SIZDEN GELENLER

Agzyňyz bir bolsun, ýaşyňyz uzak

Dünýä içre ykrar edilen milli Liderimiziň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda il-ulusyna peşgeş beren toý sowgadynyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» diýlip atlandyrylmagynda çuňňur many bar. Bu saldamly kitapda ýaş Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gysga wagtyň içinde Ýer ýüzünde syýasy abraýynyň arşa galmagynyň, ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna goşulmagynyň, medeni ulgamda gazanylýan göz gamaşdyryjy üstünlikleriniň öz gözbaşyny türkmeniň müňýyllyklardan aşyp, dowam edip gelýän milli ýörelgelerinden alyp gaýdýandygy hemmetaraplaýyn inçelik bilen yzarlanylýar. Ähli ösüşleriň, durmuşdaky gowulyklaryň açary bolan agzybirlige kitapda aýratyn uly orun berlipdir. «Agzybirlik» atly ýörite bölümden başga-da, bu mesele kitapdaky ähli bölümleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Pähim-parasatly pelsepeleriň hazynasy bolan bu kitapda türkmen halkynyň arasynda nesilden-nesle geçip aýdylyp-diňlenip gelýän rowaýatlardyr tymsallara örän giň orun berlipdir. Sebäbi türkmen halky asyrlaryň, müňýyllyklaryň dowamynda nesil terbiýesinde şol rowaýatlardyr tymsallara, nakyllardyr atalar sözlerine daýanyp gelipdirler. Bu halk pähimlerinde durmuşyň islendik meselesinde dogry ýol görkezýän mysallar, öwüt-ündewler jemlenipdir. Bu babatda kitabyň «Durmuşyň kadasy – paýhas pendi» atly bölüminde şeýle diýilýär: «Adam eýýamlaryň dowamynda ömür sürüp, bir hakykaty kesgitli ykrar etdi: akyl-paýhas könelmeýär. Wagt geçýär, akyl-paýhasyň manysy öwüşgin atýar. Il-halkymyzda akyl-paýhasly çözgütleriň durmuşdaky ähmiýetini düşündirýän tymsallaryň birnäçesi döredilipdir. Bu tymsallar durmuşyň anyk ugurlarynda däl-de, dürli ýagdaýlarda iň dogry ýoly saýlamaga mümkinçilik berýär» (256-257-s.).

Şu ýerde nygtalyşy ýaly, kitapda ýerleşdirilen rowaýatlardyr tymsallaryň her biri durmuşyň iňňän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça ýolgörkeziji pelsepäni öňe sürýär. Meselem, kitabyň «Ynsaplylyk» diýen bölüminde ýerleşdirilen bir rowaýatda halallyk, agzybirlik, geljekki maşgalanyň düýbüni dogry tutmak ýaly möhüm meseleleriň birnäçesine deglip geçilýär. Rowaýatda, esasan, ýapdan akyp gelen almany dişläp, soňam ony ekip ýetişdiren adamy razy etmek üçin ýola çykan ýigidiň halalhonlygy barada gürrüň gidýär. Şu meseläniň gapdaly bilen, has takygy, şonuň bilen ugurdaşlykda öňe çykarylýan beýleki parasatly pikirler barada hormatly Prezidentimiz şeýle diýýär: «Ertekini çyna öwürýän hakykat, üns beren bolsaňyz, halallykda jemlenendir. Ol eseriň jemlemesinde hem esasy gahrymanyň: «Halallygym, ynsaplylygym bagtymyň gözbaşy» diýen sözlerinden hem belli bolýar. Şu ýerde eseriň ikinji bir manysy agzybirlik baradadyr. Agzybirlik maşgalanyň asuda ýaşaýşynyň binýady hökmünde okyja ündelýär» (213-s.).

Mälim bolşy ýaly, her bir maşgalanyň agzybirlikde ýaşamagy ýurt möçberinde il- halkyň agzybirliginiň gözbaşy bolup durýar. Çünki öz maşgala agzalary bilen ylalaşykly, agzybir ýaşamaga endik eden adam goňşy-golamy, tutuş il-ulus bilen hem islendik meselede ylalaşykly, maslahatly, dostlukly gatnaşyklaryň tarapynda bolýar, bütin halk bolup bir agza bakyp, ýurt möçberinde agzybirligi, jebisligi saklamagy baş maksat edinýän raýat bolýar. Şunuň ýaly maşgalada terbiýelenen çagalar hem ýagşy göreldäniň esasynda ilhalar adamlar bolup ýetişýärler.

Şeýle uly ähmiýete eýe bolan maşgala agzybirligi öý-ojagyň daýanç sütüni hasaplanylýan erkek kişiniň gaýratlylygy, adalatlylygy, ulularyň kiçilere mähribanlygy, ýaşykiçileriň ululara hormaty, aýal adamyň mylakatlylygy, geçirimliligi, adamsyna aýratyn sarpa goýmagy ýaly kän-kän zatlara bagly bolup durýar. Türkmençilikde şularyň iň möhümi öý bikesiniň asyllylygy, mylaýymlygy, maşgalasynyň abraýyny saklamaga çalyşmagy, ownuk-uşak zatlar üçin darygyp durmazlygy hasaplanylýar. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesindäki» gürrüňi edilýän rowaýatda bu mesele aýratyn nygtalýar. Ýagny bagban doganlaryň iň kiçisiniň ak sakgal, ortanjysynyň çal sakgal, iň ulusynyň gara sakgal bolmagynyň düýp sebäbiniň olaryň aýallarynyň häsiýeti bilen baglydygy anyk mysallar arkaly aýratyn nygtalýar. Gara sakgally bagbanyň aýaly öýde myhman barka: «Şundan başga gawunyň barmy, näme?!» diýip, adamsyny utandyrmajak bolup, şol bir gawuny ýedi gezek äkidip-getirýär. Asylly maşgaladan çykan türkmen aýalynyň adamsynyň mertebesini belent tutuşy, oňa boýun egijilik häsiýeti, ine, şu derejede güýçli bolupdyr.

Aslynda sadyklyk, tabynlylyk, maşgalabaşynyň aýdanyna gulak asyp, şoňa görä hereket etmek zenan maşgala gelişýän häsiýetdir! Bu babatda şeýle bir tymsalam aýdýarlar. Gadym zamanda bir adam uly alym hem dana kişä şeýle sorag bilen ýüzlenipdir:

— Aýalyň akyly nämede?

— Onuň sadyklygynda!

— Aýalyň owadanlygy nämede?

— Onuň sadyklygynda!

— Aýalyň güýji nämede?

— Onuň sadyklygynda! – diýip, dana kişi ol adamyň soraglarynyň üçüsine-de şol bir jogaby beripdir.

Şu pähimiň näderejede durmuş hakykatyna laýykdygyny her birimiz öz töweregimize seretsegem görüp bileris. Syn edip otursaň, adamsyny sylaýan, adamsy gagalrak, gaharjaňragam bolsa, ýuwup- ýaýyp, sypaýyçylyk edip, içerisinde asudalygy saklamagy başarýan aýaly dogan-garyndaşlaram, oba-goňşularam aýratyn sylaýandyrlar. Şeýle aýala: «Pylanygözel, tüweleme, gara ýer ýaly maşgala!» diýýändirler. «Gara ýer ýaly» diýildigi, gepiň gutaran ýeridir, türkmençilikde gyza-gelne berilýän iň ýokary bahadyr.

Enäniň şeýle häsiýeti çaga terbiýesinde-de uly mekdepdir. Ogly kyrk ýaşansoňam, garry atasy bir zat diýip, gykylyk etse, nähagragam bolsa: «Bor, kaka!» diýip gidiberýändir. Soňam: «Aý, kakamjandyr-da! Aňyrsynda zadam ýokdur weli, öz diýeni bolmasa, tupan turzuberýä-dä. Entegem ejemiň janyna berekella! Şunça ýyl bäri şunuň bilen sesini çykarman ýaşaşyp ýör!» diýip, köpmanyly ýylgyrar. Ol ýylgyryşda akylly ogluň öz asylzada ejesine beýik buýsanjy bardyr! Şeýle enäniň sarpasy belentdir, çagalary onuň bir diýenini iki gaýtalatmazlar, heniz diýmänkä göwnündäkini biljek bolýandyrlar…

Tersine, adamsyny sylamaýan, bir diýse, iki diýjek bolup duran, hojaýynsyramagy gowy görýän aýal, şol häsiýeti bilen adamsynam peseldýär, özüni ondanam beter peseldýär. Ýakynlaryny özünden daşlaşdyrýar. «Pylanyň aýaly ýaly bolup…» diýdirip, il içinde ýaňsyly gürrüňlere mysal bolýar. Içersinde haçan görseň, gykylykdyr, dawa-jenjeldir. Är-aýalyň arasynda-da, ata-ene bilen çagalarynyň arasynda-da sylanyşyk azdyr. Gözel durmuşyň lezzetini duýýan däldirler. Şu zatlary seriňde aýlap: «Biziň enelerimiz tabynlyk ýoluny tutmak bilen nähili akylly ekenler?!» diýip, buýsançly oýlanýarsyň.

Şu meselede hemişe ýatda saklamaly, göz öňünde tutmaly esasy bir ýagdaý bar. Ol hem aýalyň öz adamsyna uly sarpa goýmagy, her bir meselede oňa gulak asmagy üçin, ilki bilen erkek kişiniň şol beýik sylaga mynasyp bolmagy gerek. Türkmeniň asylly terbiýesini alan maşgalalarda erkek adam öýüň esasy daýanjy, ekleýjisi bolupdyr. Öz durmaly ýerinde berk durýan, mertebeli erkek kişiniň diýeni – diýen, aýdany – aýdan bolupdyr. Her kim öz ýerini bilip, borjuna düşünensoň, maşgala binasy hem örän berk bolupdyr. Maşgalany bozmak dagy juda aýyp görülýän, şonuň üçin hem örän seýrek duş gelýän ýagdaý bolupdyr.

Her halda, gürrüňini edýän rowaýatymyzda-da: «Biler bolsaň, «Maşgalany maşgala edýän aýal» diýlip, ýöne ýere aýdylan däldir» (209-s.) diýlişi ýaly, maşgala binasynyň sarsmazlygy, öýdäki agzybirlik, köp babatda aýal adama bagly bolupdyr. Ol häzirem şeýle. Şonuň üçin hem: «Öýi düzýänem aýal, ýykýanam» diýipdirler. Türkmeniň asylzada zenanlary «Ile gülünji bolanymdan, ärime ýalynjy bolaýyn» diýen pähimi özlerine ýörelge edinip gelipdirler. Şu ýörelgäniň maşgaladaky asudalygyň açarydygy hakda il içinde şeýle bir tymsalam bar.

Bir aýal maşgala mollanyň ýanyna gelip şeýle diýipdir:

— Molla aga, adamym ikimiziň oňşugymyzyň ugry ýok. Bize bir yssylyk dogasyny berseňizläň!

Şonda molla ojagyň ýanynda duran odundan bir çöpjagaz alypdyr-da, ony çüfläp, gelne uzadypdyr.

— Al, gelin! Şu çöpi ýitiräýme-de, ýanyňda sakla! Haçan-da adamyň gaharlanyp, gygyrsa ýa-da käýinip başlasa, şu çöpi dişiň arasyna sal-da, pugta sakla! Ýöne gaçyraýmagyn! –diýip sargapdyr.

Aýal ýaňky ýönekeýje çöpi güýçli dogalanan bir zat hökmünde «ýitiräýmäýin» diýip, gyňajynyň ujuna düwüp, molla-da taňryýalkasyn aýdyp, öýüne gaýdypdyr. Şondan soň adamsy bir zada gaharlanyp ugrasa, hasyr-husur gyňajynyň ujundan şol çöpi alyp, dişiniň arasyna gysdyryp, gaçyraýmajak bolup, dişini gysyp, agzyny pugta ýumup oturýarmyş. Adamsam näme, gaýtargy berlip, harçaňlaşylyp durulmansoň, birsellem käýinip, olam köşeşip, bes edýärmiş. Şeýde-şeýde maşgalada gykylyk azalyp, öýlerine imisalalyk aralaşypdyr.

Türkmençilikde erkek adama aýratyn sarpa goýulýandygyny, olaryň öňe tutulýandygyny görkezýän däp-dessurlar näçe diýseň bardyr. Bu dessurlar üçin türkmen zenany hiç bir jähetden özüni kemsidilen saýýan däldir. Onsoňam bihasap zat ýok bu dünýede – ýagşylyk ýagşylygy döredýär! Türkmen zenanynyň erkek hossaryna goýýan hormaty onuň özüne-de sylag-sarpa getirýär. Türkmen öz naçaryny ar-namysyna deňäp, «Baýdak ýaly gelin!» diýýändir! Özi şaý dakynýan däldir, emma gelin-gyzyny altyn-kümüş şaýlar bilen başdan-aýak bezeýändir.

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygrynda tagamyň duzuna deňelen gelin-gyzlaryň sylag-sarpasy häzirki döwürde has-da belent tutulýar. Sebäbi türkmen zenany indi diňe ojak eýesi bolmak bilen çäklenmän, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki göz gamaşdyryjy ösüşlerine ägirt uly goşant goşýar. Bu gün türkmen zenany önümçiligiň ähli pudaklarynda öndürijilikli zähmet çekip, ýurduň ykdysadyýetini ösdürýär, medeni ulgamda özüniň ukyp-zehini bilen ruhy gymmatlyklary döredýär, döwlet işlerine işjeň gatnaşyp, bütin ýurt derejesindäki meseleler çözülende öz sesini goşýar. Şu ägirt uly işleriň daşyndan hem ol maşgala ojagynyň soňy görünmeýän hysyrdysyny zenan ezberligi bilen öz boýnuna alýar. Öýde-de, köpçülikde-de asyllylygy, salyhatlylygy, ejaplylygy bilen sylag-hormata eýe bolýar. Olaryň zähmetine mynasyp baha berlip, döwlet derejesinde hormatly atlar dakylýar, orden-medallar bilen sylaglanýarlar. Her ýylyň mart aýynyň 8-ine zenanlaryň şanyna milli ruhda, Halkara derejesinde dabaraly toý tutulýar. Bu zatlar erkek kişä aýratyn uly hormat bilen garaýan, asylzada türkmen zenanynyň özüne-de goýulýan sarpanyň çürbaşydyr, döwlet derejesine göterilmegidir.

Hormatly Prezidentimiziň mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öň ýanynda elimize gowşan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda ündelýän agzybirlik meselesi, onuň hem diňe maşgaladaky aýal adama bagly taraplary hakda söz açylanda, şu garap geçilenler ýaly, ruhy gymmatlyklaryň giden bir ulgamy heňňamlaryň arasyndan çykyp, örboýuna galýar. Kitapda öz beýanyny tapan milli ýörelgeleriň her biri hem okyjyda şular ýaly kän-kän guwançly-buýsançly pikirleri oýarýar. Çünki ol pähimli ýörelgeler häzirki Berkarar döwletimiziň mizemez binýady, ýurt derejesindäki döwletliligimiziň gözbaşydyr. Pähim-paýhasyň dury çeşmesi bolan bu ajaýyp kitapda aýdylyşy ýaly, «Häzirki zamanyň köki geçmişde, şahalary bolsa geljekdedir» (9-s.).

Gülşat Ahunowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş

uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Bu makala  “Saýlanan Teswirler” ady bilen geçirilen baýrakly taslamanyň ýeňiji bolan eserleriniň biridir. Ýeňiji bolan beýleki eserleri okamak üçin: 

Baýrakly Teswirler: Saýlanan teswirler belli boldy

Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys.

 

Toýguly Jepbarow :Kalba siňýän aýdymlar

Günler günlerden, döwür döwürden, ömür ömürden, zehin zehinden… zyýada. Edil şonuň ýaly, owaz owazdan zyýada. Muňa biz her aýdymçynyň özboluşly owazyny diňlänimizde-de şaýat bolýarys. Aýdymçynyň ýerine ýetirýän aýdymlarynyň ýüreklerde orun almagyna, adynyň döwürler aşmagyna sebäp bolýan zat onuň başgalaryňka meňzemeýän özboluşly owazy. Şol owazy hem akyldar şahyryň: «Taraşlap şaglatgyn, köňle geleniň…» diýşi ýaly, kalbyňda sünnäläp, irginsiz zähmet hem yhlas siňdirip, halka ýetirmek gerek. Şeýle zehin, yhlas ussat halypalaryň döredijilik dünýäsinden eriş-argaç bolup geçýär. Olaryň tebigy zehini bilen yhlasly zähmetiniň netijesinde döreýän şirin labyzly eserler aňymyzda hem kalbymyzda ebedilik ýaňlanýar. Şeýle bolansoň  halypalaryň aýdymlary könelmeýärem, garramaýaram. Gaýta, üstünden ýyllar geçdigiçe, täze röwüşe, öwüşgine eýe bolýar.

Daglardan akýan çeşmeler ýaly arassa, özboluşly heňe ýugrulan joşgunly aýdymlary ýerine ýetirýän, türkmen milli aýdym-saz sungatynyň ussatlarynyň döredijilik mekdebini geçen halypa aýdymçy Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow hem şeýle ussatlara degişli. Biz halypa aýdymçy bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin söhbetdeş bolduk. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti