SPORT

Tokio-2020: 2 altyn medal berildi

Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek sportuň bir görnüşi boýunça 2 altyn medal berildi. Ýokarlygyna bökmek ýaryşynda hem katarly türgen Mutas Essa Barşim hem-de italiýaly türgen Janmarko Tamberi altyn medalyň eýesi boldy.

Her iki türgen 2,37 metr belentlikden böküp geçdiler. Şeýle hem olaryň her ikisi hem deň synanyşyk geçirdi. Her iki türgene hem 2.39 metr belentlikden böküp geçmek başartmady.

Täze düzgünlere laýyklykda, eminler türgenlerden täzeden böküp oturmazlygy teklip etdiler we her iki türgeni Olimpiýa çempiony yglan etdiler.

Bu ugurda bürünç medaly belarusly türgen Maksim Nedosekow gazandy.

 

Ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi:Awgust 2021

 

Related posts

1 ýyldan soňra tälimçilikden boşadyldy

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň 11 ýyldan soňky kubogy

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri