DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Ženewada Halkara Zähmet Guramasy (HZG) tarapyndan guralan Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasy öz işine başlady. Bu giň gerimli forumda Türkmenistana zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Silapowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet wekilçilik edýär.

Wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa hem bar.

Bu maslahatda iş üpjünçiligi, durmuş goraglylygy we netijeli durmuş gepleşiklerini ösdürmek ulgamyndaky ählumumy wezipeleri ara alyp maslahatlaşylýar.

Maslahatyň çäklerinde türkmen edarasynyň ýolbaşçysy HZG-niň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Piter wan Roý bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depginine ýokary baha berdiler we bilelikdäki maksatnamalary amala aşyrmagyň barşyna jikme-jik seretdiler.

Söhbetdeşler milli zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmek, zähmeti goramak ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de mejbury we çaga zähmetiniň ulanylmagynyň öňüni netijeli almak meselelerine aýratyn üns berdiler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça hyzmatdaşlar Türkmenistanyň Hökümeti bilen HZG-niň arasyndaky Hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyny mundan beýläk-de ýerine ýetirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi

Hytaýyň ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna 200 kitaby sowgat berdi

“BP” kompaniýasy Azeri-Çyrag-Güneşli ýatagynda tebigy gaz önümçiligine başlady

Ata Watan Eserleri