Beýik Britaniýanyň London şäherinde «Altyn top» baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şol dabaranyň çäklerinde başga-da birnäçe ugurlarda baýraklar gowşuryldy.
Lamin Ýamal – ýylyň iň gowy ýaş futbolçysy
«Barselona» klubunyň we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň 19 ýaşly ganat hüjümçisi Lamin Ýamal bu baýraga yzly-yzyna üçünji gezek mynasyp boldy. Baýrak oňa «Altyn top» baýragynyň gowşurylyş dabarasynda berildi.
Unaý Simon Lew Ýaşin adyndaky baýragyň eýesi boldy
Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň we «Atletik» klubunyň derwezebany Unaý Simon France Football tarapyndan ýylyň iň gowy derwezebany diýlip ykrar edildi.
Baýrak oňa «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda gowşuryldy. Simon 2026-njy ýylda Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony boldy.
Zenan futbolçylaryň arasynda bolsa «Barselona» klubunyň derwezebany Kata Kol ýylyň iň gowy derwezebany diýlip ykrar edildi.
Luis de la Fuente-ýylyň iň gowy tälimçisi
Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Luis de la Fuente France Football tarapyndan ýylyň iň gowy tälimçisi diýlip saýlandy.
Hünärmen bu baýraga «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda mynasyp boldy.
Şu ýyl de la Fuenteniň ýolbaşçylygyndaky Ispaniýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy.
PSŽ – möwsümiň iň gowy kluby
Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» (PSŽ) kluby France Football tarapyndan möwsümiň iň gowy futbol kluby diýlip saýlandy.
Baýrak Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda gowşuryldy.
Bu baýraga dalaşgärleriň arasynda Angliýanyň «Arsenal», Germaniýanyň «Bawariýa», Norwegiýanyň «Bude-Glimt» we Braziliýanyň «Flamengo» klublary hem bardy.
Geçen möwsümde Parižiň kluby Fransiýanyň çempionatynda, Fransiýanyň Superkubogynda, UEFA-nyň Çempionlar ligasynda, UEFA-nyň Superkubogynda we Kontinentara kubok ýaryşynda ýeňiji boldy.
Aleksiýa Putelýas zenan futbolçylaryň arasynda «Altyn top» baýragyna mynasyp boldy
Şu tomus «Barselona» klubundan «London Siti Laýonessis» toparyna geçen Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Aleksiýa Putelýas France Football tarapyndan ýylyň iň gowy zenan futbolçysy diýlip ykrar edildi.
Putelýas futbolçylyk karýerasynda üçünji gezek «Altyn top» baýragyna mynasyp boldy. Ol mundan ozal 2021-nji we 2022-nji ýyllarda hem bu abraýly baýraga eýe bolupdy.
Şu wagta çenli bu baýraga üç gezek mynasyp bolan ýeke-täk zenan futbolçy Aýtana Bonmati bolupdy.
