birnäçe hepdäniň dowamynda synlamak bolýar. Bu hatarlarda durnalaryň sany onlarça, ýüzlerçä çenli ýetip bilýär. Durnalar üç burçlygy ýadyňa salýan zynjyry emele getirip, birnäçe kilometre çenli uçup gidýärler.
Bu şekil guşlaryň uzak aralyga uçýan uly sürüleri bolan guşlar üçin mahsusdyr. Guşlaryň hatar gurap geçýän ýagdaýlary köpleri gyzyklandyrýar. Şonuň bilen bir hatarda ol özünde birnäçe syrly maglumatlary saklaýar. Bu täsin şekiliň kömegi bilen guşlar uzak aralyklara uçup bilýärler. Her guş sürüsinde bir sany baştutany, sürüniň serkerdesi bolýar, sürüde esasy jogapkärçilik şol guşa düşýär, ol guş sürüsinde iň ullakany, sagdyn we ýeterlik semizlik derejesi, ýeterlik tejribesi bilen tapawutlanýar. Ol gelýän howa akymymy böwsüp, ganat kakanlarynda beýleki guşlaryň uçmaklygy üçin amatly şert döredýär. Sürüniň iň ahyrynda uçýan guşa, uçmaklyk örän aňsat bolýar. Şonuň üçin bu ýerde ýaş, ýarawsyz we garry durnalar uçýar. Olaryň yzygiderli çykarýan sesleri özaralarynda habarlaşmaklyk üçin ýerine ýetirýärler. Hatar gurap geçenlerinde olara habarlaşmaklyklyk aňsat düşýär. Guşlar sesleri çykaranlarynda, has takygy ýarawsyz durnalar ses edenlerinde serkerde guş tizligini peseldýär. Guşlar hatar gurap geçenlerinde olaryň energiýa sarp edijiligi pes bolýar, ýekelikde uçýan guşlaryňka serdende ýürek uruşy pes derejede bolýar. Bu mehanizmleri ýerine ýetirmeklik bilen ýarawsyz we garry guşlary sag aman barjak ülkesine barmaklyga ýardam edýär. Uçuş wagtynda olaryň tizligi ortaça 80 km/sag ýetip bilýär. Guşlar uçuş wagtynda uçup barýan ýolyna bolan çaklamasyny Ýeriň magnit meýdanynyň kömegi bilen amala aşyrýar. Şeýle hem guşlaryň gözlerinde bar bolan kriptohrom belogy ýagtylygy we magnit meýdanyny duýup, ony nerw ulgamy tarapyndan duýmaklyga ýardam edýär.
Biziň ýurdumyzyň çäginden uçup gidýän durnalar köplenç iýmitlenmek maksady bilen düşleýärler, käbirleri bolsa gyşlamaklyk üçin hem galýarlar. Ýurdumyzda durnalar Köpetdag goraghanasynyň çäginde Mäne-Çäçe çäkli goraghanasynyň çäklerinde Durnaly diýilýän mesgende düşläp geçýärler. Bu ýerde gyşlaýan durnalyň sany hem ýyl-ýyldan artýar. Ýurdumyzda bu ugurda uly işler ýerine ýetirilýär. Durnalary kä halatlarda ekin meýdanlarynda hem görmek bolýar. Olaryň iýmiti köplenç ösümlikleriň pudaklary, kornewişalar, mör-möjekler, mollýuskalar, ownuk gemrijiler we beýleki käbir süýrenjileriň görnüşleridir.
Guşlar ýaşaýan ýeriniň iýmit ýagdaýyny we gyşlamaga, höwürtgelemäge bolan ähli amatlyklaryny kesgitleýjiler (indikatorlar) hasaplanylýar.
Tebigatda bolýan dürli täsin hadysalar bilen has içgin tanyş bolmaklyk biz üçin elmydama gyzykly
Selbi MEREDOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
mugallymy.
Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!