SIZDEN GELENLER

Ak gardeniýa

12 ýaşymdan bäri her ýyl doglan günümde kimdir biri maňa ak gardeniýa sowgat iberýärdi. Hiç hili bellik ýa-da gutlag haty ýokdy, gül dükanyna hem jaň etmek haýyrsyzdy. Sebäbi alnan sowgat elmydama nagt tölenýärdi. Soňra men bu adamyň kimdigini bilmekden, ony tapmakdan ýüz döndürdim. Ýumşak gülgüne kagyz bilen örtülen bu jadyly gar ýaly akja gülüň owadanlygyndan we hoşboý ysyndan lezzet almaga başladym. Bu bolsa maňa gülüň kimden gelendigi hakda hyýal etmegime hem päsgel berenokdy. Adyny açyp bilmeýän owadan, romantik we gaty kiçigöwünli birini göz öňüme getirdim. Ýetginjeklik döwrüm söýýän oglanym, belki-de gözelligime maýyl bolan nätanyş biri bolmagyny arzuw edýärdim. Ejem bolsa diňe meniň hyýallarymy öjükdirýärdi. Ol meniň, belki, birine kömek edendigimi aýtdy we onuň hem maňa nätanyş ýagdaýda minnetdarlyk bildirýänligini duýdurdy. Mysal üçin, welosiped sürüp barýarkam, köp çagaly we bir topar iýmit bilen geçip barýan goňşumyza maşyndan ýüklerini düşürişmäge, çagalary ýola ylgap gitmez ýaly saklaşmaga kömek edýärdim. Ýa syrly muşdak köçäniň beýle ýüzünde ýaşaýan bir garrymyka? Gyş paslynda garrynyň buzly basgançaklardan typmazlygy üçin, köplenç, poçta gutusyny özüm barlap berýärdim. Ejem çagalarynda döredijilikli pikirlenmek ukybyny ösdürmegi, şeýle hem biziň söýülýändigimizi, diňe bir oňa däl-de, eýsem bütin dünýä biperwaý däldigimizi duýurmak isleýärdi.

On ýedimde, bir oglan meniň göwnümi parçalapdy. Onuň meni terk eden gijesi tä ýatynçam aglap, uka gidendigimi özüm hem duýman galdym. Ir säher bilen aýnada gyzyl boýag bilen ýazylan: “Haçan-da perişdeler gidende, Hudaýlaryň gelýänini ýüregim bilen duýýaryn” diýen ýazga gözüm düşdi. Emersonyň bu sitatasy hakda uzak wagtlap pikirlendim we ýüregim köşeşýänçä, ejemiň ýazan bu ýazgysyny şol ýerde galdyrmak isledim. Ahyry pozmakçy bolanymda, ejem meniň durmuşymda hemme zadyň gowulaşandygyna düşündi. Ýöne şonda-da onuň bejerip bilmeýän ýaralary galdy. Mekdebi tamamlamazdan bir aý öň, kakam birden ýürek keseli zerarly aramyzdan aýryldy. Özümiň terk edilendigime, ynamymyň gaçmagyndan gorkýandygyma we kakamyň ömrümiň möhüm pursatlarynda ýanymda bolmajakdygyna bolan umytsyz gaharyma çenli gynançly duýgularyň hemmesini başdan geçirdim. Okuwa we sabyrsyzlyk bilen garaşyp ýören soňky jaň dabarama hem bolan höwesimi ýitirdim. Hatda meýilleşdirişim ýaly gitmeli ýerime däl-de, ýerli kolleže gitmek hakda pikirlenip başladym. Ejem hem gynanýardy, ýöne bu dabarany sypdyraryn diýen pikire-de rugsat bermedi. Kakamyň aradan çykmazyndan bir gün öň, köýnek satyn almaga gitdik we düýbünden ajaýyp bir zada: birnäçe metrlik gyzyl, ak we gök reňkli nokatjyklar bilen dokalan muslin matasyna duşduk. Bu ajaýyp köýnekde özümi Skarlett O’Hara ýaly duýdum. Diňe ölçegi maňa laýyk däldi. Ertesi gün kakam dünýäden ötdi we geýjek köýnegim hakda hiç hili pikir hem etmedim. Emma ejem bu işinden ýüz öwürmedi. Baýramçylykdan bir gün öň, şol köýnegiň maňa garaşýandygyny gördüm we bu gezek ol tüýs maňa laýyk gelýärdi. Ejem ony otagdaky diwanyň üstünde oturan ýaly edip, mähir bilen goýupdyr. Täze alnan köýnek bilen gyzyklanmadymam, hatda ony geýmedimem, ýöne ejem hem köýnegi geýdirmän goýmady. Çagalygymyzdaky ýatlamalar onuň üçin diýseň möhümdi. Daş-töweregimizdäki dünýäniň jadysyny we gözelligini, hatda, kynçylyklara garamazdan görmegi başarmagy öwretdi. Aslynda, ejem çagalarynyň özlerini ol gardeniýa gülleri ýaly, owadan, güýçli, kämil we syrly duýmaklaryny görmek isleýärdi. Haçan-da 22 ýaşymda ýagny, toýumdan 10 gün soň ejem gözlerini baky ýumdy. Şondan bäri maňa ýeke gezegem gardeniýa güli iberilmedi.

 

Terjime eden

Ýulduz Babamyradowa,

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

Küşt- özüňi tanamagyň ýoly

 

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika