SPORT

Aziz Ýyldyrym “Fenerbahçeniň” 35-nji prezidenti boldy

Türkiýäniň ýokary futbol çempionatynda çykyş edýän “Fenerbahçe” toparynyň nobatdan daşary saýlawlary geçirildi. Şol saýlawlarda 27 müň 138 wekilden 17 müň 245 ses alan Aziz Ýyldyrym ikinji gezek toparyň prezidentligine saýlandy.

Beýleki dalaşgär Hakan Safi bolsa 9 müň 927 ses aldy.

1998-nji ýylyň 15-nji fewralynda geçirilen kongresde bäsdeşi Wefa Küçükden bir ses artyk alyp, ilkinji gezek prezident saýlanan Aziz Ýyldyrym 1998–2018-nji ýyllar aralygynda “Fenerbahçe” sport klubynyň prezidenti wezipesini ýerine ýetiripdi.

2024-nji ýyldaky saýlawlara-da gatnaşan, emma Ali Koçdan asgyn gelen Aziz Ýyldyrym 8 ýyldan soň ýene-de prezidentlik kürsüsine geçdi.

Aziz Ýyldyrymyň prezidentlik döwründe “Fenerbahçe” 6 gezek Türkiýäniň çempiony bolmagy başarypdy.

Ýöne soňky ýyllarda Türkiýäniň çempionatynda “Galatasaraý” topary yzly-yzyna 4 ýyldan bäri çempion bolmagy başarýar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynyň iň tejribeli emini – Rawşan Irmatow

Florentino Peres “Real Madridiň” prezidenti wezipesine täzeden saýlandy

«Arkadag» futbol toparynyň nobatdaky üstünligi

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy

Andoni Iraola “Liwerpul” toparynyň baş tälimçisi boldy

Özbek futbolçy Aziýanyň iň gymmat oýunçysy boldy