SIZDEN GELENLER

Ak şäherim Aşgabat bu gün dünýä bellidir

Paýtagtymyz  Aşgabat 140 ýyl bäri ýeten belent sepgitleri bilen birnäçe gezek Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynda öz ornyny tapdy.

Türkmenistanyň  Döwlet baýdagy flagştok Türkmenistanyň Milli muzeýiniň öňünde ýerleşip ol 2008-nji ýylda “Dünýäniň iň beýik flagştogy” diýlip Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen halkymyza  çäksiz uly buýsanç döretdi. Uzynlygy 133 metr bolup, baýdagyň ini bolsa 52,5 metrden ybarat, boýy 35 metr, agramy 420 kilogramdyr.

Ýene-de 2010-njy ýylda Paýtagtymyz Aşgabat „Köpçülik ýerinde iň köp suw çüwdürimleri özünde jemleýän suw çüwdürim toplumly şäher„ diýlip, ýene-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol halkara aeroportuna barýan garaýoluň ugrunda ýerleşip onuň tutýan meýdany 14,2 gektar bolup, bu toplum 27 sany yşyklandyryş enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman suw çüwdürimlerini özünde jemläp, paýtagtymyza ajaýyp bezeg berýär.

Aşgabat şäherinde Garaşsyzlygyň 20 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öň ýanynda açylan “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň täze binasy hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol „Dünýäniň arhitektura-tehniki usulda şekillendirilen iň uly ýyldyzy„ diýlen at bilen rekordlar kitabyna girizilmegi Türkmenistan ýurdumyzyň  milli medeniýetini dünýä äşgär etdi . Onuň beýikligi 211 metr bolup, esasy bölegi 31 gatly binadyr. Onuň 29-njy gatynda aýlanýan restoran ýerleşýär. Penjirelerinden Aşgabadyň ähli ýerini synlap bolýar. Bu binanyň ýene bir aýratynlygy oňa ýerleşdirilen güneş panelleridir. Ol gündiz elektrik energiýasyny batareýalara jemläp, gijelerine binanyň yşyklandyrylyşyny doly üpjün edýär.

2012-nji ýylda hem Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde gurlan häzirki wagtda ýaşaýjylara esasan hem çagalar üçin dynç almaga ýokary derjeli şertleri bilen hyzmat edýän “Älem” medeni-dynç alyş merkezi binagärlik taýdan aýratynlygy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň umumy meýdany 26 000 inedördül metre golaý bolup, beýikligi 95 metre ýetýändir.

2013-nji ýylyň 25-nji maýynda, Aşgabat şäheri Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we dünýäniň iň beýik ak şäheri diýip yglan edilmegi we şondan soň Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda her ýylyň 25-nji maýy Aşgabat şäheriň güni diýip yglan edilmegi halkymyz üçin aýratyn buýsandyryjy wakalaryň birine öwrüldi. 22 inedördül kilometr meýdanda ak mermere örtülen täze binalaryň gurluşygy dowam etdirilmegi onuň umumy meýdany 4,5 million inedördül metre barabardyr.

2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň hem-de daşary ýurtlardan gelen köpsanly myhmanlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň esasy howa derwezesiniň – türkmen paýtagtynyň täze halkara howa menziliniň açylmagy we şol ýylda halkara howa menziliniň, ýolagçy terminalynyň esasy binasynyň ýokarsyndaky 705 inedördül metr uzynlykdaky haly gölüniň şekili, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi uly wakalaryň biri boldy.  Bu toplum 1200 gektara golaý meýdany eýeläp, 100-den gowrak desgany öz içine almagy bilen şolaryň 48-si esasy desgalardan ybarat.

Ýene-de ýatdan çykmajak wakalaryň bir hem 2017-nji ýylda paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili bu atyň iň uly at nyşany hökmünde, sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde ykrar edildi.

2018-nji ýylda «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosport boýunça  3246 adamyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Bu geçirilen okuw sapagy hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

 Taýýarlan: Amangeldi HOJAMBERDIÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny geçirildi

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk