DÜNÝÄ

1-10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl dabaralary guralar

Wise-premýer B.Orazdurdyýewa 21-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Täze ýyl baýramyny, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlanylan meýilnamalar barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 1 — 10-njy ýanwary aralygynda çagalar baglarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerde, medeni-dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerde Täze ýyl dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Çagalara niýetlenen sahna oýunlarydyr kinofilmleriň görkezilişleri, ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, ýurduň taryhy-medeni ýerlerine, muzeýlere gezelençler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçiriler.

Söwda-senagat edarasynda 1 — 10-njy ýanwar aralygynda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşjak bagtyýar körpelere Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşurylar. Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan hem-de Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentiň, Gahryman Arkadagyň adyndan Täze ýyl sowgatlaryny gowşurmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabaralary ýokary derejede geçirmegiň, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerini talabalaýyk guramagyň zerurdygyny belledi hem-de hödürlenen teklibi goldap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy

Tramp ABŞ bilen Eýranyň arasynda ylalaşygyň baglaşylandygyny mälim etdi

Donald Tramp 80 ýaşady

Türkmenistanda Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini dikeltmek işi dowam edýär

Türkmenistanyň ilçisi Filippinleriň Garaşsyzlyk gününiň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan Pekinde geçirilen Adam hukuklary ýokary derejeli foruma gatnaşdy