ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Altymuhammet Bähbidow: arheolog Wiktor Sarianidiniň şägirdi

Öň ol barada metbugat sahypalarynda ýazylan makalalaryň üsti bilen azda-kände bilýärdim. «Gadymy Marguşuň gözleginde uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan arheolog gazuw-agtaryş işlerine gatnaşyp täsin gymmatlyklaryň üstüni açan Altymuhammet Bähbidow etrabymyzyň guwanjy. Ol Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň medeniýet öýünde döredilen uly bolmadyk, ýöne gojaman taryhy içine sygdyrýan muzeýe ýolbaşçylyk edýär. Muzeý häzirki wagtda ýaş taryhçylaryň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi» diýlip ýazylan ýazgyny haýsydyr bir gazetden okanym ýadymda. «Türkmenistan» gazetiniň  geçen ýylyň ýanwar aýyndaky sanlarynyň birinde-de gazetiň öz habarçysy Welmuhammet Galandarowyň bu barada «Hasyl bolan arzuw» atly makalasy çap boldy,  ýöne mirasgär mugallym Baýram Goçmyradowyň buýsanç bilen: «Altymuhammet Bähbidow dünýä belli arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň şägirdi» diýip aýdan täsin gürrüňleri diýseň gyzyklanma döretdi. Onsoň oňa: «Baýram mugallym, hususy ulagyňyz bar. Gaýrat edip paýtagta geleniňizde ýanyňyz bilen Altymuhammedem alyp gelseňizläň,  gürrüňlerini ýüzbe-ýüz diňläp okyjylara ýetiresim gelýär — diýip haýyş etdim. Şeýlelik bilen nesibämiz çekip ýakynda onuň bilen gürrüňdeş bolduk.

Ol diýseň täsin adam eken. Göräýmäge birbada çekinjeň keşpde göründi. Içimden: «bir zatlar gürrüň berip bilermikä» diýip pikir etdim. Haçanda gyzyklanýan sowallarymy berip başlamsoň, onuň gürrüň bermäge diýseň ussatlygyna göz ýetirdim. Özümi hemme aýdýan gürrüňleriniň gözli şaýady bolan ýaly duýdum. Onuň gürrüňleriniň hakykatdygyna ynanmazlyk mümkin däl. Ol juda arassa ýürekli, öte duýgur hem ylahy zehinli, zehininiň üstüni yhlasly zähmeti bilen bezäp bilýän hünärmen. Şonuň üçin ol meşhur arheologlaryň uly bahasyna mynasyp bolupdyr. Muňa onuň şahsy arhiw maglumatlaryny gözden geçireniňde dürli ýyllarda düşülen foto suratlar, ýazuw maglumatlar anyk subutnama.  Altymuhammediň ýolbaşçylyk edýän muzeýine gezelenje barýan ildeşlerimiziň sanynyň gün-günden artýandygyna diňe ol ýere baran myhmanlaryň ýürek ýazgysyny ýazyp galdyran elýazmalaryndan-da bilip bolýar. Ynha, oňa käbir mysallar. Onuň obadaşy hem bile işleşen kärdeşi Agageldi Kelow: «Alty, seniň gazanýan her bir üstünligiňe çyn ýürekden buýsanýan. Halal zähmetiň bilen döreden muzeýiň mübärek bolsun! Muzeýdäki gymmatlyklar kän pursatlary ýadyma saldy. Menem Marguşda geçirilen gazuw-agtaryş işlerine gatnaşdym. Seniň tapan taryhy tapyndylaryňa ençeme gezek gözli şaýat boldum. Ukyp-başarnygyňa şo mahallaram guwanýardym. Muzeýe gezelenje gelemde-de bitirýän işleriňe obadaş hökmünde buýsandym».

Ine, ýene bir elýazmadan parça. Mary welaýatynyň Munondepe obasynyň ýaşaýjysy Nurgeldi Nurgeldiýew: — Menem gadymy Marguş ýurdunyň paýtagty Goňurdepede geçirilen gazuw-agtaryş işlerine gatnaşdym. Ol wagtlar 50-ä golaý işgär işleýärdi. Şolaryň arasynda Altymuhammet tapawutlanan işgär hökmünde tanalýardy. Ol özüniň arassa, halal zähmeti bilen halypalaryň mynasyp sylag-hormatyna eýe bolýardy. Onuň işjanlylygyny, halallygyny göz öňünde tutup halypalaryň aýdan öwgüli sözlerini birnäçe gezek eşitdim. Arheologlaryň iş pursatlaryny görmek üçin Marguşa gezelenje kän barýardym. 2004-nji ýylda baranymda meşhur arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi: «Alty maňa Hudaý tarapyn iberilen hakyky gudrat boldy» diýip gürrüň berdi. 2008-nji ýylda baranymda-da: «Altyşka bilen bütin dünýä jar edilen Gadymy Goňurdepäniň açylyşyna taýýarlyk görýäris» diýipdi.

«Men Garagum etrabynyň ýaşaýjysy Döwran Berdiýew: «Altymuhammediň döreden muzeýine baryp gördüm hem juda buýsandym. Menem Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň sag eli bolup işlän Altymuhammediň topar ýolbaşçysy bolup işledim. Altymuhammet gazuw-agtaryş işleriniň gözlegi üçin ylahydan zehinlidi. Ol işlän döwründe Marguşdan tapylan gymmatlyklaryň köpüsini tapdy. Öz işiniň ussady. Altymuhammet guburlary we kameralary gazmaga ökdedi. Onuň işleýşine uly alymlaram haýran galýardy. Ol topraga garylyp gatap giden örän uşak zatlary hem tapmaga ökdedi. Şonuň üçin ol halypalardan hemişe berekella alýardy».

Şeýle ýazgylar başga-da kän, ýöne gürrüňi uzaldyp oturman okyjylary onuň terjimehaly bilen gysgajyk tanyşdyrmakçy. Altymuhammet Bähbidow 1972-nji ýylyň 3-nji iýunynda Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Ýagtyýol şäherçesinde doglan. Ol on doganyň biri. Doganlarynyň her haýsy dürli kärlerde zähmet çekýär. Ejesi gahryman ene Bibigül daýza öý hojalykçy bolupdyr. Kakasy 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan, uruş weterany Juma aga agronom bolup oba hojalyk ulgamynda kän işler bitiripdir. Onuň zähmetde bitiren hyzmatlary hakynda metbugat sahypalarynda ýazylan makalalar suraty bilen çap bolupdyr. Altymuhammet türkmen-rus Margiana gazuw-agtaryş işlerinde uly yz galdyran arheolog, taryh ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, dünýä belli alym, professor Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň ýolbaşçylygynda alnyp barlan gazuw-agtaryş işlerinde 2003-nji ýyldan 2013-nj ýyla çenli jemi on ýyl 20 möwsüm işleýär. Baş halypasy Sarianidi dünýeden gaýdansoň, onuň esasy kömekçisi Nadežda Dubowanyň ýolbaşçylygynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerine yzygiderli gatnaşyp 2013-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli işleýär. Jemi 16 ýylda 32 möwsüm işläp, arheologiýa hünäriniň inçe syrlaryny, iş tärlerini, usullaryny öwrenip tejribe toplaýar. Ol: — Bir zada begenýän. Entek mekdep okuwçysy wagtymdakam başlangyç klas mugallymym Sona Jebrailowa: «Ulalaňda kim boljak?» diýip sorapdy. Şonda oňa küýze tapýançy boljak — diýip jogap berenim ýadymda. Sona mugallym: «Onda sen ulalaňda arheolog bolasyň gelýän eken» diýipdi. O mahallar arheolog sözüniň nämediginem bilemokdym. Orta mekdebi tamamlap harby gulluga gitdim. Gullugymy tamamlap gelemsoň gurluşykda işledim. Şol ugurdan tehnikumda okadym. Bir gün obadaşym Şatlyk Hallyýew ýanyma geldi. Ol: «Marguşda geçirilýän gazuw-agtaryş işlerine gatnaşjakmy? » diýip sorady. Hawa — diýip şeýlebir begenip gitdim. Bardyk. Wiktor Iwanowiç Sarianidi bilen tanyşdyk. Şeýdibem işe girişip başladym.

Ekspedisiýa döwründe işläp ýörkäm şeýle bir täsin waka gabat geldim. Gije ýatyrkam kimdir biri: «Alty, sen gitde, işlenilip gutarylan 3235-nji uly Patyşa guburyndaky hazynany alyp gaýt» diýip gözümden gaýyp boldy. Şobada ýerimden galdym. Ýanymda kärdeşim otyrdy. Oňa: «Şatlyk,  şeýle-şeýle» diýip gürrüň berdim. Ol: «Ýatda dynjyňy al, düýş görüp oýandyň» diýdi. Ondan soň hiç ukym tutmady. Ertesi irden daş çykdym. Günüň dogşy üýtgeşikdi. Edil altyn teňňäni ýadyňa salyp durdy. Kärdeşlerime ýene-de düýşümde salgy berlen ýeri gazyp göresim gelýändigini aýtdym. Hiç kim oňlamady. Meniň welin asla ynjalygym ýok. Ahyry halypam Wiktor Sarianidä bu ýagdaýy aýtdym. Ol: «Uly-uly halypalardan köp bilýändirin öýdýäňmi?» diýdi. Ýok, halypa beýle pikirde däl, ýöne şol ýeri täzeden gazyp göresim gelýä» diýdim. «Günüň geçse aýlyk ýazylýa» diýip wagt ýitirmäň — diýip birbada rugsat bermedi. Onsoň Nadežda Dubowa haýyş etdim. Ol: «Başlyk rugsat bermese, o haýyşyňy men bitirip bilemok» diýdi. Halys ýüreklerine düşendirin-dä, ahyry Sarianidi: «Iki sagatlyk rugsat berdi. Dynç günüdi. Ýeke özüm pyýada gitdim. Ýaňy bir bardym welin, halypam ulagda yzymdan bardy. — Hany, näme tapdyň? — diýdi. Şu wagt geldim-ä, halypa. Indi gazyp görjek — diýdim. «Bolýa» diýip gitdi.

Çölüň içi. Töweregimde adam ýok. Öz ýanymdan: «Işlenip gutarylan ýeri gazyp, indem hiç zat tapmasam, masgara bolaryn» diýip pikir edip, bissimylla bilen işe başladym. Gazyp başlanymdan bir tomzak çykdy. Tomzagy elime alyp beýleräkde goýdum-da, gazuw işimi dowam etdim. Tomzak yzyna gelip, ýene çukura gaçdy. Elime alyp çukurdan çykardym. Bir az işledim welin, tomzak ýene yzyna gelip çukura gaçdy. Gaharym geldi. Tomzagy sag elimiň aýasynda göterip: «Häzir sen meniň ýanymda iň ejiz jandar. Janyňa haýpyň gelsin, janawer. Berlenje ömrüňe meni sebäp etjek bolma-da» diýip özbaşyma gürläp tomzagy on-on bäş metre çenli göterip äkidip taşlap gaýtdym. Biraz dynç alyp, haýdap gazyp ugradym welin, gulagyma: «Alty, häzir uly hazyna tapýaň, hemmesini özüň al, çölüň içinde seni görjek adam ýok» diýip ses eşidildi. Diňşirgendim. Birden: «Ýok, Alty, beýle haram iş etmegin, ata-babalaryňdan miras galan baýlykdyr, alaýmagyn» diýen ses ýaňlandy. Allaniçiksi bolup, sägindim. Töweregime seretdim. Öňümde äpet uly aždarha ýylan seredip dur. Gorkymdan endam-janym zagzyldady. Doňan ýaly bolup aždarhanyň ýüzüne seredip durun, olam göni gözlerime seredýärdi. Esli salym durduk, ahyry ýylan maňa hiç zat etmän ýuwaşlyk bilen gitdi. Alla jan, maňa hiç zat gerek däl — diýip ýene gazyp başladym. Birden diwar sütüniniň kerpiji göründi. Seresaplylyk bilen kerpiçleri sogurdym. Şeýdip 85 santimetr çuňluga ýetemde, diwardaky tekjede gadym zaman köşk hökümdarlarynyň gizlenen altyn-kümüş gap-gaçlarynyň we şaý-sepleriniň üstünden bardym. Begenjimden daş-töwerege seredip buşlar ýaly adam gözleýän. Görsem hol aňyrdan Köse lakamly Gurbanmyrat aganyň geçip barýany gözüme kaklyşdy. Ol Baýramalynyň Watan kolhozyndan şol töwerege göz gulak bolýan garawul ýaşuly. Gurbanmyrat aga, kän hazyna tapdym. Derrew gidip, baş halypam Sarianidä buşlap, buşluk hakyňy al! — diýip gygyrdym. Ol ilki ynanmady. Soň has çynlakaý janygyp duramsoň gelip gördi-de haýran galdy. Onsoň gidip Sarianidä buşlapdyr. Derrew ulagly üýşüp geldiler. Menem begendim, ýöne halypam Sarianidi menden beter begendi. Onuň begenjinden elindäki hasasyny ýokaryk galdyranda hasasynyň ýere gaçyşy häzirem göz öňümde. Gymmatlyk tapylanda kim öňürti buşlasa Sarianidi hökman sowgat berýärdi hemem mal soýduryp oturlyşyk edýärdi. Şeýdip şonda täzeden iş amala aşyryp gymmatlyk tapan pursadymyzda surata düşdük.

Iş pursatlarymyzda gyzgalaňly işleýärdik. Dynç alyş wagtymyzda-da täsin söhbetler bilen wagtymyzy şadyýan geçirýärdik. Taryh ylymlarynyň doktory Nadežda Dubowa türkmeniň milli lybaslaryny diýseň gowy görýär. Ol: «ýadygärlik bolsun» diýip ýörite kürteli surata düşdi. Maňa-da: «Senem telpekli, donly ýanymda surata düş» diýdi, bile surata düşdük — diýip Altymuhammet şol suraty görkezdi. Onuň iş pursadynda tapan taryhy tapyndylary bilen düşen suratlary örän kän. Olaryň her haýsy hakynda aýdýan gürrüňlerem biri-birinden gyzykly.

«Bir gün halypam Sarianidi: «Oturgyç alyp, gel ýanyma. Söhbetdeşligimiz uzak bolar, aýak üstünde durma. Oturda şu tapan tapyndylaryňy synla» diýdi. Barsam ol meniň tapan gymmatlyklarymy synlap otyr. Ol: «Alty, seniň zat tapyşyň täsin. Men beýleki işgärlerede piliňizi, çotkaňyzy işlediň, ýöne Alty Bähbidowyňky ýaly duýgyňyzam işlediň diýýän. Sen nirede nämäniň gömülgi ýatandygyny duýup gazýaň. Ýada öň şu ýerde ýaşadyňmy?» diýip güldi. Birdenem ol: «Şu gymmatlyklarda nähili üýtgeşiklik görýäň?» diýdi. Üstünden näçe asyr geçen bolsa-da reňkleri solmandyr — diýdim. «Aýdýanyň dogry, ýöne şu tapan gymmatlyklaryň saňa meňzeş» diýdi. Geň galyp: «O nähili beýle?» diýip sowal berdim. «Egniňdäki eşigiň reňkine seret» diýdi. Ünsem bermändirin, geýen iş eşigimiň reňki bilen tapan gymmatlyklarymdaky reňkleriň  meňzeşliklerini duýduran eken. Halypa diýseň üşüklidi.

Iş pursatlarymyzda şunuň ýaly her dürli wakalar bolýardy. Olar hakyndaky ýatlamalary hakyda sandygymda saklaýaryn. Maşgalamyzda iki gyzymyz, bir oglumyz bar. Perzentlerime-de, muzeýe gezelenje gelýän myhmanlara-da şol ýakymly ýatlamalary gürrüň berýän. Gadymy Marguş ýurdunda geçirilen gazuw-agtaryş işinde, dünýä ýüzünden gelen arheologlaryň we taryhy öwreniji alymlaryň ençemesi bilen işleşmek miýesser etdi. Russiýa federasiýasyndan Robert Sataýew, Wladimir Kufterin, Alekseý Heçwaloda, Wiktoriýa Krýukowa, Mihail Mihaýlowiç Potarow, Wasiliý Wasilýewiç, Gresiýa döwletinden demir metalyny öwreniji Olga Andreýewna, Özbegistan Respublikasyndan Wladimir Artýomow, Aliýa Urmanowa, Mongoliýa ekspedisiýasynda işlän Sergeý Petrowiç, Alekseý Wiktorowiç, Şwesiýaly arheolog Silwiýa Winkelman we onuň toparyndan Federiko, Germaniýaly Nikolas Borowka, eýranly Jafar Meher Kiýan we başgalar bilen dostlukly ýagdaýda iş alnyp baryldy. Mahal-mahal şol alymlary hem öz-özüm ýatlap oturýan.

2008-nji ýylda Eýran döwletinden gelen alym Jafar Mehri-Lian bilen Goňurdepäniň Günorta tarapyna takmynan 3 km töweregi uzaklykdaky çöl sährasyna ylmy barlaga gitdik. «Yrymçyl yrylmaz» diýleni, öňümizden bir alabaý ýolumyzy kesip geçdi. «It rysgal» diýipdirler diýip içimi gepletdim. Soňra hol uzakdan bir süri düýe geçip barýar. «Düýäniň basan ýeri baýlyk» diýip yrym etdim. Ata-babalaryň pähminden dörän dana sözler bimany däl eken. Şol gezekki gazuw-agtaryşda ilki türkmen itiniň jaýlanan guburyny, soňra beýleki kürelerden tapawutly bir küre tapdym. Hiç hili sütünsiz 2 metr gowrak bolan tabak görnüşli küräniň üstünden süri düýeler geçse-de döwülmändir. Eýranly alym hem Sarianidi muňa geň galdylar hem maňa sag bolsun aýtdylar.

Ýene bir waka ýadymda. 2005-nji ýylda Goňurdepäniň gündogar tarapynda Patyşa gonamçylygynyň ýanynda täze möwsümde gazuw-agtaryş işini geçirmeli boldy. Şonda meni taryh ylymlarynyň kandidaty, öz işiniň ussady, arheolog Ejegül Myradowa ýanyna aldy we topar ýolbaşçy belledi.  Gazuw-agtaryş işiniň düzgünine laýyklykda uzyn ýüpi çekip, şol ýüpüň uzynlygyna görä her kime 2-3 metr ýer ölçäp berildi. Her kim öz tabşyrylan ýerini gazmalydy, syryp süpürip arassalamalydy. Ol ýerden kimiň nesibesinden näme çykjagy belli däldi. Işgärler bolup hatarlanyp durdyk. Daş-töweregi synlap durşuma: «Oglanlar, meniň pikirimçe bärden gymmat bahaly zatlar kän çykar, sebäbi bu ýer Patyşa gonamçylygyna ýakyn» diýdim. Kärdeşlerim Didar Myradow bilen  Nurgeldi Nurgeldiýew: «Alty, nesibedir, gum diýip alanymyz gyzyl bolsun» diýdiler. Ýagşy niýet bilen işe başladyk. Ýanymda Didar Myradow, Nurgeldi Nurgeldiýew dagydan başga-da Aşyr Saparow, Nureddin Allanurow, Nury Mämmedow, Juma Mämmedow, Şatlyk Hallyýew, Döwran Berdiýew, Allanazar Mämmedow, Guwanç Begliýew we birnäçe işgärler bardy.

Iş pursadymyz gyzyşdy. Her kim pil bilen ýer depip, gazyp çykaran gumuny birnäçe metre çenli zyňýardy. Daş-töwerek şemala alatozan bolup, ümür gurşan ýalydy. Howanyň yssysy bilen işlän wagtymyz has-da derläp işleýärdik. Içki pikirimdäki ynanjym, işime bolan höwesim, yhlasym, bar ünsüm bilen gözlerimi  bir nokada dikip haýdaýardym. Birden gazyp alan gumumy zyňjak boldum welin, pilime daş ilen ýaly boldy. Diňşirgendim. Daşyň sesi geldi. Çalasynlyk bilen işläp durşuma badymy saklap bilmän pilimdäki daşly gumy bat bilen zyňdym. Ýüregim bir zatlar syzan ýaly, dessine ýaňky daşyň nämedigini göresim geldi. Oglanlar, duruň biraz säginiň, gumy zyňmaň diýdim. Durdular. Derrew çalt-çalt ýöräp gazylyp çykarylan üýşmek kesekli gumuň içinden zyňylan daşy alyp geldim. Oglanlary  saklamasaň zyňylan gumlar daşyň üstüni gömüp, tapmak kynçylygyny dörederdi ýa-da onuň ýitmegi mümkindi. Iş guralym bolan ýiti iňňe bilen daşy arassalamaga başladym. Oglanlar: «Alty o näme?» diýip sorag berdiler. Entäk belli däl, arassalap görmeli — diýdim. Edil bir tokga kesege meňzeşdi. Toprak bilen gurşalyp hiç hili sudur görnenokdy. Gaty ýelmeşen topragy usullyk bilen arassalap oturşyma arassalanan daşyň bölegini aýaga meňzetdim, ýene sünnäläp arassaladym. Indi, el, guşak, kelle emele gelip başlady. «Özä täsin zat, heýkel öýdýän» diýip içimi gepledip, howlukman, zaýalaman, çyzman, şikessiz arassaladym. Görsem ol, göreş tutup duran iki sany daýaw pälwanyň heýkeli bolup çykdy. Şeýlebir begendim. Oglanlar, geliň görseňiz, göreş tutup duran iki sany pälwanyň heýkelini tapdym — diýip gygyrdym. Derrew daşyma üýşdüler. Heýkeli ellerine alyp: «Berekella Alty, sen utduň, nesip etsin!» diýip gutladylar. Halypamyz Ejegül Myradowa-da begendi. Şonda Didar Myradow: «Alty berekella, eger men bolan bolsam, bilmän zyňyp taşlamagym mümkindi,  bolsa-da sen duýupsyň» diýdi. Şol heýkeli halypam Sarianidä berenimde ol heýkeli synlap: «A-how, Alty siziň ata-babalaryňyz gadym döwürlerde-de göreş tutupdyrlar, lezzet alyş oýunlaryny subut etdiň, ogul» diýip, türkmen dilinde «Alty, seret, seret» diýip başyny ýaýkap, janköýerlik bilen heýkeli gaýta-gaýta synlap durşuna ellä golaý işgärleriň arasynda maňa öz ýazan kitabyny sowgat berdi — diýip onuň ýürek ýazgysyny ýazyp beren «Goňurdepe», «Marguş», «Zadolgo do zaratuştry», «Margianskaýa ekspedisiýa trudy» kitabynyň altynjy tomy, «Gadymy Margiananyň genji-hazynasy» atly kitaplaryny, arhiw suratlary jemlenen albomyny öňümde goýdy. Döşüne dakynan arheolog nyşanyny buýsanç bilen görkezip: «Bu  halypam Wiktor Sarianidiniň öz dakynan nyşany, ýöne ol maňa: «Arheologiýa ugrundan ýörite bilimiň bolmasa-da, erjelligiň, başarjaňlygyň, yhlasly zähmetiň, ähli taraplaýyn tertipliligiň, halallygyň bilen örän wajyp tapyndylaryň köpüsini tapmaga kömek etdiň. Saňa uly-uly işleri ynanyp biljek» diýip, öz ulanan iş guraly bilen arheolog nyşanyny hemem gowy-gowy sözler aýdyp rekomendasiýa ýazyp berdi. Halypam bilen iň soňky gezek bile düşen suratymyz internetde-de bar — diýip gürrüň berdi. Altymuhammediň halypasy bilen bile düşen suratlary bolsa, Wiktor Sarianidiniň Moskwada çap bolan kitabynda-da kän.

Altymuhammet Bähbidowa Nadežda Dubowa hem diýseň gowy häsiýetnama beripdir: «Ol häzir dünýä derejesinde belli bolan Goňurdepedäki Patyşa gonamçylygy, haýwanlaryň dessurlaýyn jaýlanan, «Demir öndürmek boýunça» binalaryň we desgalaryň toplumy ýaly hem-de beýleki ýerlerdäki gazuw-agtaryşlara işeňňir gatnaşdy. Alty özüni eserdeň hem-de tapbiler işçi hökmünde tanatdy. Onuň işe yhlasly ýapyşmagy netijesinde ylym üçin, şonuň ýaly-da halk köpçüligi üçin wajyp zatlaryň bir gideni tapyldy. Olar häzir Türkmenistanyň iri-iri muzeýlerinde saklanylýar. Şu hem-de ekspedisiýanyň beýleki tapyndylary türkmen halkynyň gadymy ata-babalarynyň iňňän ýokary medeniýetinden habar berýär» diýip baha beripdir.

Altymuhammet bilen gürrüňdeş bolup otyrkak ol, alym Tirkiş Hojanyýazow bilenem bile işleşendigini ýatlady. Şol pursat oňa Tirkiş aganyň telefon belgisini berdim. — Ýaşuly meni tanarmyka, kän wagt bäri görüşemizok — diýip jaň aýlady-da, hal-ýagdaýyny sorap, soňra-da özüni tanyşdyrdy. Tirkiş aga Altymuhammedi bada-bat tanady. Diýmek ol tanalarça, halypalaryň ýadyndan çykmaz ýaly özüni görkezendir. Halk üçin iş bitirip, özüňi yhlasly zähmetiň bilen tanadyp bilseň il-günem, halypalaram unutmaýarlar. Diňe halallyk bilen yhlasly işläbermeli. Gelejekki işleriňizde-de uly-uly üstünlikler hemra bolsun, Altymuhammet!

Akgül Saparowa.

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri