JEMGYÝET

Eje, maňa alajabag örüp ber.

Eje,  maňa  alajabag   örüp  ber,

Onda ala gözüňizi  göreýin.

Nirede bolsamda, oňa bakamda,

Mähir doly ýüzüňizi göreýin.

 

Reňklerinde bolsun gök, sary, gyzyl,

Edil älemgoşar şapagy ýaly.

Garaňky gijede azaşsam eger,

Salgy bersin maňa iň dogry ýoly.

 

Düýe ýüňden bolsun alajabagym,

Ýatlatsyn ol maňa türkmen saçagyn.

Gotazlary  göz öňüme getirsin,

Dokan gözel halyňyzyň seçegin.

 

Dakynyp   çykamda  toý-baýramlara,

Nepisligi haýran  etsin göreni.

Buýsanyp  diýeýin  deňi-duşuma,

“Eziz ejemjanyň  örüp  bereni!“.

 

Mähriňi  siňdiren  alajabagyň,

Düwmeleri  bezär  uzyn  saçlarym.

Gözden-dilden  gorar mukaddes Tuga

Tagzym  edip, egenimde başlarym!

 

Goldow  bersin  maňa alajabagyň,

Kynçylyga  döz  gelmeli  mahalym.

Joşgun, hyjuw  berip, açsyn  göwnümi,

Öwşün  atsyn,  gülleri  deý  baharyň!

 

Eje, maňa  alajabag  örüp  ber,

Gorasyn  ol  meni  ýagyşdan-ýelden.

Men  hemişe  onuň  waspyn  edeýin

Hem  seniň  adyňy  düşürmän  dilden.

Gözel Umarowa.  Lebap welaýatynyň Gazojak şäheri.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi