Talyplar ýa-da okuwçylar bilen söhbetdeş bolanymda olar hemişe «Üstünligiň syry nämede? Üstünlige ýetmegiň ýazylmadyk düzgünleri haýsylar?» diýip sowal berýärler.
Wah, bilýän-le, olar gyrasy nagyşlyja tabagyň içine goýan ýaly edip, nagt jogaby elin uzadarymy isleýärler.
Aý, näme, olaryň ýaşyndakam menem edil şeýledim.
Men «Diýmek, siz hemme zady açyk-aýdyň aýtmagymy isleýäňiz-dä, onda?!» diýýän. «Islegiňiz-ä ýaman däl. Üstünligiň açaryny men bary-ýogy bir söz bilen aýdybam biljek — jomartlyk».
Onsoň men säginýän-de, ýüzünde sorag belgisi ýazylan ýaşlara syn edýärin. Diňläp oturanlaryň ýary oýun edýändirin öýdýär. Galan ýary bolsa, meniň leksiýamy diňlänlerinden, piwo içmäge giden bolsak, gowy bolardy diýip pikir edýärler.
Onsoň men ýaşkam, Pensilwaniýada metallurg bolup güzeran aýlan kakamyň meniň durmuşda özünden has gowy derejä ýetmegimi isländigi barada gürrüň berip başlaýaryn. Şol wagtlar kakam daşgynrakdan tanaýan birine öz arzuwyny gürrüň beripdir. Ol adam kakamyň işleýän zawodynyň direktory Aleks Makkenna eken. Kakamyň dogumly pikirlerine zawodyň direktorynyň göwni ýetipdir-de, ýurduň iň gowy mekdepleriniň birine, ýagny hossarlyk geňeşiniň agzasy bolup duran mekdebe okuwa girmegime kömek edipdir.
Soňra men Ýel uniwersitetiniň 1-nji ýyl talybykam, Pensilwaniýanyň Respublikanlar partiýasynyň başlygy Elsi Hillmen şäher geňeşinde sese goýlup, uçran şowsuzlygym hakda «New York Times» gazetinde okap, maňa biznes mekdebine girmegimi maslahat hem maslahatyň ýany bilen karzyna pulam berdi.
Talyplara: «Şol wagtlar men siziň ýaşyňyzdadym. Maňa iň gowy bilim ojaklarynyň birinde okamak mümkinçiligi nesip edipdir. Munuň üçin jomart adamlara bütin ömrüme bergidardyryn. Ine, şu ýerde iň çylşyrymly ýol başlaýar. Siz jomartlygy kabul etmäge taýýar bolmaly. Kä halatda bolsa, ol jomartlygy diläp almaga-da taýýar bolmalysyňyz» diýýärin.
Şol pursatda diňleýjileriň ýüzünde düşünendikleriniň alamaty peýda bolýar. Olaryň tas ählisi durmuşda birinden nämedir bir zady diläp, sorap görendirler. Adamlaryň aglabasy birinden bir zat dilemeli bolsa, zordan dili aýlanýar ýa-da ilden zat diläninden, ýer depenini gowy görýär. Emma siz bir kişiden bir zat dilemäge ýa-da özüňizden biri bir zat diläninde bermäge, kömek etmäge taýýar bolmasaňyz, onda islegiňiziň ýaryna-da ýetmersiňiz.
Peýdaly gatnaşyklary guramagy-da hut şeýle göz öňüme getirýärin. Ol kömek soramakdan, soň sagbolsun hökmünde, öz gezegiňde kömek gaýtarmakdan ybaratdyr. Siz jogap hökmünde bir tanşyňy başga biri bilen tanyşdyrarsyňyz, tejribäňizi, wagtyňyzy bähbit idemezden, giden-gitdi bagyş edersiňiz. Şeýle bolsa-da, hemme tanyşlaryň, şolaryň içinde siziňem rysgalyňyz diňe artmak bilen bolar.
Meselem, men öz-özüňi ösdürmek meseleleri barada maslahat bermegi gowy görýärin. Bu meniň söýgüli pişäm – hobbim. Men gaty köp ýaşlara maslahat berendirin. Soň olaryň üstünligi hakda eşitmek şeýle ýakymly, lezzetli bolýar. Men maslahat berenimde, ýaşlaryň ykbalyna ýagşy gop berjek zatlary duýýaryn. Barmaly, kakmaly gapysyny salgy berip ýa-da ýeke jaň bilen duşuşyk gurap biljegimi bilýärin.
Emma «Bagyşlaň, ýöne men siziň hyzmatyňyzy kabul edip biljek däl, töläp bilmerin öýdýän» ýa-da «Men kimdir biriniň minnetini çekip, soň bergili bolup galasym gelenok. Şonuň üçin kömegiňize sag boluň. Azara galmaň» diýen gürrüňler edip, goldawymdan ýüz öwürýänlerem bar.
Käwagt käbir adamlar eden ýagşylygymy iru-giç gaýtarjakdyklaryny aýdyp başlaýarlar.
Meniň pikirimçe, iň esasy zat – meseläniň esasyna düşünmek. Mesele diňe ösüp gelýän ýaşlaryň terbiýe aýratynlygynda dälmikä diýýärin. Şeýle jogap gaýtarýan dürli ýaşdaky, dürli derejedäki adamlara köp gabat geldim.
Özara gatnaşyklar ulgamy ähli gatnaşyjynyň biri-birine mätäçlik, zerurlyk duýmagy bilen hereket edýär. Üstesine-de, olaryň ählisi gerek adamlar bilen tanyşmak üçin sarp edilen wagtyň, energiýanyň irde-giçde hasyl getirjekdigine düşünýärler.
Keýt Ferrassiniň “Hiç haçan ýeke naharlanmaň” eseri “Biznes reklama” gazetinde dowamly çap edildi. Terjime eden Seýitmyrat Geldiýew. Türkmen okyjylaryň arasynda bu esere bolan uly gyzyklanmany hasaba alyp, “Atawatan Türkmenistan” habar portalynda bu eseri Size ýetirmäne dowam edýäris!