Tutuş dünýäde dowam edýän çylşyrymly döwürde köp adamlar öýlerinden daşary çykmazlyga uly ähmiýet berýär. Türkiýäniň metbugatynyň internet sahypalarynda öýde oturyp, öndürijilikli wagt geçirmek üçin 10 sany onlaýn işiň sanawyny taýýarlady.
* Dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň köpüsiniň ýerleşýän “Ivy League” mugallymlary tarapyndan taýýarlanan 450 onlaýn kurs indi hemmeler üçin mugt elýeterlidir.
* Dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň hataryna girýän Kembrij ýokary okuw mekdebi maý aýynyň ahyryna çenli 700-den gowrak okuw kitabyny onlaýn ulanmaga mümkinçilik berdi.
* Fikret Tozagyň “Hemmeler üçin SEO: amaly WordPress SEO okuwy” “Udemy” onlaýn platformasyndan mugt berilýär.
* Berliniň filarmoniýa orkestri tomaşaçylar bilen konsertleriniň ýatyrylmagy sebäpli internetde konsertleri ýaýlyma berip başlady.
* Dünýäniň iň möhüm dokumental festiwallaryndan biri bolan Amsterdam dokumental film festiwaly (IDFA) festiwal taryhyndan 300 filmi görmäge mümkinçilik berdi.
* Döredijiler, dizaýnerler, kuratorlar, telekeçileri, inženerler, marketologlar tarapyndan işlenip düzülen “Pathyou.com” saýty onlaýn görnüşde dürli ugurlarda öwrenmäge mümkinçilik berýär.
* Maglumatlary wizuallaşdyrmak boýunça hünärmen Deniz Aksoý 18-nji martda “Youtube”-da mugt okuw berdi.
* Deniz Altunyň ‘Gysga wagtyň içinde bize zerur zat – göni we köpçülikleýin aragatnaşyk’ atly makalasy, uzak aralykdan okamak we onlaýn bilim ýaly mowzuklary öz içine alýar.
* Öýdäki ýaşlar we çagalar üçin gowy ünsüňi sowup biler; Internetde görüp boljak muzeýleriň sanawyny berildi. Olary internet arkaly onlaýn tomaşa etmek mümkinçilik bar.
* “Babil.com-daky” Küre we Çynar neşirlerinde 40 göterim arzanladyş edildi.