BIZNES

Kazem Ghaffarzadeh :Hyzmatdaşlyga giň ýol

Öz işini üstünlikli tamamlan birinji Hazar ykdysady forumy türkmen we daşary ýurt işewürleriniň öňünde täze maksatlary goýdy. Forumyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar, döwletleriň, işewür toparlaryň wekilleriniň gepleşikleri, halkara maslahat, şeýle hem Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi we «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtosergisi dünýä ykdysadyýetinde täze sahypany açdy.

 

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen forumyň işi baradaky maglumatlary, şeýle-de halkara sergilere gatnaşan ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň alyp barýan işleri dogrusyndaky gürrüňleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri dünýäniň dürli neşirleri, teleýaýlymlarydyr internet saýtlary arkaly dünýä halklaryna gyzgyny bilen ýetirdiler.

 

Biz hem Eýran döwletinden foruma gatnaşan «Shoniz» Dadash Baradar industrial kompaniýasynyň satyş menejeri Kazem Ghaffarzadeh bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara Žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolanymyzda ol bu iri möçberdäki çäräniň özünde galdyran täsiri dogrusynda şeýle gürrüň berdi:

 

— Hazar deňziniň kenaryndaky giň gerimli sergä Eýrandan 15-den gowrak kompaniýa gatnaşdy. Olaryň aglabasynyň önümleri ýurdumyzda esasy orny eýeleýär. Has iri we hyzmatdaşlygyň geljegine uly ynam bildirilýän käbir kompaniýalara bolsa aýratyn ýer döredilip berildi. Dünýä bazarynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýan kompaniýalaryň bu foruma gatnaşmagy Hazar deňziniň ykdysady mümkinçilikleriniň giň gerime eýedigini görkezdi. Sergilerde pawilýonlary bezän önümleriň ählisi ýokary hili bilen tapawutlanýar.

— Forumyň işi türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň täze tapgyra gadam

basmagyna-da ýardam berendir.

 

— Türkmenistanyň we Eýranyň işewürleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak

ýyllara daýanýar. Bu halkara sergiler arkaly bolsa şol hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge mümkinçilik döredildi. Biz bu forumda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde peýdaly hyzmatdaşlyklaryň ýolunda giň mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýarys. Bu barada forumyň çäklerinde geçirilen «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly maslahatyň barşynda hem bellenildi. Bu ykdysady forum gazanylan ylalaşyklar bilen birlikde ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha giň gerime eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Birinji Hazar ykdysady forumy diňe bir Hazarýaka döwletleriniň däl, eýsem daşary döwletleriň birnäçesiniň öňünde täze möhüm wezipeleri goýdy we ýurtlaryň arasyndaky özara söwda-ykdysady ylalaşyklaryň gazanylmagyna ýakyndan ýardam etdi. Eýranly işewürler üçin bu forum senagatyň we ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynda täze başlangyçlary ýola goýdy.

— Kompaniýaňyz haçan döredildi?

— Biziň kompaniýamyz 1978-nji ýylda döredildi. Onda 4 müňden gowrak adam

zähmet çekýär.

— Kompaniýaňyzyň alyp barýan işi ilatyň gündelik sarp edýän önümleriniň hataryna girýär. Bu bolsa önümleriňize bolan islegleriň gün-günden ýokarlanmagyna, daşary döwletlere edýän eksportlaryňyzyň möçberiniň artmagyna täsirini ýetirýändir?

— Kompaniýamyzda dürli görnüşli süýji-köke önümleri öndürilýär. Önümlerimiz Eýranyň 24 sany söwda nokadynda satylýar. Şeýle-de dünýäniň 45 döwletine eksport edilýär. Olaryň arasynda Kuweýt, Bahreýn, Ýemen, Siriýa, Russiýa, Türkmenistan, Azerbaýjan, Germaniýa, Päkistan, Owganystan, Hindistan, şeýle hem, Afrika we Aziýa girýän döwletleriň birnäçesi bar.

Kompaniýamyzyň esasy maksady süýji-köke önümleriniň täze görnüşlerini öndürip alyjylaryň ýokary isleglerini kanagatlandyrmakdan ybarat. Önümlerimiz dürli görnüşli bolup «Ramtin», «Nadu», «Baýkit», «Eterno», «Barbara», «Şoniz 100», «Simfoniýa», «Si Şel», «Penaton», «Pik Nik», «Talo», «Arpin» ýaly atlar bilen öndürilýär. Kompaniýamyzyň önümleri toý saçaklaryna özboluşly bezeg berýär. Bu sergide hem önümlerimize uly isleg bildirildi. Geljekde-de önümlerimiziň täze görnüşlerini alyjylara ýetirip, eksportyň kuwwatyny artdyrmagy, daşary ýurt hyzmatdaşlarymyz bilen baglaşýan ylalaşyklarymyzyň täze derejelere çykmagyny göz öňünde tutýarys. Munuň üçin bolsa birinji Hazar ykdysady forumynda gazanylan ylalaşyklaryň oňyn netije berjekdigine ynanýarys.

Bu halkara sergi türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ýolunda täze mümkinçilikleri döretdi. Pursatdan peýdalanyp, foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine çäksiz hoşallyk bildirýäris.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda demir garyndylaryny öndürýän zawod gurlar

Lebap welaýatynda täze gaz ýatagy tapyldy

Türkmen telekeçileri 2024-nji ýylda 128 desga gurdular

Garlyk kaliý toplumyny ösdürmek üçin german kompaniýalaryň konsorsiumy dörediler

Ata Watan Eserleri

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda «Liebherr» kompaniýasynyň hyzmat merkezini döretmek teklip edildi

Türkmenistanda täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly gurlar