SPORT

“Garabag” çempion boldy

Azerbaýjanyň Futbol Federasiýasynyň ýerine ýetiriji geňeşi “COVID-19” pandemiýasy sebäpli ýurduň ýokary futbol çempionatyny ýatyrmagy we möwsümiň çempionyny şeýle-de UEFA-nyň gurnamagyndaky ýaryşlara gatnaşjak toparlary gazanan utuklar arkaly saýlamagy karar berdi.

Azerberjanyň Futbol Federasiýasy tamamlanmagyna 8 hepde galan futbol çempionatyny tamamlap, sanawda öňde barýan “Garabag” toparynyň çempion bolandygyny mälim etdi. 20 hepde dowam eden ligada 45 utuk gazanan “Karabag” topary bäsdeşlerinden üstün çykyp, çempion bolmagy başardy. “Garabag” topary geljek möwsümde UEFA tarapyndan geçiriljek Çempionlar ligasynda Azerbaýjana wekilçilik eder.

Azerbaýjanyň futbol çempionatynda 37 utuk bilen ikinji orna mynasyp bolan “Nebitçi” topary bilen birlikde 30 utuk bilen üçinji orna eýe bolan “Keşle” toparlary UEFA-nyň Ýewropa Ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

Related posts

Mario öz ýoluny Italiýada dowam edip biler

Katar-2022: dünýä çempionatynda 2-nji sensasiýa

Tokio 2020 oýunlary süýşirilmegine garaşylýar