ABŞ-nyň ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 final duşuşygynda Bosniýa we Gersegowinanyň toparyny 2:0 hasabynda ýendi. Duşuşyk Santa-Klarada (Kalyfoniýa ştaty, ABŞ) geçirildi.
Gollary Folarin Balogun (45-nji minut) we Malik Tillman (82) geçirdiler. 64-nji minutda Balogun göni gyzyl kart aldy.
Amerikan futbolçylary 24 ýyldan bäri ilkinji gezek pleý-offuň birinji tapgyryndan geçmegi başardylar. Katarda geçirilen geçen dünýä çempionatynda ABŞ-nyň ýygyndysy 1/8 finalda utulypdy. 1/8 finalda ABŞ-nyň ýygyndysy birinji pleý-off tapgyrynda goşmaça wagtda senegallylardan (3:2) üstün çykan Belgiýanyň topary bilen oýnar. Duşuşyk 7-nji iýula geçilýän gije Sietlde bolar.
Belgiýanyň ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 final oýnunda goşmaça wagtdan soň Senegal toparyny 3:2 hasabynda ýendi. Duşuşyk Sietlde geçirildi.
Ýeňijileriň düzüminde gollary Romelu Lukaku (86-njy minut) we Ýuri Tilemans (89, 120+5, penaltiden) geçirdiler. Utulan topardan bolsa Habib Diarra (24) we Ismaila Sarr (51) tapawutlandylar.
Angliýanyň ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 final duşuşygynda Kongo DR-nyň toparyny 2:1 hasabynda ýendi. Duşuşyk Atlantada (Jorjiýa ştaty) geçirildi.
Ýeňijileriň düzüminde iki goly hem Garri Keýn (75-nji we 86-njy minutlar) girizdi. Utulanlardan bolsa Brian Sipenga (7) tapawutlandy.
1/8 finalda Angliýanyň ýygyndysy Meksikanyň topary bilen oýnar. Duşuşyk 6-njy iýula geçilýän gije Mehikoda bolar.
