Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Ulan-Batorda (Mongoliýa) geçirilen Uly tuwulga ýaryşynda 57 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medaly gazandy.
Baýrakly orna ýolda türgen gyz Gazagystanyň wekili Dana Abdirowany (1/32 final), Günorta Koreýanyň dzyudoçysy Mimi Huhy (1/16 final) we ysraýylly Timna Nelson Lewini (çärjek final) ýeňmegi başardy.
Ýarym finalda Pardaýewa ýaponiýaly Akari Omoriden utuldy, emma üçünji orun ugrundaky tutluşykda fransuz gyzy Faýza Mokardan üstün çykdy.
21 ýaşly Pardaýewa üçin bu medal Uly tuwulga tapgyrynyň ýaryşlaryndaky ikinji baýrak boldy — mundan ozal ol 2024-nji ýylda Antalýada (Türkiýe) geçirilen ýaryşda bürünç medal gazanypdy.
Şeýle hem türgen gyz Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Parižde geçirilen 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşypdy.
