DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Adam hukuklary boýunça 5-nji Samarkant Forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 28-29-njy sentýabry aralygynda Adam hukuklary boýunça 5-nji Samarkant Forumy geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen maslahata bu ugurdaky halkara hünärmenler bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Adam söwdasyna eltýän global görkezijiler we oňa garşy hereket etmekde halkara tejribeler, adam söwdasynyň pidalarynyň şahsyýetini anyklamakda we ýüze çykarmakda maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek meseleleri foumyň gün tertibiniň esasyny düzdi. Foruma gatnaşyjylar  adam söwdasyndan ejir çekenleri ýüze çykarmak we olara ýardam etmek boýunça tejribeler we işler boýunça döwlet institutlary, raýat jemgyýetleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça özara pikirleri alyşdylar.
Maslahatyň dowamynda türkmen wekiliýeti çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynda, şeýle hem dünýäniň abraýly halkara guramalary we olaryň düzümleri bilen durmuşa geçirýän ähmiýetli işleri, ýurdumyzyň toplan oňyn tejribeleri barada nygtap geçdi.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary esasynda üç gezek ykrar edilmegi bilen, Türkmenistanda adam hakyndaky aladanyň iň öňdäki orundadygyny, raýatlaryň erkana, parahat we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýratyn bellenildi.

Related posts

Donald Tramp Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy

Türkmenistan-BAE: energetika pudagynda daşky gurşawy goramak

Halkara zenanlar gününiň dabarasy